Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
28 verses
1Bu Melkisedek Salem patyşasy hem-de beýik Hudaýyň ruhanysydy. Ol patyşalary derbi-dagyn edip gelýän Ybraýymy garşylap, oňa ak pata berdi.
2Ybraýym hem oňa bar zadyň ondan birini berdi. «Melkisedek» ozal adynyň manysy boýunça «dogrulyk patyşasydyr», soň hem «Salem patyşasy», ýagny parahatlyk patyşasydyr.
3Onuň atasy, enesi, nesil şejeresi belli däl. Günleriniň ne başy, ne-de ömrüniň soňy bar. Ýöne Hudaýyň Ogluna meňzedilip, mydamlyk ruhany bolup galýar.
4Biziň uly atamyz Ybraýymyň alan oljalaryndan ondan birini beren bu adamy, görüň, nähili uly!
5Lewi ogullaryndan bolup, ruhanylyk wezipesini alanlaryň halkdan, ýagny Ybraýymyň tohumyndan hem bolsalar, öz doganlaryndan Mukaddes Kanun boýunça ondan birini almaly diýen buýruklary bardy.
6Emma Melkisedek Lewi neslinden bolmasa-da, wadalary alan Ybraýymdan ondan birini alyp, oňa ak pata beripdir.
7Kiçiniň ak patany özünden uludan alýandygy gürrüňsizdir.
8Bu ýerde ölümli adamlar ondan birini alýar, ýöne ol ýerde ýaşaýanlygyna güwälik berilýän alýar.
9Hatda ondan birini alan Lewi hem Ybraýym arkaly ondan bir beripdir diýseň boljak.
10Çünki Melkisedek Ybraýymy garşylan mahaly Lewi entek atasynyň bilindedi.
11Şeýlelikde, kämillige lewili ruhanylyk arkaly ýetilýän bolsady ― çünki halk bu ruhanylyk astynda Mukaddes Kanuna gowuşdy ― onda Harun düzgüni boýunça däl-de, Melkisedek düzgüni boýunça başga bir ruhanynyň gelmegi nämä gerekdi?
12Çünki ruhanylyk üýtgände, Kanunyň hem üýtgemegi zerurdyr.
13Beýle gürrüňi edilýän adam başga taýpadan. Bu taýpadan hiç kim gurbanlyk edilýän ýerde hyzmat etmändir.
14Rebbimiziň Iuda taýpasyndandygy aýdyň. Musa bu taýpadan gürrüň edende, ruhanylar hakda hiç bir zat aýtmandy.
15Melkisedege meňzeş başga bir ruhanynyň ýüze çykmagy bu aýdanymyzy öňküsinden hem aýdyňrak görkezýär.
16Ol, Kanunyň ata-baba baradaky şertine görä däl-de, tükenmez ýaşaýşyň güýjüne görä ruhany bolupdyr.
17Çünki «Melkisedek düzgüni boýunça, sen hemişelik ruhanysyň» diýip güwä geçilýär.
18Ozalky buýruk gowşaklygy hem peýdasyzdygy zerarly ýatyryldy.
19Çünki Kanun hiç bir zady kämilleşdirmedi. Munuň ýerine bizi Hudaýa ýakynladýan öňküden oňat bir umyt berildi.
20Bu antsyz bolmady. Beýlekiler bolsa antsyz ruhany bolupdylar.
21Emma Ol özüne: «Reb ant içdi, Ol dänmez. Sen mydamlyk ruhanysyň» diýeniň anty arkaly ruhany boldy.
22Isa bu ant bilen has oňat ähtiň kepili boldy.
23Ozalky ruhanylar köpdüler. Çünki ölüm olaryň wezipede galmagyny bökdeýärdi.
24Emma Isanyň, baky galýanlygy üçin, üýtgewsiz ruhanylygy bardyr.
25Şu sebäpden Ol Özi arkaly Hudaýa ýakynlaýanlary bütinleý gutarmagy başarýar. Çünki olara töwella etmek üçin hemişe diri.
26Bize şeýle, mukaddes, ýazyksyz, çirksiz, günäkärlerden arany açan we Gökden ýokary çykarylan Baş Ruhany gerekdi.
27Ol beýleki ruhanylar ýaly, her gün öňürti öz günäleri, soňra-da halkyň günäleri üçin gurban hödürlemäge mejbur däl. Çünki Ol Özüni hödürlemek bilen, muny bir gezekde bitirdi.
28Mukaddes Kanun ejiz adamlary baş ruhany edip belleýär, kanundan soň gelen ant sözi bolsa Hudaýyň hemişelik kämilleşdirilen Ogluny Baş Ruhany edip goýdy.