Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyndam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň.
2Müsürlileri-müsürlilere garşy öjükdirerin, dogan doganyň garşysyna, goňşy-goňşusynyň garşysyna, şäher şäheriň garşysyna, patyşalyk patyşalygyň garşysyna urşar.
3Müsürlileriň zähresini ýararyn, niýetlerini puja çykararyn, butlaryndan, öli ruhlaryndan, jadygöýlerden, ruh çagyrýanlardan maslahat sorarlar.
4Müsürlileri zalym hojaýynyň eline bererin, rehimsiz patyşa höküm sürer üstlerinden, muny Hökmürowan Taňry Reb diýýär.
5Nilde suw galmaz, derýa çekiler, gurar.
6Onuň ýaplary porsar, takrar, gurar Müsür çeşmeleri, gamyşlar, gargylar çüýrär.
7Niliň töweregindäki, ýakasyndaky çaýyrlar, onuň boýundaky bar ekinler gurap, sowrulyp, ýok bolup giderler.
8Balykçylar ýas tutarlar, Nile çeňňek taşlaýanlar aglaşarlar, suwa tor atýanlaryň susty basylar.
9Zygyrdan mata dokaýanlar lapykeç bolarlar, ak biz dokaýanlar umytdan düşerler.
10Onuň dokmaçylary howsala düşerler, ähli hakyna tutulanlar gam çekerler.
11Zogan şäheriniň hökümdarlary akmakdyr! Fyrownyň paýhasly maslahatçylary pähimsiz maslahat berýärler, siz fyrowna nädip: «Men akyldarlaryň ogludyryn, gadymy patyşalaryň neslidirin» diýip bilýärsiňiz?
12Hany, nirede seniň akyldarlaryň? Goý, saňa aýtsynlar olar, Hökmürowan Rebbiň Müsüre garşy näme niýetländigini aýan etsinler.
13Zoganyň hökümdarlary akmaklyk etdiler! Nopyň baştutanlary aldandylar, tire baştutanlary Müsüri azaşdyrdylar.
14Reb akly çaşyrýan ruhlary iberdi, serhoşuň öz gusugynyň üstünde yranyşy deý, olar müsürlileri bar işinde azaşdyrdylar.
15Müsüriň hiç kime dady ýetmez, ne baş, ne guýruk, ne palma şahasy, ne-de gamyş oňa ýardam eder.
16Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrmasyndan gorkudan ýaňa titreşerler.
17Ýahuda ýurdy müsürlilere howp salar. Ýanynda Ýahudanyň ady agzalan her kes Hökmürowan Rebbiň Müsüre garşy taýynlaýan kararyndan gorkar.
18Şol gün Müsürde bäş şäher kengan dilinde gepläp, Hökmürowan Rebden ant içerler. Olaryň biri Heläkçilik Şäheri diýip atlandyrylar.
19Şol gün Müsüriň ortarasynda Rebbe gurbanlyk sypasy, serhedinde bolsa bir sütün dikiler.
20Bu Müsür topragynda Hökmürowan Rebbe alamat we şaýat bolar. Olar zulumdarlary zerarly Rebbe perýat edenlerinde, Reb müsürlilere bir halasgär hem goragçy ýollap, olary halas eder.
21Reb Özüni müsürlilere tanadar. Şol gün müsürliler Rebbi tanarlar. Olar gurbanlyklarydyr galla sadakalary bilen Rebbe ybadat ederler; olar Rebbe wada berip, ony berjaý ederler.
22Reb Müsüri jezalandyrar, ýene-de Özi olara şypa berer. Müsürliler Rebbe dolanarlar, Reb-de olaryň ýalbarmalaryny diňläp, olara şypa berer.
23Şol gün Müsürden Aşura uly ýol bolar. Aşurlylar Müsüre gelerler, müsürliler-de Aşura giderler. Müsürliler aşurlar bilen bile ybadat ederler.
24Şol gün Ysraýyl Müsür bilen Aşuryň ýanynda üçünji ýurt bolar. Olaryň üsti bilen dünýä ýalkanar.
25Hökmürowan Reb: «Halkym Müsür, Öz elimiň işi bolan Aşur we mirasym Ysraýyl ýalkansyn!» diýip, olara ak pata berer.