Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
33 verses
1Şeýlelikde, söýgüli çagalar ýaly bolup, Hudaýdan görelde alyň.
2Mesih bizi nähili söýen bolsa, Özüni biziň üçin atyr ysly sowgat, gurban hökmünde Hudaýa hödürlän bolsa, onda siz hem söýgüde geziň.
3Zynanyň, her hili hapalyk ýa açgözlügiň araňyzda ady-da agzalmasyn. Beýle zatlar mukaddeslere ýaraşýan däldir.
4Araňyzda edepsizlik, ýaňralyk, ýakymsyz ýaňsy bolmasyn. Bular ýaraşykly däldir. Munuň deregine şükür edilsin.
5Şuny bilip goýuň, hiç bir ahlaksyzyň, hapanyň ýa-da butparaz açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Patyşalygynda mirasy ýokdur.
6Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn, çünki Hudaýyň gazaby söz diňlemeýänleriň başyna şu zatlar zerarly gelýändir.
7Şonuň üçin olar bilen gatnaşyk etmäň.
8Siz bir wagtlar garaňkylykdyňyz, ýöne indi Rebde yşyksyňyz. Yşyga degişli ynsanlar bolup geziň.
9Çünki Ruhuň miwesi her hili ýagşylykdan, dogrulykdan we hakykatdan ybaratdyr.
10Rebbiň pisindi oturjak zady aňlajak boluň.
11Garaňkylygyň miwesiz işlerine gatyşmaň, gaýtam, olary paş ediň.
12Garaňkylykdakylaryň ogrynça edýän zatlaryny aýtmak aýypdyr.
13Ýöne yşygyň paş eden ähli zady görner. Çünki ähli zady äşgär edýän yşykdyr.
14Şonuň üçin: «Oýan, eý uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa yşyk saçar» diýilýär.
15Şeýlelikde, akylsyzlar ýaly däl-de, akyldarlar ýaly, ünsüňizi dykgatly gezmäge gönükdiriň.
16Pursatdan peýdalanyň, çünki günler ýamandyr.
17Munuň üçin akmak bolman, Rebbiň isleginiň nämedigine düşüniň.
18Şerapdan serhoş bolmaň, onda edepsizlik bardyr, Ruhdan doly boluň.
19Biri-biriňize mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyň, tüýs ýürekden Rebbe sazlar çalyp, nagmalar düzüň.
20Hemişe ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Ata Hudaýa şükür edip,
21Mesihe bolan uly hormatyňyz bilen birek-birege tabyn boluň.
22Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň.
23Çünki Mesihiň bedeniň Halasgäri bolup, imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, erkek hem aýalyň başydyr.
24Imanlylar ýygnagynyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýallar-da herki zatda öz ärine tabyn bolsun.
25Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň.
26Mesih imanlylar ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizläp, mukaddes etmek üçin,
27ony Özüne tegmiltsiz, ýygyrtsyz ýa-da şoňa meňzeş zatlarsyz şöhratda hödürlemek üçin, ýygnagyň mukaddes hem müýnsüz bolmagy üçin onuň ugrunda Özüni pida etdi.
28Şunuň ýaly hem ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir. Aýalyny söýýän özüni söýýändir.
29Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän, gaýtam, Mesihiň imanlylar ýygnagyny edişi ýaly, ony iýmitlendirip timarlaýandyr.
30Çünki biz Onuň etinden, süňkünden bolup, Onuň bedeniniň agzalarydyrys.
31«Şol sebäpden hem erkek ata-enesini goýup, aýaly bilen höwrüger we ikisi bir ten bolar».
32Bu syr uly, ýöne men Mesih barada, imanlylar ýygnagy barada gürrüň edýärin.
33Şeýlelikde, her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärini sylasyn.