Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
19 verses
1Ganhor şäheriň dat gününe! Kezzaplykdan, oljalardan dolusyň, Tükenmezdir seniň talaňçylygyň!
2Gamçy sesi, Araba tigirleriniň takyrdysy, Çapýan atlaryňdyr söweş arabalarynyň tapyrdysy!
3Atly goşun hüjüm edýär, Gylyç ýalpyldap, naýza bark urýar, Üýşmek-üýşmek meýitler, San-sajaksyz läşler, Maslyklara büdreýärler!
4Bularyň bary zynahorluk edendigiň üçin, Jadygöýlügiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin, Jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin, Gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy.
5Hökmürowan Reb: «Men seniň duşmanyňdyryn, eý, Ninewe halky!» diýýär. «Eşigiňi sypyryp, Milletlere ýalaňaçlygyňy görkezerin, Patyşalyklara aýbyňy açaryn.
6Üstüňe nejislik ýagdyryp, Ile ryswa ederin, Tomaşa öwürerin.
7Seni görenleriň bary gaçyp, şeýle diýerler: „Ninewe haraba öwrüldi, Kim onuň ýasyny tutar?“ Saňa teselli berjekleri nireden tapaýyn?»
8Töweregi suw bilen gurşalan, Niliň kenaryndaky deňiz galaly, Suw berkitmeli No-Amondan niräň artyk?
9Efiopiýa bilen Müsür onuň çäksiz güýjüdi, Put we Liwiýa onuň kömekçileridi.
10Emma şonda-da No-Amon halky tutulyp sürgün edildi, Çagalary her köçäniň başynda daşa urlup öldürildi, Onuň emeldarlary üçin bije atyldy, Beýik adamlar zynjyrlandy.
11Sen hem, eý, Ninewe, serhoş bolup, Huşuňdan gidip ýykylarsyň, Duşmanlardan özüňe pena agtararsyň.
12Ähli galalaryň injir agajynyň ilki ýetişen miwesi kimindir; Silkelenende, iýýäniň agzyna düşýär.
13Esgerleriňe seret, Olar araňyzda heleý ýalydyrlar! Ýurduňyň derwezeleri Duşmanlaryňa gujak açýar, Derwezäň kiltleri küle öwrüldi.
14Gabaw döwri üçin suw çek, Galalaryňy berkit, Laýy depeläp, Palçygy eýle, Kerpiç galybyny taýýynla!
15Şol ýerde ýanyp kül bolarsyň, Sen gylyçdan ölersiň, Seni çekirtgäniň ekini ýalmaýşy dek ýalmar. Çekirtgelerçe köpel, Teneçirlerçe örňe!
16Söwdagärleriň sanyny köpeltdiň, Olar göklerdäki ýyldyzlardan-da köp, Emma olar çekirtge deý ülkäňi talap, uçup gidýärler.
17Goragçylaryň teneçirler, Baştutanlaryň çekirtge sürüleri ýaly, Olar Günüň sergin çagynda haýatlarda ornaşyp, Gün dogan badyna gaýyp bolýarlar, Niredediklerini bilýän ýokdur.
18Eý, Aşur şasy, Baştutanlaryň gözleri ýumlandyr, Tanymal adamlaryň uka gidendir, Halkyň daglara dagady, Olary bir ýere jemläre hiç kim ýok.
19Derdiňe derman bolmaz, Ýaralaryň gutulmaz, Seniň başyňa gelenini eşiden her kes Begenjinden el çarpar, Çünki seniň dynuwsyz zulmuňdan Heý, gaçyp gutulan boldumy?