Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
28 verses
1Hudaý Ýakuba: «Beýtele git-de, şol ýerde mesgen tut. Doganyň Ysawdan gaçyp barýarkaň, özüňe görnen Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasa» diýdi.
2Şeýdip, Ýakup maşgalasyna we ýanyndakylara ýüzlenip: «Keseki hudaýlaryňyzy taşlaň, tämizleniň we geýimleriňizi çalşyryň.
3Geliň, Beýtele gideliň. Ol ýerde hasratly günümde maňa kömek eden we giden ýerimde meniň bilen bolan Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasaýyn» diýdi.
4Şondan soň olar öz keseki hudaýlaryny we gulakhalkalaryny Ýakuba berdiler. Ýakup olary Şekemiň golaýyndaky dub agajynyň aşagynda gizledi.
5Soňra olar ýola düşdüler. Ýakubyň ogullaryny hiç kim yzarlamaz ýaly, töwerekdäki galalaryň ählisiniň ilatyny Hudaýyň gorkusy gaplady.
6Ýakup öz adamlary bilen Kengandaky Luza, ýagny häzirki Beýtele geldi.
7Ýakup ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ol ýeri «Beýteliň Hudaýy» diýip atlandyrdy, çünki Ýakup doganyndan gaçyp barýarka, şol ýerde oňa Hudaý görnüpdi.
8Rebekanyň enekesi Debora aradan çykdy we ol Beýteliň golaýyndaky dub agajynyň düýbünde jaýlandy. Şeýdip, bu agaç Alon-bakut diýlip atlandyryldy.
9Ýakup Padanaramdan gaýdyp gelenden soň, Hudaý Ýakuba ýene-de görnüp, oňa pata berdi.
10Hudaý Ýakuba: «Seniň adyň häzir Ýakup, ýöne mundan beýläk seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar» diýdi. Şeýdip, Ol onuň adyna Ysraýyl dakdy.
11Soňra Hudaý ýene: «Men Gudratygüýçli Alladyryn. Örňäň, köpeliň. Senden millet we birtopar millet dörär, seniň nesilleriňden şalar çykar.
12Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we seniň nesliňe bererin» diýdi.
13Hudaý Ýakup bilen sözleşen Ybraýymyň ýanyndan ýokary göterildi.
14Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerinde uly daş dikdi we onuň üstüne içgi sadakasyny hem-de zeýtun ýagyny dökdi.
15Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerini Beýtel diýip atlandyrdy.
16Olar Beýtelden ugradylar. Eprat welaýatyna ýetmäge sähel menzil galanda, ýolda Raheliň çagasynyň bolmaly pursaty gelip, ony agyr burgy tutup ugrady.
17Agyr burgy tutýarka, göbek ene oňa: «Gorkma, ine, seniň munyň-da ogul!» diýdi.
18Jany çykyp barýan Rahel ogluna Benony diýip at dakdy. Ýöne kakasy onuň adyna Benýamin goýdy.
19Şeýdip, Rahel dünýäden ötdi. Ol Eprata, ýagny Beýtullahama gidilýän ýoluň gyrasynda jaýlanyldy.
20Ýakup Raheliň guburynyň üstünde bir uly daş dikdi. (Şol daş Raheliň guburynyň üstünde şu güne çenli hem dur.)
21Ysraýyl ýene ýoluny dowam etdirdi. Ol Eder diňiniň aňyrsynda öz çadyryny dikdi.
22Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi. Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun;
24Onuň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin;
25Onuň Raheliň gyrnagy Bilhadan bolan ogullary: Dan, Naftaly;
26Onuň Leýanyň gyrnagy Zilpadan bolan ogullary: Gat, Aşer. Bu Ýakubyň Padanaramda doglan ogullarydy.
27Ýakup Ybraýym bilen Yshagyň gelmişek bolup ýaşan ýeri bolan Mamra, ýagny Kyrýatarba (Hebrona) kakasy Yshagyň ýanyna geldi.
28Yshak ýüz segsen ýyl ömür sürdi.
29Ol garrap dünýäden ötüp, ata-babalaryna gowuşdy. Ogullary Ysaw bilen Ýakup ony jaýlady.