Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Dogan söýgüsi yzygiderli bolsun.
2Myhmansöýerligi unutmaň. Çünki myhmansöýerlik bilen, perişdedigini bilmän, käbir adamlar perişdeleri myhman aldylar.
3Tussagdakylary, özüňiz hem olar bilen bile tussagda ýaly ýada salyň. Horluk çekýänleri, özüňiz horlanýan ýaly ýada salyň.
4Hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder.
5Ýaşaýşyňyz pul söýgüsinden uzak bolsun. Bar zatlaryňyza kanagat ediň. Çünki Hudaý: «Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn» diýendir.
6Şoňa görä hem biz batyrlyk bilen şeýle diýýäris: «Reb meniň kömekçimdir, men gorkmaryn. Bendesi maňa näme edip biljek?»
7Hudaýyň sözüni özüňize aýdan ýolbaşçylaryňyzy ýatlaň. Olaryň ýaşaýşynyň hasylyna seredip, imanlaryndan görelde alyň.
8Isa Mesih düýn hem, şu gün hem, ebedilik hem üýtgewsizdir.
9Saýry, özge taglymatlara özüňizi süýretmäň. Çünki ýüregiň naharlar bilen däl-de, Hudaýyň merhemeti bilen berkidilmegi oňatdyr. Nahara daýananlar hiç bir haýyr gören däldir.
10Biziň bir gurbanlyk edilýän ýerimiz bardyr, ýöne ybadat çadyryna hyzmat edýänleriň ondan iýmäge haky ýokdur.
11Baş ruhany haýwanlaryň ganyny günä üçin hödürlenen gurban hökmünde Iň Mukaddes Jaýa getirýär, ýöne olaryň maslygy düşelgeden daşarda ýakylýar.
12Şoňa görä, Isa hem halky Öz gany bilen mukaddes etjek bolup, şäher derwezesinden daşarda öldi.
13Şonuň üçin biz hem Onuň ugrunda sütemlere döz gelip, düşelgeden daşary Onuň ýanyna gideliň.
14Çünki biziň bu ýerde baky şäherimiz ýok, biz geljekkini agtarýarys.
15Şu sebäpli Isa arkaly Hudaýa elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürläliň.
16Ýagşylyk etmegi, baryňyzy beýlekiler bilen paýlaşmagy unutmaň. Çünki Hudaý şu hili gurbanlary halaýandyr.
17Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň. Çünki olar gözegçilik edýändir. Olar bu wezipelerini ahy-nala bilen däl-de, ― munuň size haýry bolmaz ― eýsem, şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, olara tabyn boluň.
18Biziň üçin doga ediň. Biz özümiziň sap ynsaply, her babatda oňat gezmegi isleýändigimizi bilýäris.
19Meniň siziň ýanyňyza tiz öwrülmegim üçin doga etmegiňizi aýratyn haýyş edýärin.
20Goýunlaryň uly Çopany bolan Rebbimiz Isany ebedi ähtiň gany bilen ölümden direlden parahatlyk Hudaýy,
21Öz halanyny Isa Mesih arkaly sizde amala aşyryp, Öz islegini ýerine ýetirmegiňiz üçin, sizi ähli oňat işde kämilleşdirsin. Mesihe ebedilik şöhrat bolsun!
22Doganlar, sizden haýyş edýärin, meniň bu öwüdimi kyn görmäň, çünki size diňe bir gysga hat ýazdym.
23Doganymyz Timoteosyň boşadylanyndan habaryňyz bolsun. Gelen badyna, men onuň bilen bile sizi görmäge bararyn.
24Ýolbaşçylaryňyzyň hemmesine, bütin mukaddeslere salam aýdyň. Italiýalylar size salam aýdýar.
25Hudaýyň merhemeti siziň baryňyz bilen bolsun! Omyn.