Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
53 verses
1Şondan soň Isa ondan-oňa gatnap, Jelilede gezdi. Ýehudylar Ony öldürmegiň kastynda bolansoňlar, Ol Ýahudada gezmek islemeýärdi.
2Ýehudylaryň Çatma baýramy ýakynlapdy.
3Doganlary Oňa şeýle diýdiler: «Bu ýerden aýrylyp, Ýahuda git, edýän işleriňi şägirtleriň görsün.
4Özüni açyk tanatmak isleýän adam gizlin iş edýän däldir. Sen bu zatlary edýän bolsaň, Özüňi dünýä görkez».
5Çünki doganlary-da Oňa iman etmeýärdiler.
6Isa olara jogap berdi: «Meniň wagtym entek gelenok, ýöne siziň üçin elmydama wagtdyr.
7Sizi dünýä ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, çünki Men onuň işleriniň erbetdigine güwä geçýärin.
8Siz baýrama gidiň, Men bu baýrama gitjek däl, çünki Meniň wagtym entek dolanok».
9Ol bu zatlary olara aýdyp, Jelilede galdy.
10Emma doganlary baýrama gidenlerinden soň, Ol-da gitdi, ýöne aç-açan däl-de, gizlin gitdi.
11Ýehudylar baýramda Ony agtaryp: «Ol nirede?» diýişýärdiler.
12Halaýygyň arasynda Ol hakda köp gürrüň boldy. Käbirleri «Ol gowy adamdyr» diýse, başgalary «Ol halky azdyrýar» diýýärdi.
13Ýöne ýehudylardan gorkup, hiç kim Ol hakda açyk gürrüň edip bilmeýärdi.
14Baýramyň ýarysy geçende, Isa ybadathana baryp, sapak bermäge durdy.
15Ýehudylar haýran galyp: «Bu adam hiç ýerde okamazdan, Mukaddes Ýazgylary nireden bilýärkä?» diýişýärdiler.
16Isa olara şeýle jogap berdi: «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňki.
17Biri Hudaýyň islegini berjaý etmek isleýän bolsa, onda Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyny ýa-da Özümden sözleýändigimi ol biler.
18Özünden sözleýän özi üçin şöhrat agtarýandyr. Özüni Iberen üçin şöhrat agtarýan bolsa dogruçyldyr, onda nädogrulyk ýokdur.
19Mukaddes Kanuny size Musa bermedimi? Muňa garamazdan, siziň hiç biriňiz kanuny berjaý etmeýärsiňiz. Näme üçin Meni öldürjek bolýarsyňyz?»
20Halaýyk Oňa: «Sen jynly, kim Seni öldürjek bolýar?» diýdi.
21Isa olara şeýle jogap berdi: «Men bir iş etdim, oňa hemmäňiz haýran galdyňyz.
22Musa size sünneti berdi, ýöne bu Musadan däl-de, ata-babalardandyr ― siz Sabat güni adam sünnetleýärsiňiz.
23Musanyň kanuny bozulmasyn diýip, Sabat güni sünnet edilýän bolsa, onda Sabat güni bir adamy büs-bütin sagaldandygym üçin Meni ýazgarmaňyz näme?
24Daş görnüşe görä höküm çykarman, adyllyk bilen höküm çykaryň».
25Bu ýerde iýerusalimlileriň käbiri: «Öldürjek bolýanlary bu Adam dälmi?
26Bu, ine, açyk gürrüň berip dur, Oňa hiç zat diýmeýärler, biziň başlyklarymyz Munuň Mesihdigini, hakykatdan hem bilýän bolaýmasynlar?!
27Ýöne biz bu Adamyň nirelidigini bilýäris. Mesih gelende bolsa Onuň nirelidigini hiç kim bilmez» diýişdiler.
28Onsoň Isa ybadathanada sapak berip durka, şeýle diýip gygyrdy: «Siz Meni hem tanaýarsyňyz, hem nirelidigimi bilýärsiňiz. Ýöne Men Öz-Özümden gelemok, Meni Iberen hakdyr, siz Ony tanamaýarsyňyz.
29Men Ony tanaýaryn, çünki Men Ondandyryn. Meni iberen Oldur».
30Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el uzatmady, çünki Onuň wagty entek gelmändi.
31Halaýygyň köpüsi Oňa iman edip, şeýle diýdi: «Mesih gelende, Şunuňkydan köp alamat görkezermi?»
32Fariseýler Isa hakda halk arasyndaky bu pyşyrdylary eşitdiler. Onsoň baş ruhanylar, fariseýler Ony tutmak üçin serkerdeleri ýolladylar.
33Isa şeýle diýdi: «Men ýene az salym siziň ýanyňyzda galyp, soňra Özümi Iberene giderin.
34Siz Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz. Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz».
35Onsoň ýehudylar biri-birine: «Bu Adam, biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dagap gidenleriň ýanyna baryp, greklere sapak berjekmikä?
36Munuň „Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, Meniň barjak ýerime baryp bilmersiňiz" diýýäni nämekä?» diýişdiler.
37Baýramyň soňky uly gününde Isa ör turup gygyrdy: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelsin, içip gansyn.
38Kim Maňa iman etse, Ýazgyda aýdylyşy ýaly, onuň içinden dirilik suwunyň bulaklary akar».
39Ol muny Özüne iman edenleriň soňra aljak Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, çünki Isa entek şöhratlandyrylmandy.
40Halaýykdan käbirleri bu sözi eşidip: «Bu, hakykatdan hem, şol geljek pygamberdir» diýdiler.
41Başgalary: «Bu Mesihdir» diýdiler, emma käbirleri: «Mesih Jelileden gelmelimidi?
42Ýazgyda „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň obasy Beýtullahamdan geler" diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler.
43Şeýlelikde, halaýygyň arasynda Isa barada agzalalyk döredi.
44Olardan käbirleri Ony tutmak islediler, ýöne hiç kim Oňa el degirmedi.
45Serkerdeler gaýdyp gelenlerinde, baş ruhanylar, fariseýler olardan: «Näme üçin Ony getirmediňiz?» diýip soradylar.
46Serkerdeler: «Hiç kim hiç haçan bu Adamyňky ýaly geplemändi» diýip jogap berdiler.
47Fariseýler olara şeýle diýdiler: «Siz-de aldandyňyzmy?
48Başlyklardan ýa fariseýlerden Oňa iman eden barmy?
49Mukaddes Kanuny bilmeýän bu halka nälet!»
50Içlerinden biri, ozal Isanyň ýanyna baran Nikodimos olara:
51«Kanunymyz bir adamy öňürti diňlemän, onuň näme edenini bilmän, höküm edýärmi?» diýdi.
52Oňa: «Sen-de jelilelimi? Mukaddes Kitaba seret: Jelileden hiç wagt pygamber çykmaz» diýdiler.
53Soňra hemmesi öýli-öýüne gitdi.