Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
58 verses
1Isa Zeýtun dagyna gitdi.
2Daňdan ýene ybadathana bardy. Ähli halk Onuň ýanyna geldi; Isa olara sapak bermäge başlady.
3Kanunçylar bilen fariseýler zyna üstünde tutulan bir aýaly alyp geldiler. Olar ony ortada duruzdylar we Isa ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Mugallym, bu aýal zyna üstünde tutuldy.
5Musa kanunda bular ýalylary daşlap öldürmegi buýrupdyr. Sen näme diýýärsiň?»
6Olar muny Isany synap, aýyplamak üçin bir tutaryk tapjak bolup aýtdylar. Emma Ol eglip, barmagy bilen ýere bir zatlar ýazýardy.
7Ondan soramagy dowam etdirenlerinde, Isa dikelip: «Siziň araňyzda kimiň günäsi ýok bolsa, bu aýala daşy ilki şol atsyn» diýdi.
8Ol ýene-de eglip ýere ýazmaga durdy.
9Muny eşidenlerinde, wyždanlary ynjalyksyzlandy, ýaşulusyndan başlap soňkusyna çenli ýeke-ýekeden gitdiler. Isa ýeke galdy, aýal hem şol ýerdedi.
10Isa dikelende, aýaldan başga hiç kimi görmänsoň oňa: «Naçar, ýaňkylar hany? Saňa hiç kim jeza bermedimi?» diýdi.
11Aýal: «Eý Aga, hiç kim» diýdi. Isa: «Onda, saňa Men hem jeza bermeýärin, gidiber, ýöne indi günä iş etme» diýdi.
12Isa ýene-de halka ýüzlenip şeýle diýdi: «Men dünýäniň nurudyryn. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar».
13Fariseýler Oňa: «Sen Özüň hakda güwälik edýärsiň, Seniň güwäligiň hak däl» diýdiler.
14Isa olara şeýle jogap berdi: «Özüm hakda güwälik edýän hem bolsam, Meniň güwäligim hakdyr, çünki Men nireden gelip, nirä barýanymy bilýärin, ýöne Meniň nireden gelenimi ýa nirä barýanymy siz bilmeýärsiňiz.
15Siz tene ― bedene garap höküm çykarýarsyňyz, Men hiç kimiň üstünden höküm çykarmaýaryn.
16Men höküm çykaraýsam-da, hökümim hakdyr, çünki Men ýeke däl-de, Özümi iberen Ata bilendirin.
17Iki adamyň güwäliginiň hakdygy bolsa siziň kanunyňyzda ýazylgydyr.
18Men Özüm hakda güwälik edýärin, Meni iberen Ata-da Men hakda güwälik edýär».
19Onsoň Oňa: «Seniň Ataň nirede?» diýdiler. Isa olara jogap berip: «Siz ne Meni, ne-de Meniň Atamy tanaýarsyňyz. Meni tanaýan bolsaňyz, Meniň Atamy-da tanardyňyz» diýdi.
20Ol bu sözleri ybadathanada sapak berip durka, sadaka sandygynyň ýanynda aýtdy, ýöne hiç kim Oňa ýapyşmady, çünki Onuň wagty entek gelmändi.
21Isa olara ýene: «Men barýaryn, siz Meni agtararsyňyz, günäňiziň içinde ölersiňiz, ýöne Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz» diýdi.
22Ýehudylar: «Ol Özüni öldürjekmikä? Çünki Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz diýýär» diýişdiler.
23Isa olara şeýle diýdi: «Siz aşakdansyňyz, Men ýokardandyryn; siz bu dünýädensiňiz, Men bu dünýäden däldirin.
24Munuň üçin Men size „günäli ölersiňiz" diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäli ölersiňiz».
25«Sen kimsiň?» diýip, Ondan soradylar. Isa olara şeýle jogap berdi: «Ozal-başdan size näme aýdan bolsam, Şolduryn.
26Siz hakda aýtjak, höküm etjek zatlarym köp. Meni Iberen hakdyr, Men Ondan eşidenlerimi dünýä aýdýaryn».
27Olar Onuň Ata barada aýdýandygyna düşünmediler.
28Soňra Isa olara şeýle diýdi: «Ynsan Ogluny ýokaryk galdyran mahalyňyz, şonda Onuň Mendigimi we Meniň Öz-Özümden hiç zat etmän, diňe Atanyň Maňa öwredenlerini aýdandygymy bilersiňiz.
29Meni Iberen Meniň bilendir; Ol Meni ýalňyz goýmady, çünki Men hemişe Oňa ýaraýan zatlary edýärin».
30Bulary aýdanda köp adamlar Oňa iman etdiler.
31Onsoň, Isa Özüne iman eden ýehudylara şeýle diýdi: «Meniň sözümi tutsaňyz, hakykatdan hem Meniň şägirtlerim bolarsyňyz;
32Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder».
33«Biz Ybraýymyň perzentleridiris, hiç haçan hiç kime gul bolan däldiris. Seniň „Azat bolarsyňyz" diýýäniň näme?» diýip, olar Onuň Özünden soradylar.
34Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, günä edýän kişi günäniň guludyr.
35Gul öýde hemişelik galmaz, ýöne Ogul hemişelik galar.
36Şonuň üçin hem Ogul sizi azat etse, siz, hakykatdan hem azat bolarsyňyz.
37Siziň Ybraýymyň perzentleridigiňizi bilýärin, ýöne siz Meni öldürmegiň kastynda, çünki Meniň sözüm siziň içiňizde ýer tutmaýar.
38Men Atamyň ýanynda görenlerimi aýdýaryn, siz hem öz ataňyzdan görenleri��izi edýärsiňiz».
39Olar Oňa: «Biziň atamyz Ybraýymdyr» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz Ybraýymyň perzentleri bolýan bolsaňyz, Ybraýymyň işlerini ederdiňiz.
40Emma siz Meni, Hudaýdan eşiden hakykatyny aýdýan Adamy öldürmäge synanyşýarsyňyz. Ybraýym beýle zady etmändi.
41Siz öz ataňyzyň işlerini edýärsiňiz». Olar Oňa: «Biz zynadan doglan däl, biziň diňe bir Atamyz bar, Ol hem Hudaý» diýdiler.
42Isa olara şeýle diýdi: «Hudaý siziň ataňyz bolsady, onda, siz Meni söýerdiňiz, çünki Men Hudaýdan çykyp geldim, Öz-Özümden gelemok, Meni Ol iberdi.
43Näme üçin Meniň aýdýanlaryma düşünmeýärsiňiz? Çünki siz Meniň sözümi diňläp bilmeýärsiňiz.
44Siziň ataňyz iblis, siz ataňyzyň dilegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmady, çünki onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlän mahaly öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasy.
45Maňa bolsa hakykaty aýdýanlygym üçin iman etmeýärsiňiz.
46Siziň haýsyňyz maňa günä ýöňkäp bilersiňiz? Eger Men hakykaty aýdýan bolsam, onda näme üçin siz Maňa iman etmeýärsiňiz?
47Hudaýdan gelen Hudaýyň sözlerini diňleýändir. Siz diňlemeýärsiňiz, çünki siz Hudaýdan däl».
48Ýehudylar Oňa: «Sen samariýalysyň, Sen jynly diýýänimiz dogry dälmi?» diýdiler.
49Isa olara şeýle jogap berdi: «Men jynly däl, Men diňe Atamy hormatlaýaryn, emma siz Meni hormatlamaýarsyňyz.
50Men Özüme şöhrat agtarmaýaryn, muny agtarýan we höküm çykarýan Biri bar.
51Men size hakykatyny aýdýaryn, Meniň sözümi tutan adam asla ölüm görmez».
52Ýehudylar Oňa şeýle diýdiler: «Seniň jynlydygyňy indi bildik. Ybraýym-da öldi, pygamberler-de; ýöne Sen: „Meniň sözümi tutan adam asla ölümden datmaz" diýýärsiň.
53Sen atamyz Ybraýymdan ulumy? Ol öldi, pygamberler-de öldi. Sen Özüňi kimdirin öýdýärsiň?»
54Isa olara şeýle jogap berdi: «Men Özümi şöhratlandyrsam, onda bu şöhrat puç bolar. Meni şöhratlandyrýan Meniň Atamdyr; siz Oňa Hudaýymyz diýýärsiňiz.
55Ýöne Ony tanamaýarsyňyz, Men Ony tanaýaryn. Eger Ony tanamaýaryn diýsem, onda Men hem siziň ýaly ýalançy bolaryn. Men Ony tanaýaryn, Onuň sözüni tutýaryn.
56Siziň ataňyz Ybraýym Meniň günlerimi görjekdigine şatlanýardy; ol gördi we şatlandy».
57«Heniz elli ýaşa-da barmadyk halyňa Sen Ybraýymy gördüňmi?» diýip, ýehudylar Ondan soradylar.
58Isa olara: «Men size hakykatyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň hem Men bardyryn» diýdi.
59Şonda Oňa zyňmak üçin daş aldylar, emma Isa gizlendi we ybadathanadan çykyp gitdi.