Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
42 verses
1«Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, goýun agylyna gapysyndan girmän, başga ýerinden aşyp girýän ogrudyr, garakçydyr.
2Gapydan girýän goýunlaryň çopanydyr.
3Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändir. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary daşaryk çykarýandyr.
4Goýunlaryny daşaryk çykarandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa onuň yzyna düşýändir.
5Olar kesekiniň yzyna düşýän däldir, ondan gaçýandyr, sebäbi kesekiniň sesini tanaýan däldirler».
6Isa olara tymsal aýtdy, ýöne olar onuň manysyna düşünmediler.
7Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, Men goýunlaryň agylyna gapydyryn.
8Menden öň gelenleriň ählisi ogrudyr, garakçydyr; ýöne goýunlar olary diňlemediler.
9Men gapydyryn. Menden giren halas bolar. Ol girer, çykar, öri tapar.
10Ogry diňe ogurlap öldürmek, heläk etmek üçin gelýändir. Emma Men olarda ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim.
11Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir.
12Çopan däl-de, diňe hakyna tutulan adam bolsa möjegiň gelýänini görüp, goýunlar özüniňki bolmansoň, olary taşlap gaçýandyr. Möjek-de olary gapyp dargadýandyr.
13Çünki ol hakyna tutulandyr. Ol goýunlaryň gamyny iýmez.
14Men gowy çopandyryn; Özümiňkileri tanaýandyryn, olar-da Meni tanaýandyr.
15Atamyň Meni, Meniň-de Atany tanaýşym ýaly tanaýandyrlar. Men goýunlar üçin janymy pida edýärin.
16Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşider. Onsoň bir süri, bir çopan bolar.
17Janymy gaýtadan almak üçin pida edýänligim sebäpli Ata Meni söýýär.
18Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň ony pida etmäge-de, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar. Men bu buýrugy Atamdan aldym».
19Bu sözler sebäpli, ýehudylaryň arasyna ýene-de agzalalyk aralaşdy.
20Olaryň köpüsi: «Ol jynly, Ol däliräpdir. Näme üçin siz Ony diňleýärsiňiz?» diýdiler.
21Başgalary bolsa: «Bular jynly adamyň aýtjak sözleri däl. Jyn körleriň gözüni açyp bilermi?» diýdiler.
22Iýerusalimde ybadathananyň açylyşynyň ýyllyk baýramy boldy. Gyşdy.
23Isa ybadathanada Süleýmanyň eýwanynda gezmeläp ýördi.
24Ýehudylar Onuň daşyna üýşüp: «Sen haçana çenli bizi alasarmyk edip ýörjek? Mesih bolsaň, açygyny aýt» diýdiler.
25Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size aýtdym, ýöne siz iman etmeýärsiňiz. Atamyň ady bilen eden işlerim Maňa güwälik edýär.
26Ýöne siz iman etmeýärsiňiz, çünki size aýdyşym ýaly, siz Meniň goýunlarymdan däl.
27Meniň goýunlarym sesime gulak asýar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.
28Men olara ebedi ýaşaýyş bererin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz.
29Olary Maňa beren Atam hemmeden uludyr. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez.
30Atam Ikimiz birdiris».
31Ýehudylar Ony daşlajak bolup, ýene ýerden daş aldylar.
32Isa olara: «Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin siz Meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi.
33Ýehudylar Oňa: «Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys» diýdiler.
34Isa olara şeýle diýdi: «„Men aýtdym, siz taňrylarsyňyz" diýip, siziň kanunyňyzda ýazylgy dälmi näme?
35Mukaddes kanun özlerine Hudaýyň sözleri gelenleri taňrylar diýip atlandyran bolsa, şonuň bilen Ýazgy bozulmaýar ahyryn.
36Şeýle bolsa, Men Hudaýyň Ogly diýýänim üçin siz Atanyň saýlap, dünýä iberen Adamyna näme üçin Hudaýa dil ýetirýär diýýärsiňiz?
37Men Atamyň işlerini etmeýän bolsam, onda Maňa iman etmäň.
38Eger-de ol işleri edýän bolsam, onda Maňa ynanmasaňyz-da, Atamyň Mendedigini we Meniň Atadadygymy bilip, oňa göz ýetirer ýaly, edýän işlerime ynanyň».
39Şonda Ony ýene tutmaga synanyşdylar, ýöne Isa olaryň ellerinden sypyp gitdi.
40Isa ýene-de Iordanyň aňyrsyna, Ýahýanyň ozallar çokundyrýan ýerine baryp, şol ýerde galdy.
41Köp adamlar Onuň ýanyna gelip: «Ýahýa hiç hili alamat görkezmedi, ýöne onuň bu Adam hakda aýdanlarynyň bary çyn eken» diýişdiler.
42Şeýlelikde, köp adamlar ol ýerde Oňa iman etdi.