Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
26 verses
1Eý, adalar, meni diňläň! Eý, uzakdaky halklar, gulak asyň! Ýatgydakam Reb meni çagyrdy, enemiň göwresindekäm adymy agzady.
2Dilimi kesgir gylyç kimin etdi, meni eliniň kölegesinde gizledi; ýiti ok edip, Öz sagdagynda ýaşyrdy meni.
3Ol maňa: «Sen Meniň bendämsiň, eý, Ysraýyl, Men sende şöhratlanaryn» diýdi.
4Onsoň men: «Biderek zähmet çekdim, biderek, biýhuda sarp etdim güýjümi; ýöne hakym Reb bilendir, sylagym Hudaý bilendir».
5Ýakup neslini Özüne gaýtarmagym üçin, Ysraýyly Onuň öňüne toplamagym üçin, Ýatgydakam maňa şekil berip, bendesine öwürdi Reb meni. Men Rebbiň nazarynda hormat gazandym, Hudaýym meniň güýç-gudratym boldy.
6Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, Ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, Seni milletlere nur ederin, Seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.
7Ynsanyň kemsidýänine, halkyň ýigrenýänine, hökümdarlaryň guluna Ysraýylyň Penakäri, onuň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Patyşalar seni görüp, aýaga galarlar, hökümdarlar iki bükülip tagzym ederler, Ysraýylyň Mukaddesi, seni saýlan Reb sadykdyr». Reb halkyny yzyna getirer
8Reb şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde saňa jogap bererin, kömek ederin halas etjek günümde; seni goraryn, halka äht hökmünde bererin seni sen ýurdy täzeden dikeldersiň, çolaryp galan mülki paýlarsyň.
9Ýesirlere: „Çykyň", garaňkydakylara: „Görnüň" diýersiň. Olar ýol boýlarynda otlarlar, takyr depelerde öri taparlar.
10Ajykmazlar, suwsamazlar, jöwza hem gün olary ýakmaz, çünki olara rehim edeniň Özi ýol görkezer, olary suw çeşmelerine getirer.
11Ähli daglarymy ýola öwrerin, şaýollarym belende galdyrlar.
12Ine, olar uzaklardan, käsi demirgazykdan, käsi günbatardan, hatda Sinim ýurdundan gelerler.
13Şatlykdan gygyryň, eý, gökler! Eý, zemin, begen! Aýdyma gygyryşyň, eý, daglar! Reb Öz halkyna teselli berdi, ejir çekýänlere rehim eder.
14Emma Siýon: „Reb terk etdi meni, Taňrym meni unutdy" diýdi.
15Emdirýän ene balasyny unudyp bilermi? Özünden önen çaga rehim etmezmi? Hatda öz balasyny unutsa-da ene, Men seni unutmaryn.
16Ine, Men adyňy ellerimiň aýasyna ýazdym, diwarlaryň göz öňümdedir elmydam.
17Ogullaryň howlugyşyp gelerler, seni weýran edenler çykyp giderler.
18Gözleriňi daş-töwerege aýla-da, seret, olaryň hemmesi toplanyp, ýanyňa gelýärler». Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, olaryň bary seniň üçin bezeg bolar, gelin dek olary dakynarsyň.
19Ýeriň weýran edilip, çolaran bolsa-da, haraba dönen bolsa-da ýurduň, indi ýurt halkyňa darlyk eder, seni ýuwdup-ýalmanlar senden uzaklaşarlar.
20Agyr ýitgi astynda doglan çagalaryň ýene saňa şeýle diýerler: „Bu ýer bize darlyk edýär, mesgen tutara bize ýer ber".
21Şonda sen içiňden diýersiň: „Bulary maňa kim dogrup berdi? Çagasyzdym, önelgesizdim, sürgün edilip kowlupdym; eýsem bulary kim ulaltdy? Ýeke-ýalňyz galypdym, bular nireden gelip çykdylar?"».
22Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, milletlere elim bilen yşarat ederin, halklara baýdagymy galdyraryn; olar ogullaryňy gujaklarynda getirerler, gyzlaryňy gerişlerinde götererler.
23Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».
24Güýçlüniň elinden oljasyny alyp bolarmy? Zalymyň elinden ýesirler gutulyp bilermi?
25Emma Reb şeýle diýýär: «Hatda güýçlüleriň ýesirleri ellerinden alnar, zalymlaryň alan oljasy halas ediler; Men saňa garşy durana garşy durup, çagalaryňy halas ederin.
26Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratlysydygymy bilerler».