Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Sor hakyndaky pygamberlik. Eý, Tarşiş gämileri, Sor weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi.
2Eý, ada ilaty, deňizden geçýänleriň üsti bilen baýan Sidon täjirleri, dymyň!
3Bol suwlar ýakasynda Şihoryň gallasy, Niliň hasyly girdejiňdi. Milletleriň täjiridi ol.
4Utan, eý, Sidon, deňiz ýakasyndaky gala, deňiz şeýle diýýär: «Ne burgy tutdy, ne-de dogurdym, ne ýaş ýigitleri kemala getirdim, ne-de ýaş gyzlary ýetişdirdim».
5Soruň halyna gynanar Müsür, ol barada eşidende.
6Tarşişe geçiň, eý, adalylar, perýat ediň!
7Asly owaldan bäri bolan, uzak ülkeleri ýurt edinen şagalaňly şäheriňiz şumy?
8Täçleri berýän Sora garşy beýle karar çykaran kim? Soruň täjirleri şazadalardy, täjirleri dünýäniň abraýly adamlarydy.
9Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin, Dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin, Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.
10Eý, Tarşiş gyzy, ýurduňdan Nil kimin geç; indi bökdenç bolmaz.
11Reb deňiz üstüne elini uzadyp, patyşalyklary titretdi; ýok etmegi buýurdy ol Kengan galalaryny.
12Ol diýdi: «Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy, sen indi şatlanmarsyň. Bar, Kipre git, ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz».
13Babyllaryň ýurduna sered-ä, bu halk indi ýok! Wagşy haýwanlaryň eline berdi Aşurlylar ony. Olar gabaw diňlerini dikdiler, galalaryny ýykyp, haraba öwürdiler ony.
14Perýat ediň, eý, Tarşiş gämileri! Galaňyz weýran boldy.
15Şol günden başlap, Sor ýetmiş ýyl — bir patyşanyň ömrüçe unudylar. Ýetmiş ýyl soň Soruň başyna bir kemçin hakdaky aýdymda aýdylanlar geler:
16Eý, unudylan kemçin, şähere aýlan barbat al-da! Barbat çal-da, köp aýdymlar aýt, seni ýatlarlar belki-de.
17Ýetmiş ýyldan soň, Reb Sory idär. Sor söwdasyna dolanyp, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar bilen zyna eder.
18Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.