Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
28 verses
1Ilkinji ähtiň hem ybadat dessurlary, dünewi ybadathanasy bardy.
2Bir çadyr gurlupdy. Mukaddes Jaý diýilýän birinji bölümde şemdan, saçak, Hudaýa hödürlenip goýlan çörekler bolardy.
3Ikinji tutynyň aňyrsynda Iň Mukaddes Jaý diýilýän içki bölüm bardy. Altyn buhurdan, bütinleý gyzyl bilen gaplanan äht sandygy bu ýerdedi.
4Sandygyň içinde gyzyldan ýasalan manna gaby, Harunyň güllän hasasy, ýüzi ýazgyly daş sahypalar bardy.
5Sandygyň üstünde günäleriň ötülýän ýerine kölege salyp duran şöhrat kerubileri bolardy. Ýöne entek bulardan birin-birin gürrüň edip bilmeýäris.
6Şeýle gurluşda ruhanylar mydama çadyryň ilkinji bölümine girip, Hudaýa hyzmatlaryny berjaý edýär.
7Emma içki bölüme ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýär. Ol hem özi üçin, halkyň nadanlykdan eden ýazyklary üçin hödürlän gurbanynyň gany bolmasa, girip bilmez.
8Şeýlelikde, Mukaddes Ruh çadyryň ilkinji bölümi barka, mukaddes ýere gidýän ýoluň heniz belli däldigini görkezýär.
9Bu-da häzirki zaman üçin bir mysal bolup, hödürlenen sylaglar hem gurbanlaryň ybadat eden adamyň wyždanyny kämilleşdirmegi başarmanlygyny görkezýär.
10Bular diňe iýme, içme we dürli dini ýuwunmalara degişli bolup, täze düzgüniň başlangyjyna çenli goýlan beden baradaky dessurlardyr.
11Emma Mesih geljekki oňat işleriň baş ruhanysy bolup geldi. Ol ynsan eli bilen ýasalmadyk, ýagny bu ýaradylyşdan bolmadyk has uly, has kämil çadyrdan geçip,
12Mukaddes ýere girip, erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen bir gezekde ebedi gutulyşy gazandy.
13Çünki erkeçler bilen öküzleriň gany, hapalaryň tämizligi üçin göläniň olaryň üstüne sepilýän küli olary mukaddes edýän bolsa,
14onda Özüni ebedi Ruh arkaly Hudaýa müýnsüz hödürlän Mesihiň gany diri Hudaýa ybadat etmegimiz üçin biziň ynsabymyzy ölüm getirýän işlerden näçe artykmaç tämizlär!
15Şu sebäpli hem, Mesih birinji äht astynda edilen jenaýatlary bagyşlatjak bolup, gutulyş gazandyrýan gurban hökmünde öldi, çagyrylanlar ebedi mirasy alsynlar diýip, täze ähtiň töwellaçysy boldy.
16Çünki wesetnamanyň bar ýerinde weset edeniň ölenini subut etmek gerekdir.
17Çünki wesetnama diňe biri ölenden soň kanunydyr. Weset eden şindi dirikä, wesetnamanyň asla güýji bolmaz.
18Şu sebäpli birinji äht hem gansyz berkarar edilmedi.
19Musa Mukaddes Kanunyň her buýrugyny bütin halka bildirenden soň, gyp-gyzyl ýüňi, zufa otuny, suw bilen göleleriň hem-de erkeçleriň ganyny alyp, kitabyň, bütin halkyň üstüne sepip:
20«Bu Hudaýyň size buýran ähtiniň ganydyr» diýdi.
21Şeýle hem, çadyryň, ybadatda ulanylýan ähli gaplaryň üstüne-de gan sepdi.
22Mukaddes Kanun boýunça zatlaryň hemmesi diýen ýaly gan bilen tämizlenýär. Gan dökülmän, bagyşlanma bolmaz.
23Şeýlelikde, Gökde bolan zatlaryň nusgalaryny bu gurbanlar bilen, ýöne Gökdäki asyllaryny bulardan gowy gurbanlar bilen tämizlemek gerekdi.
24Çünki Mesih aslyň nusgasy bolup, ynsan eli bilen ýasalan mukaddes ýere däl-de, biziň üçin Hudaýyň öňünde görünjek bolup, asyl Göge girdi.
25Ol baş ruhanynyň ýylyň-ýylyna kesekiniň gany bilen Iň Mukaddes Jaýa girişiniň tersine, Özüni öwran-öwran hödürlemek üçin hem Göge girmedi.
26Beýle bolsa, Ol dünýäniň gurluşyndan bäri öwran-öwran ölmeli bolardy. Emma indi bir gezekde Özüni gurban etmek bilen, günäni aradan aýyrmak üçin döwürleriň ahyrynda göründi.
27Bir gezek ölüp hem ondan soň höküm edilmek ynsanlaryň ýazgydynda nähili bar bolsa,
28şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini götermek üçin, bir gezek gurban edildi. Emma ol ikinji gezek günäni götermek üçin däl-de, Özüne garaşýanlara gutulyş getirmek üçin görner.