Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
24 verses
1Eý çagalar, Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň, çünki bu dogrudyr.
2«Ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ýaşyň uzak bolar ýaly, ataňy, eneňi syla».
3Wada bilen berlen ilkinji buýruk şudur.
4Eý atalar, siz hem çagalaryňyzy gaharlandyrman, olary Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaldyň.
5Eý gullar, dünýädäki hojaýynyňyzyň sözüne, Mesihiň sözüne gulak asýan ýaly, gorky, titreme we akýüreklilik bilen gulak asyň.
6Adama ýaranjak bolýanlar ýaly, göze hoş görünsin diýip, iş bitirmän, eýsem, Mesihiň gullary hökmünde Hudaýyň islegini ýürekden berjaý ediň.
7Adamlara däl-de, Rebbe gulluk edýän ýaly, ýagşy niýet bilen gulluk ediň.
8Çünki gul bolsun, azat bolsun, her kimiň eden her ýagşylygynyň Rebden gaýtjagyny bilýänsiňiz.
9Eý hojaýynlar, siz hem gullaryňyza şeýle ediň, olara gorky salmaň. Çünki olaryň hem öz Rebbiňiziň Gökdedigini, Onuň tarapgöýlik etmeýänini bilýänsiňiz.
10Mahlasy, Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň.
11Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň.
12Çünki biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr.
13Şonuň üçin ýaman günde garşylyk görkezmegi, zerur bolan her zady edeňizden soň, ýeriňizde durmagy başarar ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny ele alyň.
14Şeýlelikde, biliňizi hakykat bilen guşap, egniňize dogrulyk sowudyny geýip,
15aýaklaryňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etme taýynlygyny geýip, ýeriňizde duruň.
16Bularyň ählisiniň üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz.
17Gutulyş tuwulgasyny, Hudaýyň sözi bolan Ruhuň gylyjyny alyň.
18Her hili doga we dileg bilen, hemişe Ruhda doga ediň. Şu maksat bilen bütin mukaddesler üçin ýalbaryp, durnuklylykda hüşgär boluň.
19Ugrunda zynjyr bilen bagly bolup, ilçilik edýän Hoş Habarymyň syryny batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin, agzymy her açanymda gerekli sözler berler ýaly, meniň üçin hem doga ediň.
20Hoş Habary bolmalysy ýaly batyrgaýlyk bilen bildirmegim üçin doga ediň.
21Meniň nähilidigimi, näme edýänimi siz biler ýaly, söýgüli doganymyz, Rebbiň sadyk hyzmatkäri Tihikus size bar zady aýdar.
22Ine, şunuň üçin hal-ýagdaýymyzy biliň, ol ýüregiňize teselli bersin diýip, Tihikusy size ýolladym.
23Ata Hudaýdan, Reb Isa Mesihden doganlara parahatlyk, iman, söýgi dileg edýärin.
24Hudaýyň merhemeti Rebbimiz Isa Mesihi ölmez-ýitmez söýgi bilen söýýänleriň bary bilen bolsun! Omyn.