Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Aýdanlarymyzyň özeni şunda: biziň Gökde, hemmeden Ulynyň tagtynyň sagynda oturyp,
2Mukaddes ýeriň, ýagny ynsanyň däl-de, Rebbiň guran hakyky çadyrynyň hyzmatyny edýän bir Baş Ruhanymyz bar.
3Her bir baş ruhany sylaglar hem gurbanlar hödürlemek üçin bellenýär. Bu sebäpden biziň Baş Ruhanymyzyň hem hödürläre bir zady bolmaly.
4Özi ýer ýüzünde bolan bolsa, Mukaddes Kanun boýunça sylaglary hödürleýänleriň barlygy üçin Ol ruhany bolmazdy.
5Bular Musa berlen görkezmä görä, asmana degişli zatlaryň nusgasy hem kölegesine hyzmat edýärler. Çünki Musa çadyry gurajak bolup ýörkä, Hudaý oňa: «Ähli zady dagda saňa görkezilen nusga görä etjek bol» diýipdi.
6Indi bolsa Isa has oňat wadalar üstünde guralan has oňat ähtiň töwellaçysy bolşy ýaly, şonça-da uly gulluga eýe boldy.
7Ilkinji äht müýnsüz bolan bolsady, onda ikinji gerekli bolmazdy.
8Çünki Hudaý Öz halkyny müýnli görüp, şeýle diýýär: «Ine Ysraýyl halky bilen, Ýahuda halky bilen täze äht baglaşjak günlerim gelýär. Reb şeýle diýýär.
9Bu olaryň atalaryny Müsür ýurdundan çykarjak bolup, ellerinden tutan günüm olar bilen baglan ähtim ýaly bolmaz. Çünki olar ähtime bagly bolup galmadylar, Men hem olary indemedim, Reb diýýär.
10Ol günlerden soň, Reb diýýär, Ysraýyl halky bilen baglajak ähtim ine, şu: Öz kanunlarymy olaryň aňyna berip, bulary ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolar.
11Indi hiç kim öz goňşusyna, hiç kim öz doganyna: Rebbi tanaň diýip öwretmez. Çünki kiçisinden ulusyna çenli, olaryň bary Meni tanar.
12Olaryň nädogrulyklaryna rehimli bolaryn, günälerini hiç haçan ýada salmaryn».
13Hudaý «täze äht» diýmek bilen, ilkinjiniň könelendigini görkezýär. Wagty geçen, könelen zat bolsa ýogalmaga golaýdyr.