Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
23 verses
1Reb şeýle diýýär: «Eý, dogrulygy yzarlaýanlar, eý, Rebbi agtarýanlar, Maňa gulak goýuň! Kesilip alnan gaýaňyza, gazylyp çykarylan çukuryňyza serediň.
2Ataňyz Ybraýyma, özüňizi dogran Sara nazar aýlaň; Ybraýymy çagyranymda, ol ýekedi, emma Men ony ýalkadym, köpeltdim».
3Reb Siýona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.
4«Meni diňle, eý, halkym, Maňa gulak goý, eý, milletim! Menden bir kanun çykar; adalatym halklara nur bolar.
5Azat etmek üçin tiz çykaryn, Men halas etmäge ýola düşdüm, gollarym halklara höküm eder, adalar Maňa intizardyrlar, gudratyma umyt baglaýarlar.
6Gözleriňizi göklere dikiň, aşaga, ýere serediň; gökler tüsse kimin ýitip gider, ýer ýüzi eşik kimin tozar; onda ýaşaýanlar hem çybyn dek ölerler, emma Men baky halas ederin, azat ederin Men olary.
7Dogrulygy bilýän, kanunymy ýüreginde saklaýan siz, Meni diňläň! Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň, olaryň sögünçlerinden heder etmäň.
8Güýe olary eşik kimin iýer, olary ýüň kimin iýer güýe; emma baky azat ederin Men olary, asyrlar boýy halas ederin».
9Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?
10Deňzi, uly çuňlugyň suwlaryny guradan, halas edilenler geçsin diýip, deňziň çuň ýerlerini ýola öwren Sen dälmidiň?
11Rebbiň azat edenleri dolanarlar, aýdym aýdyp, Siýona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gam-gussa hem nala ýok bolar.
12«Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?
13Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan, ýeriň düýbüni tutan Rebbi unutdyňyz. Sizi ýok etmek niýetinde bolan zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz. Hany, zulumkäriň gazaby nirede?
14Ýesirler basym azat ediler, ölmez, gabra inmez olar, çörekleri kemlik etmez.
15Tolkunlary uwlasyn diýip, deňzi çaýkaýan Hudaýyňyz Reb Mendirin». Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
16«Sözlerimi agzyňa saldym, seni elimiň kölegesinde gizledim; gökleri berkarar etdim, ýeriň düýbüni tutdum, Siýona: „Sen Meniň halkymsyň" diýdim».
17Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal! Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň, Serhoşluk käsesini başyňa çekdiň.
18Öz dogran ähli ogullarynyň içinde Iýerusalime ýol görkezýäni ýok; ekläp-saklan ähli ogullarynyň arasynda elinden tutup, oňa goldaw berýäni ýok.
19Başyňa bu iki bela geldi, kim saňa duýgudaşlyk bildirer? Harabaçylyk, weýrançylyk, açlyk, gylyç. Saňa nädip göwünlik bereýin?
20Ogullaryň tapdan düşüp, her köçäniň başynda ýatyrlar, tora düşen dag keýigi ýaly bolup; Rebbiň gazabyndan, Hudaýyň käýinjinden püre-pür olar.
21Munuň üçin, eý, azap çeken, çakyrsyz serhoş bolan halk, muny eşit!
22Taňry Rebbiňiz, Öz halkyny goraýan Hudaýyňyz şeýle diýýär: «Ine, Men serhoş edýän käsäni eliňden aldym, Meniň gazap käsämden mundan beýläk içmersiň.
23Bu käsäni sütemkärleriňiň eline bererin, Olar saňa: „Üstüňden geçerimiz ýaly, ýerde ýüzin ýat" diýdi. Senem olar geçer ýaly ýer kimin, ýol kimin etdiň arkaňy».