Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Görnüş jülgesi barada pygamberlik. Baryňyz üçeklere çykar ýaly, size näme boldy?
2Eý, şowhun-şagalaňly, goh-galmagally, şadyýan şäher! Öldürilenleriň gylyçdan ölmedi, söweşde-de ölmedi.
3Ähli baştutanlaryň bilelikde gaçdylar; ýaýlaryny ulanmadylar, ýesir düşdüler, uzaklara gaçdylar, ýöne tapylanlaryň bary ele düşdi.
4Munuň üçin men: «Nazaryňy menden sow, zar-zar aglaýyn» diýdim. Eziz halkymyň weýrançylygy üçin teselli bermäň maňa.
5Görnüş jülgesinde Taňry Hökmürowan Rebbiň howsalaly, tabyn edýän, aljyraňňy güni bolar. Diwarlar ýykylar bu gün, daglara perýat ediler.
6Eýlam söweş arabalary, atlylary bilen sagdagyny galgadýar, Kir goşuny galkanlaryny somlaýar.
7Söweş arabalaryndan hyryn-dykyndyr gözel jülgeleriň, atlylar derwezelerde nyzama durdular.
8Ýahudanyň örtgüsi aýryldy. Şol gün jeňňeliň gorhanasyna seretdiň.
9Dawut şäherindäki köp jaýryklary gördüňiz, aşaky howza suw topladyňyz.
10Iýerusalimiň öýlerini sanadyňyz, diwary berkitmek üçin öýleri ýykdyňyz.
11Köne howzuň suwlary üçin, iki diwaryň arasyndan suw howdanyny gazdyňyz. Ýöne ony Ýaradana seretmediňiz, owaldan Taýynlany görmediňiz.
12Şol gün Taňry Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.
13Emma siz öküz, goýun öldürip, et iýip, şerap içip, şatlanýarsyňyz, begenýärsiňiz. «Geliň, iýip-içeliň, ertir biz öleris» diýýärsiňiz.
14Hökmürowan Reb gulagyma: «Elbetde, ölýänçäňiz bu günäňizden saplanmarsyňyz» diýdi. Muny Taňry Hökmürowan Reb diýýär.
15Taňry Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Git-de, patyşanyň emeldary, köşk häkimi Şebnanyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý:
16„Bu ýerde näme işiň bar? Özüňe gabyr gazar ýaly kimiň bar? Özüňe belentde gabyr gazýarsyň, gaýada özüňe dynç ýer edinýärsiň.
17Eý, güýçli kişi, Reb seni güýç bilen togalar. Ol seni ykjam tutup,
18aýlap-aýlap, top kimin bir giň ýurda taşlar. Sen ol ýerde ölersiň. Ajaýyp söweş arabalaryň ol ýerde galar. Öz jenabyňyň öýüni biabraý eden sensiň.
19Seni ornuňdan kowaryn, wezipäňden boşadylarsyň.
20Şol gün Men gulum Hilkiýa ogly Elýakymy çagyraryn.
21Seniň donuňy oňa geýdirip, guşagyňy onuň biline guşaryn. Häkimýetiňi oňa bererin; ol Iýerusalimiň ilatyna we Ýahuda halkyna ata bolar.
22Dawudyň öýüniň açaryny onuň gerşinden asaryn. Onuň açanyny hiç kim ýapyp bilmez, ýapanyny hiç kim açyp bilmez.
23Ony ýere gazyk kimin gaýym kakaryn, ol öz nesillerine hormat tagty bolar.
24Çadyryň gazyga baglanyşy ýaly, onuň urugynyň çagalarynyň, agtyklarynyň abraýy-da oňa baglydyr"».
25Hökmürowan Reb: «Şol gün ýere gaýym kakylan gazyk ýerinden sogrular; ol çapylyp ýykylar; oňa baglanan çadyr-da ýok bolar» diýýär. Muny Reb aýdýandyr.