Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
40 verses
1Iman bolsa, umyt edilen zatlara bil baglamak, görünmeýän zatlara ynamdyr.
2Atalarymyz Hudaýyň berekellasyny şunuň bilen gazandylar.
3Biz älemiň Hudaýyň buýrugy bilen ýaradylandygyna, şeýle hem görünýän zatlaryň görünmeýän zatlardan dörändigine iman arkaly düşünýäris.
4Habylyň Hudaýa Kabylyňkydan gowy gurban hödürlemegi iman arkaly boldy. Ol iman bilen dogry adam bolup, Hudaýyň berekellasyny gazandy. Çünki Hudaý onuň hödürlän sylaglaryny kabul etdi. Şeýlelikde, Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzir-de gepleýär.
5Hanok ölümi görmez ýaly, iman arkaly ýokary alyndy, hiç kim ony tapyp bilmedi. Çünki Hudaý ony ýokary alypdy. Ýokary alynmazyndan ozal, onuň Hudaý tarapyndan halanýanlygyna güwä geçildi.
6Iman etmezden, Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir. Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna, Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir.
7Iman arkaly Nuh entek görülmedik wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Hudaýdan gorkup, içersiniň gutulmagy üçin bir gämi ýasady. Şonuň bilen dünýä höküm etdi, imana daýanan dogrulygyň mirasdary boldy.
8Ybraýym iman arkaly miras alan ýurduna gitmäge çagyrylanda, bu söze gulak asyp, nirä barýanyny bilmän ýola düşdi.
9Ol iman arkaly bir ýat adam hökmünde wada edilen ýurtda ornaşdy. Şol wada şärik mirasdarlar bolan Yshak we Ýakup bilen bile çadyrlarda ýaşady.
10Çünki ol ussasy, gurujysy Hudaý bolan berk esasly şähere garaşýardy.
11Sara, ýaşy öten hem bolsa, göwreli bolmaga iman arkaly kuwwat tapdy, çünki ol wada beren Hudaýy ynamdar saýdy.
12Şeýdip hem täk bir adamdan, özem öli ýaly birinden köplükde Gökdäki ýyldyzlar ýaly, deňiz kenaryndaky çägeler ýaly sansyz-sajaksyz zürýat öndi.
13Bu adamlaryň bary ölýänçä imandan dänmedi. Wada edilenlere gowuşman, olary uzakdan görüp, hoş garşylap, özleriniň ýer ýüzünde ýat hem mysapyrdyklaryny boýun aldylar.
14Beýle gepleýänler özleriniň bir watan agtarýandygyny açyk görkezýärler.
15Aslynda olar çykyp gaýdan ýurtlaryny ýatlaýan bolsalar, onda yzlaryna dönmäge pursatlary bolardy.
16Emma olar has gowusyny, ýagny asmandaky watany arzuwlaýardylar. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Çünki olar üçin bir şäher taýýarlady.
17Ybraýym synalanda, iman arkaly Yshagy gurban hökmünde hödürledi.
18Wadalary alan, hakynda «seniň nesliň Yshak bilen dowam eder» diýlen şol ýalňyz ogluny hödürledi.
19Ybraýym Hudaýyň ölüleri hem direltmegi başarjagyna pikir etdi, şoňa görä hem alamat şekilinde Yshagy ölümden alyp galdy.
20Iman arkaly Yshak hem geljek zatlar hakda Ýakup we Ysuwa ak pata berdi.
21Ýakup ölüp barýarka Ýusubyň ogullarynyň ikisine-de iman arkaly ak pata berdi, hasasynyň başyna söýenip, Hudaýa sežde etdi.
22Ýusup hem ölüp barýarka, Ysraýyl ogullarynyň Müsürden çykjagyny iman arkaly agzap, öz süňkleri hakda buýruk berdi.
23Musa doglanda, ene-atasy ony iman arkaly üç aýlap gizlin sakladylar, olar oglanyň görmegeýdigini görüp, patyşanyň permanyndan gorkmadylar.
24Musa ulalanda, Faraonyň gyzynyň ogly diýip tanalmakdan iman arkaly boýun gaçyrdy.
25Ol az salym günäniň sapasyny sürmekden, Hudaýyň halky bilen bile horluk görmegi gowy gördi.
26Mesih ugrunda çeken sütemini Müsüriň hazynalaryndan uly baýlyk saýdy. Çünki ol öz aljak sylagyna garaýardy.
27Patyşanyň gazabyndan gorkman, iman arkaly Müsüri terk etdi. Görünmezi göreni üçin berk durdy.
28Ilkinji doglanlary öldürýän perişdäniň ysraýyllylara el degirmezligi üçin, Musa iman arkaly Pesah gurbanynyň öldürilmegini, gapylara gan sepilmegini buýurdy.
29Ysraýyllylar iman arkaly Gyzyl deňizden gurak ýerden geçýän ýaly geçdiler. Müsürliler hem muňa synanyşyp gark boldular.
30Ysraýyllylar ýedi günläp Erihanyň daşyndan aýlananlaryndan soň, imanlary arkaly diwarlar ýykyldy.
31Rahaw kemçin içalylary imany arkaly dostlukly garşylany üçin, iman getirmedikler bilen bile heläk bolmady.
32Başga näme aýdaýyn? Çünki Gideon, Barak, Şimşon, Ýeftah, Dawut, Samuýel we pygamberler hakdakylary aýtmaga wagtym ýeterlik däl.
33Olar iman arkaly ençeme patyşalygy ýeňdiler, adalaty emele getirdiler, wadalara ýetdiler, arslanlaryň agzyny bagladylar.
34Oduň güýjüni söndürdiler, gylyjyň ýitiliginden gaçyp gutuldylar, ejizlikden güýç aldylar, söweşde kuwwatlanyp, ýat goşunlary derbi-dagyn etdiler.
35Aýallar direlen ölülerini yzyna aldylar. Beýlekiler bolsa has oňat direlişe ýetjek bolup, boşadylmagy kabul etmän gynaldylar.
36Birtoparlary hem kemsitmelere, gamçylanmalara sezewar boldy, beýlekiler hem zynjyrlar bilen baglanyp tussag edildi.
37Olar daşlandylar, byçgylandylar, gynaldylar, gylyçdan geçirilip öldürildiler. Goýun derisini, geçi hamyny geýip sergezdançylyk çekdiler, mätäçlik, muşakgat, horluk gördüler.
38Dünýä olara laýyk däldi. Olar çöllerde, daglarda, gowaklarda, Ýeriň köweklerinde awara bolup gezdiler.
39Olaryň bary iman arkaly Hudaýyň berekellasyny gazanan hem bolsa, wada edilen zada gowuşmady.
40Çünki olar bizden aýry kämillige ýetmez ýaly, Hudaý biziň üçin bir has gowy zady taýýarlapdy.