Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Şu wakalardan soň Reb Ybrama görnüp, oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».
2Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen maňa näme berjek? Men perzentsiz öterin! Hojalygym damaskly Eligezere miras galar.
3Sen maňa perzent bermänsoň, hojalygymdaky gulum maňa mirasdar bolar» diýdi.
4Ybrama Rebbiň şu sözi geldi: «Ol seniň mirasdaryň bolmaz, öz biliňden önjek seniň mirasdaryň bolar» diýdi.
5Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesilleriň bolar» diýdi.
6Ybram Rebbe iman etdi we Reb ony dogruçyl hasaplady.
7Reb Ybrama: «Şu ýurda eýe bolmagyň üçin seni babyllaryň Ur galasyndan çykaran Reb – Mendirin» diýdi.
8Ybram: «Eý Hökmürowan Reb! Özümiň şu topragyň eýesi boljakdygymy men nädip bilerin?» diýdi.
9Reb oňa: «Maňa üçýaşar göle, üçýaşar geçi, üçýaşar goç, gumry hem-de ýaş kepderi getir» diýdi.
10Ybram getirip, olaryň hersini iki bölege böldi we her bölegi öz jübütiniň garşysynda goýdy. Ýöne ol guşlary bölmedi.
11Ybram läşleriň üstünde aýlanyşýan çaýkelleri kowdy.
12Gün ýaşyp barýarka, Ybramy agyr uky basmarlady; onuň üstüne elhenç gorky howpy abandy.
13Reb Ybrama şeýle diýdi: «Sen şuny bilip goýgun, seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar we şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer.
14Emma Men seniň nesliňi gul eden halkyň jezasyny bererin. Şondan soň olar ummasyz mal-mülki bilen ol ýerden çykarlar.
15Sen bolsaň uzak ýaşap, asudalykda ölüp, ata-babalaryňa gowuşarsyň.
16Nesliňiň dördünji arkasy bu ýere dolanyp geler, çünki amorlaryň günäsi heniz jeza almak derejesine ýetenok».
17Gün ýaşyp, garaňky düşende, tüsseli ojak hem-de ýalynly çyra görnüp, bular haýwan bölekleriniň arasyndan geçipmiş.
18«Müsür derýasyndan tä beýik Perat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy – kabyllaryň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesilleriňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.