Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
23 verses
1Şeýdip, tutuş älem-jahanyň we ondaky ähli zatlaryň ýaradylyşy tamamlandy.
2Hudaý ýedinji günde ähli işini tamamlap, Ol şol gün dynç aldy.
3Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady, çünki Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy.
4Reb Hudaý gögi we ýeri ýaradanda bolup geçen wakalar şulardyr: Reb Hudaý ýeri we gögi ýaradanda,
5(ýer ýüzünde heniz gyrymsy agaç ösmändi we gök ot bitmändi, çünki Reb Hudaý ýere ýagyş ýagdyrmandy; ýeri bejermek üçin entek hiç kim ýokdy; ýöne ýeriň astyndan suw çykyp, ol tutuş ýeri suwarardy).
7Reb Hudaý ýeriň topragyndan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.
8Reb Hudaý gündogarda ýerleşen Eremde bag oturdyp, adamy şol ýerde ýerleşdirdi.
9Reb Hudaý ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: ýaşaýyş berýän daragty hem-de ýagşy-ýamany saýgaryş daragty bardy.
10Erem bagyny suwarýan derýa, Eremiň içinden akyp geçip, bagyň gutaran ýerinde dört derýa bölünýär.
11Birinji derýanyň ady Pişondyr; ol derýa altyna baý bolan bütin Hawyla ýurdunyň içinden akyp geçýär. Ol ýerde sap altyn, bdolah hem-de hakyk diýen gymmatbaha daşlar bar.
13Ikinji derýanyň ady – Gihondyr. Ol tutuş Kuş ýurdunyň içinden akyp geçýär.
14Üçünji derýanyň ady – Tigrdir. Ol Aşuryň gündogaryndan akyp geçýär. Dördünji bolsa Perat derýasydyr.
15Erem bagyny işläp bejereri we oňa gözegçilik ederi ýaly, Reb Hudaý adamy ol bagda ýerleşdirdi.
16Reb Hudaý adama şeýle emr etdi: «Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň.
17Ýöne sen ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň».
18Reb Hudaý: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi.
19Reb Hudaý ähli haýwanlary, guşlary toprakdan döretdi we adamyň olary atlandyryşyny görmek üçin, olary onuň ýanyna getirdi. Adam ähli janly-jandarlara näme at beren bolsa, şol-da olaryň ady boldy.
20Şunlukda, adam ähli mallara, guşlara, ähli haýwanlara at berdi. Ýöne adamyň özüne laýyk kömekçi tapylmady.
21Reb Hudaý adamy agyr uka giderdi; adam ukudaka, Reb onuň bir gapyrgasyny alyp, boşap galan ýerini et bilen örtdi.
22Reb Hudaý adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi.
23Adam ony görüp: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir; ol aýal bolar, çünki ol ärinden alnandyr» diýdi.
24Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen ýapyşýar we olaryň ikisi bir ten bolýar.
25Adam-da, onuň aýaly-da ýalaňaçdylar, olar heniz utanmany bilmeýärdiler.