Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
57 verses
1Merem bilen onuň uýasy Martanyň obasy bolan Beýtaniýadan Lazar atly bir adam syrkawdy.
2Merem Rebbiň üstüne atyr ysly ýag çalyp, Onuň aýagyny öz saçy bilen süpürip guradan aýaldy. Onuň dogany Lazar syrkawdy.
3Şeýlelikde, uýalar: «Ýa Reb, Seniň söýýän adamyň syrkaw ýatyr» diýip, Isa habar ýolladylar.
4Isa muny eşidende: «Bu syrkawlyk ölüm üçin däl-de, Hudaýyň Ogly ol arkaly şöhratlanar ýaly, Hudaýyň şöhraty üçindir» diýdi.
5Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi.
6Onuň syrkawdygyny eşidende, Isa şol bolýan ýerinde iki gün galdy.
7Onsoň şägirtlerine: «Ýene Ýahuda gideliň» diýdi.
8Şägirtleri Oňa: «Mugallym, ýehudylar Seni ýaňy daşlamaga synanyşdylar, Sen ýene-de şol ýere gitjek bolýarsyňmy?» diýdiler.
9Isa olara şeýle jogap berdi: «Gündizde on iki sagat bar dälmi? Gündiz gezýän adam büdremez, çünki ol bu dünýäniň nuruny görýändir.
10Ýöne adam gije gezse, büdrär, çünki onda nur ýokdur».
11Soňra Isa olara: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr, diňe şony oýarmak üçin barýaryn» diýdi.
12Şägirtleri Oňa: «Ýa Reb, uklan bolsa sagalar» diýdiler.
13Isa onuň ölendigi hakda gürrüň edýärdi, ýöne olar adaty ukudyr öýdýärdiler.
14Şeýlelikde, Isa olara açygyny aýtdy: «Lazar ölüpdir.
15Men siz iman edersiňiz diýip, şol ýerde bolmanlygyma siziň üçin şat, ýöne indi onuň ýanyna gideliň».
16Didimos (Ekiz) diýilýän şägirt Tomas ýoldaşlaryna: «Onuň bilen öler ýaly, biz-de gideliň» diýdi.
17Isa gelende, Lazaryň gabyrda ýatanyna dört gün bolan eken.
18Beýtaniýa Iýerusalimden üç kilometre golaý uzakdady.
19Doganlarynyň ölümi zerarly, Marta bilen Mereme göwünlik berjek bolup, bu ýere köp ýehudy gelipdi.
20Marta Isanyň gelýänini eşidip, Ony garşylamaga gitdi, Merem bolsa öýde galdy.
21Marta Isa: «Ýa Reb, Sen şu ýerde bolan bolsaň, doganym ölmezdi.
22Häzir hem Hudaýdan näme dileseň, Onuň dilegiňi bitirjegini bilýärin» diýdi.
23Isa oňa: «Doganyň direler» diýdi.
24Marta bolsa: «Men ahyret güni boljak kyýamatda onuň direljegini bilýärin» diýdi.
25Isa oňa şeýle diýdi: «Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de, ýaşar.
26Her bir ýaşaýan we Maňa iman edýän asla ölmez. Sen muňa ynanýarsyňmy?»
27Ol Oňa: «Hawa, ýa Reb, men Seniň Hudaýyň dünýä inen Ogly Mesihdigiňe iman etdim» diýdi.
28Ol muny aýdyp, gitdi-de, uýasy Meremi ýaşyrynlyk bilen çagyryp: «Mugallym şu ýerde, seni çagyrýar» diýdi.
29Merem muny eşiden badyna tiz ýerinden turup, Isanyň ýanyna gitdi.
30Isa entek oba barmandy, Ol heniz hem Martanyň garşylan ýerindedi.
31Öýde Meremiň ýanynda bolup, oňa göwünlik berýän ýehudylar onuň howul-halat ýerinden turup, çykyp gidenini görenlerinde, aglamak üçin gabra tarap barýandyr öýdüp, onuň yzyndan gitdiler.
32Merem Isanyň duran ýerine gelende, Ony gördi, Onuň aýagyna ýykylyp: «Ýa Reb, Sen şu ýerde bolan bolsaň, doganym ölmezdi» diýdi.
33Isa onuň we onuň bilen bile gelen ýehudylaryň aglaýanyny görende, çuňňur gynanyp, ýüregi gyýyldy.
34Ol: «Ony nirede jaýladyňyz?» diýip sorady. Oňa: «Ýa Reb, bar-da, Özüň göräý» diýdiler.
35Isa aglady.
36Ýehudylar: «Ol ony, gör, nähili söýýän eken!» diýişdiler.
37Käbirleri bolsa: «Körüň gözüni açan bu Adam munuň-da ölmezligi üçin bir zat edip bilmezmidi?» diýişdiler.
38Şol wagt Isa ýene-de gynanyp, gabryň ýanyna bardy. Gabyr bir gowakdy, onuň agzyna bolsa daş goýupdylar.
39Isa: «Daşy aýryň» diýdi. Merhumyň uýasy Marta Oňa: «Ýa Reb, ol indi porsandyr, onuň gabyrda ýatanyna dört gün boldy» diýdi.
40Isa oňa: «Men saňa „Iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň" diýmedimmi?» diýdi.
41Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni Göge dikip, şeýle diýdi: «Eý Ata, dilegimi eşideniň üçin Saňa şükür edýärin.
42Meni hemişe eşidýändigiňi bilýärin, ýöne Men muny töwerekdäki halaýyk sebäpli, Meni Seniň iberendigiňe ynansynlar diýip aýtdym».
43Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: «Lazar, daşaryk çyk!» diýip gygyrdy.
44Elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan öli gabyrdan çykdy. Isa olara: «Onuň daňylaryny çözüň-de, goýberiň, gitsin» diýdi.
45Şeýlelikde, Meremiň ýanyna gelen, Isanyň eden işini gören ýehudylaryň köpüsi Oňa iman etdiler.
46Birnäçesi bolsa baryp, Isanyň edenlerini fariseýlere aýtdylar.
47Onsoň baş ruhanylardyr fariseýler mejlis çagyryp, şeýle diýdiler: «Näme etmeli? Bu Adam köp alamat görkezýär.
48Oňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder, rimliler hem gelip, ýurdumyzy-da, halkymyzy-da eýelär».
49Olaryň biri, şol ýyl baş ruhany bolan Kaýafa olara: «Siz hiç zady bilmeýärsiňiz.
50Ähli halkyň heläk bolmagynyň deregine bir adamyň halk üçin ölmeginiň bize peýdalydygyna düşünmeýärsiňiz» diýdi.
51Ol muny öz-özünden aýtman, eýsem, şol ýyl baş ruhany bolanlygyndan, Isanyň halk üçin öljegini pygamberlik edip aýtdy.
52Ol diňe halk üçin hem däl-de, Hudaýyň dagynyk perzentlerini birleşdirmek üçin hem ölmelidi.
53Şeýlelikde, şol günden başlap, Ony öldürmegi ýüreklerine düwdüler.
54Şondan soň Isa ýehudylaryň arasynda aç-açan gezmän, ol ýerden çöllügiň gyrasyndaky Efraim diýen şähere gidip, şägirtleri bilen bile şol ýerde galdy.
55Ýehudylaryň Pesah baýramy ýakynlapdy. Ýurduň ähli künjeklerinden gelen köp adamlar Pesahdan öň özlerini tämizlemek üçin Iýerusalime gelipdiler.
56Olar Isany agtarýardylar, ybadathanada durkalar biri-birlerine: «Näme diýýärsiňiz, Ol baýrama gelmezmikä?» diýişýärdiler.
57Baş ruhanylar bilen fariseýler Ony tutmak üçin Onuň nirededigini kim bilýän bolsa, görkezsin diýip buýruk beripdiler.