Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
27 verses
1Hudaýyň hem-de Reb Isa Mesihiň guly bolan meniň tarapymdan, ýagny Ýakubyň tarapyndan dagynyk on iki taýpa dogaýy salam bolsun.
2Eý doganlar, dürli synaglara uçranyňyzda, muny uly begenç saýyň,
3çünki imanyňyzyň barlanmagynyň çydam döredýänligini bilýänsiňiz.
4Kämil hem doly bolup, hiç bir ýetmeziňiz bolmaz ýaly, çydam işiňi kämil etmelidir.
5Siziň biriňize akyldarlyk ýetmezlik edýän bolsa, ol hemmelere jomartlyk bilen käýemän berýän Hudaýdan dilesin, oňa berler.
6Ol iman bilen dilesin, hiç hili şübhe etmesin, sebäbi şübhe edýän adam ýel bilen çaýkalyp, eýläk-beýläk kowlup ýören deňiz tolkuny ýalydyr.
7Çünki bu adam Rebden bir zat alaryn diýip pikir etmesin.
8Ol bütin ýollarynda durnuksyz ikigöwünli adamdyr.
9Pes dogan öz belentligi bilen, döwletli hem öz pesligi bilen magtansyn,
10çünki baýlyk otuň güli ýaly geçip gider.
11Sebäbi Gün jöwza bilen dogup, oty guradar, onuň güli dökülip, görki gaçar. Döwletli-de şeýdip öz ugruna solup geçer.
12Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, Rebbiň Özüni söýenlere wada eden ýaşaýyş täjini alar.
13Synalanda hiç kim: «Men Hudaý tarapyn synalýaryn» diýmesin, çünki Hudaý erbetlik bilen synalýan däldir. Onuň özi hem hiç kimi synaýan däldir.
14Ýöne her kes öz höwesleri tarapyndan çekilip, aldanan mahaly synalýandyr.
15Onsoň höwes bogaz bolup, günäni dogurýandyr; günä hem ýetişenden soň ölümi dogurýandyr.
16Eý, söýgüli doganlarym, aldanmaň!
17Ähli oňat, kämil sowgat ýokardan, nurlar Atasyndan inýändir. Onda ne üýtgeme, ne-de çalşyk kölegesi bardyr.
18Onuň mahluklarynyň ilkinji miwesi bolmagymyz üçin, Ol bizi Öz islegine görä, hakykat sözi bilen ýaratdy.
19Eý, söýgüli doganlarym, şoňa görä, her adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda assa bolsun.
20Sebäbi adamyň gahary Hudaýyň talap edýän dogrulygyny emele getirmez.
21Şoňa görä hem her hili hapalygy, her hili ýamanlygyň galyndysyny taşlap, özüňizde ekilen, janyňyzy gutarmaklygy başarýan sözi ýumşaklyk bilen kabul ediň.
22Ýöne diňe özüni aldaýan diňleýji däl-de, sözi ýerine ýetiriji boluň.
23Çünki kim sözi diňläp, ony ýerine ýetirmese, ol öz tebigy keşbini aýnada synlaýan adama meňzeşdir:
24ol öz-özüni synlap gidýär-de, nähilidigini şobada unudýar.
25Emma kim kämil kanuna, azatlyk kanunyna ýakyndan seretse, huşsuz diňleýji bolman, işe amal ediji bolup, onda dursa, ol öz edenlerinde bagtly bolar.
26Kimdir biri özüni dindar saýyp, dilini saklaman, göwnüni aldaýan bolsa, onuň dindarlygy biderekdir.
27Ata Hudaýyň ýanynda sap, tegmiltsiz dindarlyk budur: ýetimleri, dul hatynlary muşakgatlarynda idemek, özüňi dünýäden çirksiz saklamak.