Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
39 verses
1Mukaddes Kanun geljekki oňat zatlaryň asly däl-de, kölegesidir. Şu sebäpli her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlar bilen Hudaýa ýakynlanlary hiç haçan kämillige ýetirip bilmez.
2Ýetirip bilsedi, onda gurban hödürlemek bes edilmezmidi? Çünki ybadat edenlerde bir gezek günäden tämizlenenden soň, indi günä aňy galmazdy.
3Emma ol gurbanlar günäleriň barlygyny her ýyl ýada salýar.
4Çünki öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleriň aýrylmagy mümkin däldir.
5Munuň üçin Mesih dünýä gelýärkä diýýär: «Gurban, sowgat islemän, Maňa bir beden taýýarladyň.
6Ähli ýakylýan sowgatlary, günä üçin hödürlenýän gurbanlary halamadyň.
7Şonda Men diýdim: Kanun kitabynda Men hakda ýazylyşy ýaly, Seniň islegiňi berjaý etjek bolup, Eý Hudaýym, ine, Men geldim».
8Ozal Kanuna görä hödürlenenler hakda «gurbanlary, sowgatlary, ähli ýakylýan sowgatlary, günä üçin hödürlenýän gurbanlary islemediň, halamadyň» diýdi.
9Soňra-da «Eý Hudaý, Seniň islegiňi berjaý etjek bolup, ine, Men geldim» diýdi. Şeýdip, Mesih ikinjini berkarar etmek üçin, birinjini aradan aýyrýar.
10Biz bu isleg boýunça Isa Mesihiň bedeniniň bir gezek hödürlenmegi bilen mukaddes edildik.
11Her bir ruhany bolsa günuzyn durup, gulluk edip, günäleri asla ýuwup bilmeýän şol bir gurbanlary öwran-öwran hödürleýär.
12Emma Mesih günäleriň deregine hemişelik üçin diňe bir gurban hödürländen soň, Hudaýyň sagynda oturdy.
13Şondan bäri hem duşmanlarynyň Öz aýaklarynyň astyna basgançak edilmegine garaşýar.
14Çünki mukaddes edilenleri diňe bir gurban bilen hemişelik kämillige ýetirdi.
15Mukaddes Ruh hem bu hakda bize güwä geçýär. Ilki:
16«Reb: Ol günlerden soň olar bilen baglajak ähtim budur diýýär: Kanunlarymy olaryň ýüregine goýup, bulary aňlaryna ýazaryn» diýýär.
17Onsoň: «Indi olaryň günälerini, kanunsyzlyklaryny ýada salmaryn» diýýär.
18Bularyň bagyşlanan ýerinde, indi günä üçin gurban bolmaz.
19Şoňa görä, eý doganlar, Isanyň gany bilen tutudan geçmäge, ýagny Öz bedeninden bize açan täze hem diri ýolundan mukaddes ýere girmäge bizde gaýrat bardyr.
20Hudaýyň öýüne jogapkär uly Ruhanymyz hem bardyr.
21Şoňa görä, ýüregimiz erbet ynsapdan tämizlenip, bedenlerimiz tämiz suw bilen ýuwlup, imanyň beren ynamy bilen çyn ýürekden Hudaýa ýakynlaşalyň.
22Umydymyzyň ykraryny berk saklalyň.
23Çünki wadany beren Hudaý ynamdardyr.
24Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň.
25Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam, ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň.
26Çünki hakykaty bilenimizden soň, bilgeşleýin günä etsek, günäler üçin indi gurban galman,
27diňe garaşylan hökümiň howpy, duşmanlary ýuwutjak gyzgyn ot galar.
28Musanyň kanunyny ret eden adam, iki ýa üç güwäniň sözi bilen rehimsiz ölýär.
29Hudaýyň Ogluny basalan, özüni mukaddes eden ähtiň ganyny mukaddes hasaplamadyk, merhemet Ruhuny ryswa eden adam mundan näçe agyr jeza sezewar bolar öýdýärsiňiz?
30Çünki biz, «Öç Meniňkidir, almytyny Men berjek», ýene-de «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar» Diýeni tanaýarys.
31Diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir!
32Siz bolsa ýagtylyga çykanyňyzdan soň, görgüler bilen uly göreşe döz gelen ilki günleriňizi ýada salyň.
33Siz bir tarapdan aç-açan sütemler hem muşakgatlara sezewar edildiňiz, bir tarapdan hem şeýle ýagdaýlara uçranlara ýoldaş bolduňyz.
34Çünki siz hem tussaglykda çeken dertlerime şärik bolduňyz, hem-de özüňiziň oňat, durumly malyňyzyň barlygyny bilip, mallaryňyzyň talanmagyny begenç bilen unadyňyz.
35Şeýlelikde, gaýratyňyzy elden bermäň, onuň sylagy uludyr.
36Çünki Hudaýyň islegini berjaý edeňizden soň wada gowşar ýaly, sabyr size gereklidir.
37Çünki az salymdan soň: «Geljek geler, gijä galmaz.
38Meniň dogry adamym iman bilen ýaşar. Eger-de yza çekilse, Men ony halamaryn».
39Biz yza çekilip, heläklenýänlerden däl-de, iman edip gutulýanlardandyrys.