Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Petuwalyň ogly Ýowele Rebbiň şu sözi geldi: Leşgeriň hüjüm etmegi
2Eý ýaşulular, diňläň siz muny, siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty: siziň günleriňizde, ýa atalar döwründe heý-de bolupmydy şular ýaly zat?
3Siz muny ýetiriň çagalaryňyza, olar hem aýtsyn öz çagalaryna, olaryň çagalary-da indiki nesle.
4Ýumurtgadan çykan çekirtgeden artan hasyly ganat baglamadyk çekirtge iýdi. Ondan artany ganat baglan çekirtge iýdi, ganat baglan çekirtgeden artan hasyly gemriji çekirtge sürüsi iýdi.
5Eý, serhoşlar, aýňalyň-da, aglaň siz, täze şerap üçin nalaň, ony içýänler, çünki täze şerap agzyňyzdan kesildi.
6Sebäbi meniň topragyma ummasyz hem-de güýçli çozdy bir leşger; arslanyňky ýaly onuň dişleri, ene ýolbarsyňky deý gyýyk dişleri.
7Ol weýran etdi üzüm şahalarymy, çapym-çapym etdi injir baglarymy, şahalarynyň gabygyny sypyryp, ýere taşlady, üzüm şahalary-da agaryp galdy.
8Söýgüli adaglysyny ýitirip, jul geýnen gyz kimin ah çekip, nala!
9Rebbiň öýünden kesildi indi galla hem-de içgi sadakalary. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar tutýarlar ýasy.
10Meýdanlar boşady, toprak aglaýar, çünki weýran boldy onuň gallasy. Şerap gurap galdy, zeýtun-da soldy.
11Arpa-bugdaý üçin gamlanyň siz, daýhanlar, üzüm bagbanlary, ses edip aglaň, çünki weýran boldy meýdan gallasy.
12Gurap galdy üzüm agajy, Solup galdy injir agajy. Nar, alma, hurma – meýdandaky baglaryň gurady bary. Gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy.
13Ruhanylar, jul guşanyp, tutuň siz ýasy. Perýat ediň, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler! Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri, gijäňizi jul içinde geçiriň! Çünki galla, içgi sadakalary kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.
14Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de dady-perýat ediň siz Rebbe.
15Dat ol güne! Çünki Rebbiň güni ýakyndyr. Gudratygüýçlüden Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.
16Eýsem gözümiziň alnynda iýjegimiz, Hudaýymyzyň öýünden-de şatlykdyr bagtyýarlyk kesilmeýärmi?
17Tohumlar çüýredi kesek astynda, ammarlar hem gugaryp galdy. Galla ammarlary çagşap dagady. Çünki galla ekinleri hasyl bermedi.
18Mal-gara neneňsi zaryn yňranýar! sygyr sürüleri yranyp barýar, çünki olar üçin ýokdur ýaýlalar; goýun sürüleri-de ysgyndan düşen.
19Ýa Reb, Saňa dady-perýat edýärin, çünki ýaýlalary ot ýalmap ýuwutdy, meýdan agaçlarynyň baryny ýalyn köýdürdi.
20Saňa perýat edýär hatda çöl haýwanlary, çünki gurap galdy suw akarlary, ot hem ýalmap ýuwutdy gök ýaýlalary.