Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
30 verses
1Mesih Isanyň guly men Pawlus we Timoteosdan Filipidäki gözegçiler hem hyzmatçylar bilen bilelikde Mesih Isada bolan ähli mukaddeslere salam!
2Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin!
3Men sizi her gezek ýatlanymda, Hudaýyma şükür edip,
4ilkinji günden tä şu wagta çenli Hoş Habary ýaýratmakda eden hyzmatdaşlygyňyz sebäpli,
5hemişe, her dogamda baryňyz üçin şatlyk bilen dileg edýärin.
6Sizde oňat işe başlan Hudaýyň Mesih Isanyň gününe çenli muny bitirjekdigine ynamym bar.
7Siziň baryňyz hakda şeýle oýlanmagym hakdyr, çünki siz meniň ýüregimdesiňiz. Zynjyrlar bilen bagly bolsam-da, Hoş Habary gorap, tassyklasam-da, siziň baryňyz Hudaýyň merhemetine meniň bilen paýdaşsyňyz.
8Mesih Isanyň söýgüsi bilen hemmäňizi nähili küýseýänligime Hudaý güwämdir.
9Siz Hudaýyň şöhraty hem öwgüsi üçin, Isa Mesihden gelen dogrulygyň miwesinden dolup,
10Mesih Isanyň gününe çenli sap, müýnsüz bolar ýaly,
11iň ýokary zatlara göz ýetirmegiňiz üçin, söýgiňiz bilim hem düşünjede barha artsyn diýip doga edýärin.
12Eý doganlar, meniň başdan geçirenlerimiň Hoş Habaryň ýaýramagyna ýarandygyny bilmegiňizi isleýärin.
13Çünki kaýsaryň tutuş köşgüni saklaýan esgerlere we beýlekilere meniň Mesih ugrunda zynjyrlar bilen baglydygym şonuň netijesinde mälim boldy.
14Doganlaryň aglabasy meniň zynjyrlar bilen baglydygym üçin Rebbe ynanyp, Hudaýyň sözüni gorkusyz sözlemekde öňküsinden hem köp batyrlyk görkezýärler.
15Käbirleri bahyllyk hem jedel bilen, käbirleri ýagşy niýet bilen Mesihi wagyz edýär.
16Olar meniň Hoş Habaryň goragçysy edip oturdylandygymy bilip, muny söýgi bilen edýär.
17Emma beýlekiler ýürek saplygy bilen däl-de, bendiligimde maňa muşakgat ýetirjek bolup, Mesihi igenjeňlik bilen wagyz edýär.
18Edilende näme? Isle bahana bilen, isle hakykat bilen, garaz, her ýol bilen Mesih wagyz edilýär. Men muňa şatlanýaryn we şatlanaryn.
19Çünki munuň siziň dogalaryňyz arkaly hem-de Isa Mesihiň Ruhunyň kömegi arkaly meniň gutulmagyma sebäp boljagyny bilýärin.
20Men hiç bir zatda utanjym bolman ýaşasam hem, ölsem hem, hemişekisi ýaly, Mesihiň häzir hem bedenimde öwgi bilen beýgeldilmegi üçin, doly gaýrat etmäge uly umyt bilen garaşýaryn.
21Çünki meniň üçin ýaşaýyş Mesih, ölüm hem gazançdyr.
22Bedende ýaşajak bolsam, bu maňa hasylly zähmet çekmäge pursat bolar. Şeýlelikde, haýsysyny saýlajagymy bilmeýärin.
23Her iki tarapa-da çekilýärin. Men aýrylmagy, Mesih bilen bolmagy arzuw edýärin, bu has gowudyr.
24Ýöne meniň bedende galmagym siziň üçin has gerekli.
25Men galjagymy açyk bilýärin.
26Ýene ýanyňyzda bolmagym bilen, men sebäpli Mesih Isada bolan magtanjyňyz artar ýaly, imanda ilerlemegiňiz, şatlanmagyňyz üçin, baryňyz bilen galaryn.
27Diňe gezişiňiz Mesihiň Hoş Habaryna mynasyp bolsun. Şeýlelikde, gelip, sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, hal-ýagdaýyňyzy eşitsem-de, siziň bir ruhda berk duranyňyzy, Hoş Habara bolan iman üçin bir jan bolup göreşýäniňizi, özüňize garşy çykýanlardan hiç zatda gorkmaýanyňyzy bileýin.
28Bu bolsa olara heläk boljaklaryny, size-de gutuljagyňyzy görkezýän belgidir. Bular hem Hudaý tarapyndyr.
29Çünki Mesihiň hatyrasyna Oňa diňe iman getirmek däl, eýsem, Onuň ugrunda görgi görmek hem size berlendir.
30Siziň alyp barýan göreşiňiz menden gören we häzir hem alyp barýanymy eşiden göreşiňizdir.