Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Ynha şonda, Ýahuda bilen Iýerusalimiň öňki abadançylygyny dikelden günlerimde,
2Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler,
3Meniň halkym üçin bije atdylar, oglany loly üçin, gyzy şerap içmek üçin satdylar.
4Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.
5Çünki siz Meniň altyn-kümşümi, saýlama hazynamy buthanalaryňyza äkitdiňiz.
6Siz Ýahuda we Iýerusalim halklaryny öz çäklerinden uzaklaşdyryp, olary grek halkyna satdyňyz.
7Indi bolsa olary şol ýerden aýaga galdyryp, edenleriňizi öz başyňyza salýan Mendirin.
8Men siziň oguldyr gyzlaryňyzy Ýahuda halkyna sataryn, ol hem siziň çagalaryňyzy uzakdaky sabalylara satarlar, çünki muny Reb aýtdy.
9Muny halklar arasynda jar ediň: söweş üçin taýýarlyk görüň, batyrlary aýaga galdyryň, goý, esgerleriň bary jemlensin.
10Azallaryňyzdan gylyçlar, oraklaryňyzdan naýzalar ýasaň; ejiz «men güýçli» diýsin.
11Töwerekdäki halklaryň bary, howlugyň, üýşüp ýygnanyň; ýa Reb, aşak indir Öz batyrlaryňy.
12Goý, milletler galkynsyn, Ýehoşapat jülgesine insin, çünki çar tarapdan gelen milletlere höküm çykarmak üçin, Men şol ýerde oturjak.
13Oraklaryňyzy işlediň, çünki hasyl ýetişdi; üzüm sokulary doly, Çelekler dolup daşýança basgylaň. Çünki hetden aşdy pislikleri milletleň.
14Höküm jülgesinde Birgiden mähelle, ägirt mähelle! Çünki Rebbiň güni höküm jülgesine golaýdyr.
15Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini saçmaýar.
16Reb gümmürdeýär Siýondan hem seslenýär Iýerusalimden. Asman bilen ýer lerzana gelýär, ýöne Reb Öz halkyna penadyr, hem ysraýyl halky üçin galadyr.
17Şonda Men Beýik Hudaýyňyzyň mukaddes dagym Siýonda mesgen tutandygymy bilersiňiz. Iýerusalim hem mukaddes bolar, kesekiler ony basyp almaz hiç haçan.
18Şol gün şeýle bolar: Daglardan täze şerap damar, Baýyrlardan süýt akar, Ýahuda jarlarynyň ählisi Suwdan dolar. Rebbiň öýünden gözbaş ýarylyp, Şitim jülgesiniň gury jarlaryny gandyrar.
19Weýran bolar Müsür, Döner çöllüge Edom, çünki olar ýahuda halkyna etdiler sütem. Boýadylar topraklaryny bigünä gana.
20Ýöne baky mesgen bolar Ýahuda, Iýerusalim-de bolar nesilden-nesle.
21Men alaryn ganlarynyň hununy, hem-de aklamaryn günäni, çünki Reb Siýonda mesgen tutýandyr.