Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebapli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.
2Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýar, teşnelikden ölýärler.
3Göklere gara geýdirýärin, july olaryň örtgüsi edýärin».
4Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.
5Hökmürowan Reb gulagymy açdy, men garşy çykmadym, yza çekilmedim.
6Özümi urýanlara arkamy, sakgalymy ütýänlere ýaňagymy tutdum; masgaralanmakdan, tüýkürmeden ýüzümi gizlemedim.
7Hökmürowan Rebbiň maňa ýardam berendigi üçin, men utanja galmadym, ýüzümi çakmakdaşy deý etdim, men utandyrylmajagymy bilýärin.
8Meni aklajak ýakynymdadyr, meniň bilen dawalaşjak kim? Geliň, ýüzleşeliň. Günäkärleýjim kim meniň? Goý, ýanyma gelsin!
9Maňa ýardam edýän Hökmürowan Rebdir, Kim meni günäli çykarjak? Olaryň ählisi geýim deý köneler, olara güýe deger.
10Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.
11Emma ot ýakyp, alawly oklar guşanan siziň hemmäňiz öz oduňyzyň yşygynda, ýakan alawly oklaryňyzyň arasynda geziň! Meniň elimden başyňyza geljek şudur: siz azap içinde ýatarsyňyz.