Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Habakuk pygambere aýanlyk üsti bilen gelen pygamberlik.
2Ýa Reb, haçana çenli medet diläp perýat edeýin? Sen gulak salýaňmy? Zulumdan perýat edýän, Ýöne Sen halas etmeýäň.
3Näme üçin pisligi maňa gördürýäň? Ýamanlyga neneň çydaýaň? Zorluk we zulum gözümiň alnynda, Uruş-galmagalyň, jenjeliň soňy gelenok.
4Şonuň üçin kanunyň güýji ýok, Adalata ýol ýok, Erbetler dogruçyllardan üstün çykýarlar, Şeýdibem, hakykat ýoýulýar.
5«Milletlere serediň! Haýran galyň! Siziň günleriňizde Etjek işimi eşideniňizde, Gulagyňyza ynanmarsyňyz.
6Özgeleriň ýurtlaryny eýelejek bolup, Dünýäniň çar tarapyna ýöriş edýän Rehimsiz we zalym babyl milletini Size garşy öjükdürerin.
7Aýylganç hem gorkunçdyrlar, Öz düzgünlerine görä hereket edýärler.
8Atlary barsdan ýüwrük, Özlerem gijeki aç gurtdan guduz, Atlylary uzakdan ýer gazap gelýär, Aw üstüne topulýan bürgüt dek okdurylýarlar.
9Zulum etmekde olaryň hyýaly, Çölüň ýeli kimin öňe dyzaýar, Ýesirleri çäge kimin toplaýarlar.
10Patyşalary masgaralaýarlar, Hökümdarlary ýaňsylaýarlar, Galalaryň üstünden gülýärler, Ýanynda depe ýasap, ele salýarlar.
11Olar ýel kimin geçip gidýärler. Bu günäli adamlaryň hudaýy – öz güýçleridir».
12Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllary bize höküm etsin diýip saýladyň, Eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň.
13Pisligi görerden päkdir gözleriň, Ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen, Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýäň, Erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen näme dymýarsyň?
14Sen ynsanlary deňizdäki balyklar ýaly, Serdarlary bolmadyk süýrenijiler ýaly etdiň.
15Duşmanlar olary çeňňek bilen tutýarlar, torlary bilen awlaýarlar, giň torda gyra çekip çykarýarlar. Muňa şatlanyp, heşelle kakýarlar.
16Olar hudaýlary hökmünde toruna gurbanlyk berýärler, Toruň hatyrasyna ýakymly ysly tütetgi ýakýärlar, Çünki tory olary lezzetli durmuş, Bol saçak bilen üpjün edýär.
17Torlaryny boşatmagyny dowam ederlermi? Milletleri rehimsizlik bilen gyrarlarmy?