Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
6 verses
1Aşur patyşasy Sargon baş serkerdesini Aşdoda ýollap, oňa garşy söweşip, Aşdody ele saldy.
2Şol wagt Reb Amozyň ogly Işaýa: «Git-de, biliňdäki july çöz, aýagyňdaky çarygyňy çykar» diýdi. Işaýa şeýle edip, ýalaňaç, aýakýalaň gezdi.
3Reb şeýle diýdi: «Edil gulum Işaýanyň Müsüre we Efiopiýa alamat hem nyşan hökmünde üç ýyllap ýalaňaç, aýakýalaň gezişi kimin,
4Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider.
5Efiopiýa umyt baglaýan, Müsüre öwünýän halk gorkar we utanja galar.
6Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?"».