Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
41 verses
1Geçip barýarka, Isa bir doga kör adamy gördi.
2Şägirtleri Ondan: «Mugallym, bu adamyň kör bolup dogulmagyna kim günäkär, munuň özümi ýa ene-atasy?» diýip soradylar.
3Isa olara şeýle jogap berdi: «Ne munuň özi günä etdi, ne-de ene-atasy; bu onda Hudaýyň işleriniň görkezilmegi üçin boldy.
4Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez.
5Men dünýädekäm, dünýäniň nurudyryn».
6Ol şeýle diýip, ýere tüýkürdi-de, tüýküliginden palçyk ýasady, palçygy bolsa körüň gözüne sürtdi.
7Onsoň oňa: «Git-de, Siloam howzunda ýuwun» diýdi. Ol gidip ýuwundy, yzyna gaýdyp gelende, onuň gözi açykdy.
8Goňşulary we onuň dilegçilik edip ýörenini ozal görenler: «Şu ýerde oturyp, dilegçilik edýän şu dälmidi?» diýdiler.
9Käbirleri: «Şol» diýdiler; käbirleri: «Ýok, bu diňe şoňa meňzeş» diýdiler. Ýöne onuň özi: «Men» diýdi.
10Oňa: «Onda gözleriň nähili açyldy?» diýdiler.
11Ol: «Isa diýilýän adam palçyk ýasap, gözüme sürtdi-de: „Siloama git-de, ýuwun" diýdi. Men hem gidip ýuwundym, gözlerim açyldy» diýip jogap berdi.
12Oňa: «Ol nirede?» diýdiler. Ol: «Bilmeýärin» diýdi.
13Ozal kör bolan bu adamy fariseýleriň ýanyna getirdiler.
14Isanyň palçyk ýasap, onuň gözüni açan güni Sabatdy.
15Fariseýler-de onuň gözüniň nähili açylanyny soradylar. Ol olara: «Ol meniň gözüme palçyk sürtdi, onsoň ýuwundym. Indi men görýärin» diýip jogap berdi.
16Fariseýleriň käbirleri: «Ol adam Hudaýdan däl, çünki Sabat gününi tutmaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Bir günäkär adam beýle alamatlary nähili görkezip biler?» diýdiler. Olaryň arasyna agzalaçylyk düşdi.
17Olar ýene-de körden: «Gözüňi açan şol Adam barada näme diýýärsiň?» diýip soradylar. Ol hem: «Ol bir pygamber» diýdi.
18Ýehudylar gözleri açylan adamyň ejesi bilen kakasyny çagyryp soraýançalar, onuň ozal kör bolup, indi gözleriniň açylandygyna ynanmadylar.
19Olardan: «Kör doguldy diýýän ogluňyz şumy? Indi bu nädip görýär?» diýip soradylar.
20Onuň ejesi bilen kakasy olara şeýle jogap berdi: «Munuň öz oglumyzdygyny, kör doglandygyny bilýäris.
21Ýöne onuň indi nädip görýändigini ýa-da onuň gözüni kimiň açandygyny biz bilmeýäris. Ol indi bir ýetişen ýigit, özünden soraň, özi aýdyp bersin».
22Onuň ejesi bilen kakasy ýehudylardan gorkularyna şeýle diýdiler, çünki ýehudylar Onuň Mesihdigini ykrar eden adamy sinagogadan kowmak barada dil birikdiripdiler.
23Şonuň üçin onuň ejesi bilen kakasy: «Ol bir ýetişen ýigit, özünden soraň» diýdiler.
24Şeýlelik bilen, fariseýler ozalky köri ikinji gezek çagyryp, oňa: «Hudaýy şöhratlandyr, biz ol adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler.
25Ol: «Onuň günäkärdigini ýa däldigini bilmeýärin. Men bir zady bilýärin: ozal kördüm, indi görýärin» diýip jogap berdi.
26«Ol saňa näme etdi? Gözüňi nädip açdy?» diýip, ondan ýene soradylar.
27Ol bulara şeýle jogap berdi: «Men ýaňy aýtdym, diňlemediňiz; näme üçin ýene eşitmek isleýärsiňiz? Ýa siz-de Onuň şägirtleri bolmakçymy?»
28Oňa sögüp, şeýle diýdiler: «Onuň şägirdi ― sen, biz Musanyň şägirtleridiris.
29Biz Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris; bu Adamyň bolsa nirelidigini-de bilmeýäris».
30Ýaňky adam olara şeýle jogap berdi: «Haýran galaýmaly! Siz Onuň nirelidigini-de bilmeýärsiňiz, Ol bolsa meniň gözümi açdy.
31Hudaýyň günäkärleri diňlemeýändigini bilýäris, ýöne biri hudaýhon bolsa, Onuň islegini berjaý etse, Hudaý ony diňleýär.
32Doga körüň gözüniň açylmagy henize çenli eşidilen zat däl.
33Bu Adam Hudaýdan bolmadyk bolsa, onda hiç bir zat edip bilmezdi».
34Oňa: «Sen bütinleý günä içinde doglup, indi bize sapak berjek bolýarsyňmy?» diýdiler. Şeýlelikde, ony kowup goýberdiler.
35Ony kowup goýberenlerini eşiden Isa ýaňky adamy tapyp: «Sen Hudaýyň Ogluna iman edýärmisiň?» diýdi.
36Ol hem Oňa jogap berip: «Eý aga, Oňa iman eder ýaly, Ol kim?» diýdi.
37Isa oňa: «Sen Ony gördüň, Ol seniň bilen gepleşip dur» diýdi.
38Ol hem: «Ýa Reb, iman edýärin» diýip, Oňa sežde etdi.
39Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm etmäge geldim» diýdi.
40Muny diňläp duran fariseýleriň käbiri Oňa: «Onda biz-de körmi?» diýdiler.
41Isa olara: «Kör bolan bolsaňyz, günäňiz bolmazdy, ýöne görýäris diýýäniňiz üçin günäňiz aýrylmaýar» diýdi.