Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
15 verses
1Ybramyň aýaly Sare oňa çaga dogrup bermedi. Sareniň Hajar atly müsürli bir gyrnagy bardy.
2Bir gün Sare Ybrama: «Sered-ä, Reb meni çaga dogurmakdan saklady. Sen meniň gyrnagym bilen ýat. Belki, ol maňa çaga dogrup berer» diýdi. Ybram Sareniň sözüne gulak asdy.
3Şeýdip, Sare müsürli çorusy Hajary öz adamsy Ybrama aýallyga berdi. (Bu waka bolup geçende, Ybram Kenganda on ýyl ýaşapdy.)
4Ybram Hajar bilen ýatdy we Hajar göwreli boldy. Hajar özüniň göwrelidigini bilenden soň, öz bikesine ýigrenç bilen seretdi.
5Sare Ybrama: «Meniň mertebämiň peselmegine sen sebäp bolduň! Öz gyrnagymy seniň goýnuňa beren mendirin. Ol özüniň göwrelidigini bileni bäri, maňa ýigrenç bilen seredýär. Ikimizden haýsymyzyň mamladygymyzy, goý, Reb çözsün» diýdi.
6Ybram Sareýe: «Gyrnagyň öz eliňde. Sen oňa islän zadyňy et» diýdi. Şunlukda, Sare Hajara juda ýowuz daraşyp ugrady. Hajar ondan gaçyp gitdi.
7Rebbiň perişdesi Hajary çöl içindäki, Şur ýolundaky gözbaşyndan tapdy. Ol ondan: «Eý, Sareniň çorusy Hajar, nireden gelip, nirä barýarsyň?» diýip sorady. Hajar: «Bikäm Sareden gaçyp barýaryn» diýip jogap berdi.
9Rebbiň perişdesi Hajara: «Bikäň ýanyna dolan-da, oňa tabyn bol» diýdi.
10Rebbiň perişdesi sözüni dowam edip, Hajara: «Seniň nesliňi şeýle bir köpelderin welin, hatda olary sanap-da bolmaz.
11Sen häzir göwreli; seniň bir ogluň bolar. Sen onuň adyna Ysmaýyl dakarsyň, çünki Reb seniň ahy-nalaňy eşitdi.
12Ol ýabany eşek ýaly bir adam bolar. Ol her kese, her kes hem oňa garşy bolar. Ol öz doganlarynyň hiç biri bilen oňuşmaz».
13«Men, hakykatdan-da, özüme Üns Berýän Hudaýy gördüm» diýip, Hajar özi bilen gepleşen Rebbi «Görýän Hudaý» diýip atlandyrdy.
14Şoňa görä-de Kadeş bilen Berediň arasyndaky ol guýy «Beýer-lahaýroý» diýip atlandyrylandyr.
15Hajar Ybrama bir ogul dogrup berdi. Ybram oglunyň adyna Ysmaýyl dakdy.
16Hajar Ysmaýyly dogranda, Ybram segsen alty ýaşyndady.