Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
36 verses
1Ysawyň, ýagny Edomyň nesilleri şulardyr.
2Ysaw Kengan gyzlaryna öýlendi. Ol het Eýlonyň gyzy Ada, hiwi Sibgonyň ogly, Ananyň gyzy Oholybama hem-de Ysmaýylyň gyzy, Nebaýotyň aýal dogany Bosmata öýlendi.
4Ada Ysawa Elipazy, Bosmat Reguwaly,
5Oholybama bolsa Ýeguşy, Ýaglamy we Korany dogrup berdi. Ine, şular Ysawyň Kengan ýurdundaka doglan ogullarydyr.
6Ysaw aýallaryny, ogul-gyzlaryny, hojalygyndakylaryň ählisini, mallaryny hem-de Kenganda gazanan ähli emlägini alyp, dogany Ýakubyň ýanyndan aýrylyp, başga ýere gitdi.
7Olaryň maly juda köpdi. Şeýle bolansoň, olar bir ýerde ýaşap biljek däldiler, olaryň dowarlaryna öri darlyk edýärdi.
8Ysaw, ýagny Edom Segir daglygynda ýaşady.
9Segir daglygyndaky edomlaryň atasy bolan Ysawyň nesilleri şulardyr.
10Olaryň atlary şeýledir: Ysawyň aýaly Adadan bolan ogly Elipaz, Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogly Reguwal.
11Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Gatam we Kenaz.
12(Timna Ysawyň ogly Elipazyň gyrnak aýalydy. Ol Elipaza Amalegi dogrup berdi.) Şular Ysawyň aýaly Adadan bolan ogullarydyr.
13Reguwalyň ogullary: Nahat, Zera, Şamma we Miza. Bular Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogullarydyr.
14Ysawyň aýaly, Sibgonyň ogly, Ananyň gyzy Oholybama Ysawa şu ogullary: Ýeguşy, Ýaglamy we Korany dogrup berdi.
15Ysawyň nesillerinden dörän urugbaşylar şulardyr: Ysawyň nowbahar ogly Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Kenaz, Kora, Gatam we Amalek. Şular Elipazyň Edom ýurdundaky ogullarydyr; olar Ysawyň Adadan bolan ogullarydyr.
17Ysawyň ogly Reguwalyň ogullary şulardyr: urugbaşylar Nahat, Zera, Şamma, Miza. Bular Reguwalyň Edom ýurdundaky ogullarydyr. Olar Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogullarydyr.
18Ysawyň aýaly Oholybamadan bolan ogullary: Ýeguş, Ýalam, Kora. Bular Ysawyň Ananyň gyzy Oholybamadan bolan ogullarydyr.
19Bularyň hemmesi Ysawyň ýagny Edomyň ogullarydyr.
20Hory Segiriň ogullary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Ezer, Dişan. Olar ýurduň ýaşaýjylarydyr we horlaryň urugbaşylarydyr. Bular Segiriň Edom ýurdundaky ogullarydyr.
22Lotanyň ogullary şulardyr: Hory, Heýman. Timna Lutuň aýal doganydy.
23Şobalyň ogullary: Alwan, Manahat, Eýbal, Şepo, Onam.
24Sibgonyň ogullary: Aýa, Ana (bu şol kakasynyň eşeklerini bakyp ýörkä, çölde gyzgyn suwly çeşmeleri tapan Anadyr).
25Ananyň çagalary: Dişon we gyzy Oholybama.
26Dişonyň ogullary: Hemdan, Eşban, Ýitran, Keran.
27Ezeriň ogullary: Bilhan, Zagawan, Akan.
28Dişanyň ogullary: Us, Aran.
29Segir ýurdundaky uruglaryna görä hory urugbaşylary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Ezer, Dişan.
31Ysraýyllara hiç bir patyşa şalyk etmezden öňki Edom ýurdunda höküm süren patyşalar şu aşakdakylardyr.
32Begoryň ogly Bala Edomda patyşalyk etdi. Onuň paýtagt galasynyň ady Dinhabadyr.
33Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.
34Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy.
35Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap topragynda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy.
36Hadat dünýäden ötüp, onuň ýerine masrekaly Samla patyşa boldy.
37Samla dünýäden ötüp, onuň ýerine Perat derýasynyň boýundaky Rehobotdan bolan Şawul tagta çykdy.
38Şawul dünýäden ötüp, onuň ýerine Akboryň ogly Bagalhanan patyşa boldy.
39Akboryň ogly Bagalhanan dünýäden ötüp, onuň ýerine Hadar patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Pagudyr. Meýzahabyň agtygy, Matrediň gyzy Meheýtabel onuň aýalydyr.
40Uruglary, ýurtda mesgen tutýan ýerleri hem atlary boýunça Ysawdan dörän Edom urugbaşylary şulardyr: Timna, Alwa, Ýetet, Oholybama, Ela, Pinon, Kenaz, Teýman, Mibsar, Magdyýel, Iram. Bu uruglaryň hemmesi Ysawdan dörediler.