Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
24 verses
1Ýylan Reb Hudaýyň ýaradan haýwanlarynyň hemmesinden mekirdi. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady.
2Aýal ýylana şeýle jogap berdi: «Bagdaky agaçlaryň miwelerinden iýmäge biziň ygtyýarymyz bar.
3Ýöne Hudaý: „Siz bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmelem dälsiňiz, oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz“ diýdi».
4Ýylan aýala şeýle diýdi: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz.
5Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşy-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär».
6Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.
7Olaryň gözleri açyldy we özleriniň ýalaňaçdyklaryny bildiler. Olar injir agajynyň ýapraklaryny biri-birine birleşdirip, özlerine örtgi edindiler.
8Salkyn aralaşanda, adam aýaly bilen bagda gezmeläp ýören Reb Hudaýyň sesini eşidip, bagdaky agaçlaryň arasynda Onuň huzuryndan gizlendiler.
9Reb Hudaý adamy çagyryp: «Sen nirede?» diýdi.
10Adam: «Men bagda, Seniň sesiňi eşidip, gorkup gizlendim, çünki men ýalaňaçdym» diýdi.
11Reb Hudaý ondan: «Ýalaňaçdygyňy saňa kim aýtdy? Iýme diýip gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiňmi?» diýip sorady.
12Adam: «Miwäni Seniň maňa beren aýalyň alyp berdi. Men hem iýdim» diýdi.
13Reb Hudaý aýaldan: «Bu näme etdigiň boldy?!» diýip sorady. Aýal: «Ýylan maňa aldap iýdirdi» diýdi.
14Reb Hudaý ýylana: «Şeýle edeniň üçin, Ähli mallaryň we haýwanlaryň Iň nälet siňeni sen bolarsyň. Garnyňyň üstünde süýrenip gezersiň sen, Ömürboýy toprakdan iýmitlenersiň sen.
15Seniň bilen aýalyň, Seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, Duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, Sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.
16Reb Hudaý aýala şeýle diýdi: «Göwrelilik döwrüňdäki hasratyňy has artdyraryn, Agyr burgy bilen dograrsyň çagalaryňy sen, Sen äriňe meýilli bolarsyň, Emma ol höküm sürer seniň üstüňden».
17Adama bolsa Reb Hudaý şeýle diýdi: «Sen aýalyňyň gepine gitdiň, „Iýme“ diýip, gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiň. Seniň eden işiň sebäpli, Men topragy näletländirin. Sen toprakdan ömürboýy muşakgatlyk bilen iýmitlenersiň.
18Toprak saňa akbaş-ýandak öndürip berer. Sen meýdan otlaryny iýersiň.
19Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň, Nany maňlaý deriňi döküp iýersiň. Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň».
20Adam aýalyna How diýip at dakdy. Çünki How ähli ýaşaýanlaryň enesi boldy.
21Reb Hudaý adam bilen onuň aýalyna deriden eşikler edip, olary geýindirdi.
22Reb Hudaý: «Ine, adam ýagşy-ýamany saýgaryp, Biziň Birimiz kimin boldy. Olar indi ýaşaýyş agajyna el uzadyp, onuň miwesindenem iýip, ebedi ýaşaýmasynlar» diýdi.
23Şoňa görä öz alnan topragyny işläp bejereri ýaly, Reb Hudaý adamy Erem bagyndan çykardy.
24Ol adamy bagdan kowdy; soňra Ol ýaşaýyş agajyna barýan ýoly goramak üçin, bagyň gündogarynda kerup hem-de aýlanyp durýan ýalynly gylyjy goýdy.