Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
71 verses
1Şundan soň Isa Jelilä, ýagny Tiberiýa kölüniň aňyrsyna gitdi.
2Onuň syrkawlar barada eden alamatlaryny gören halaýyk Onuň yzyna düşdi.
3Isa daga çykyp, şägirtleri bilen oturdy.
4Ýehudylaryň Pesah baýramy ýakyndy.
5Isa töweregine gözüni aýlady we Öz ýanyna köp halaýygyň gelýänini görüp, Filipusa: «Bular iýer ýaly çöregi nireden satyn alarys?» diýdi.
6Ol muny Filipusy synamak üçin sorapdy, çünki näme etjegini Özi bilýärdi.
7Filipus Oňa: «Iki ýüz dinarlyk çörek olaryň her biriniň bir döwüm almagyna-da ýetmez» diýdi.
8Şägirtleriň biri, Simun Petrusyň dogany Andreas Oňa şeýle diýdi:
9«Bu ýerde bir oglanda bäş arpa çöregi bilen iki balyk bar, ýöne şeýle köp märekä bu näme bolar?»
10Isa: «Halaýygy oturdyň» diýdi. Ol ýerde ot köpdi, bäş müňe golaý adam oturdy.
11Isa çörekleri alyp, şükür edeninden soň, olary oturanlara paýlady. Balyklardan-da näçe isleseler, olara berdi.
12Olar doýanlaryndan soň, Isa şägirtlerine: «Artan döwümleri ýygnaşdyryň, hiç zat zaýalanmasyn» diýdi.
13Şeýlelikde, bäş sany arpa çöreginden iýen adamlardan artyp galan döwümleri ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
14Isanyň bu alamatyny gören halaýyk: «Hakykatdan-da, dünýä geljek pygamber Şudur» diýişdiler.
15Isa olaryň gelip, patyşa etmek üçin Özüni zor bilen tutjak bolýandyklaryny aňansoň, ýene-de ýeke Özi daga çykyp gitdi.
16Agşamara Onuň şägirtleri köle geldiler.
17Bir gaýyga münüp, kölüň aňyrsyndaky Kapernauma ugradylar. Garaňky düşse-de, Isa entek olaryň ýanyna gelmändi.
18Güýçli ýel turup, köl tolkun atyp başlady.
19Gaýyk bilen, takmynan, bäş-alty kilometr ýüzenlerinden soň, Isanyň suwuň ýüzünden ýöräp, gaýyga ýakynlaşyp gelýänini görüp, olar gorkdular.
20Emma Isa olara: «Bu ― Men, gorkmaň» diýdi.
21Olar Ony gaýyga mündürjek boldular, ýöne gaýyk şol pursatda kenara gelip ýetdi.
22Ertesi gün kölüň beýleki kenarynda galan halaýyk Isanyň şägirtleriniň münen gaýygyndan başga hiç bir gaýygyň ýokdugyna we Isanyň Öz şägirtleri bilen şol gaýyga münmändigine, şägirtleriň ýeke gidendiklerine göz ýetirdiler.
23Şu aralykda, Rebbiň şükürinden soň çörek iýen ýerleriniň golaýyna Tiberiýadan gaýyklar geldi.
24Isanyň-da, şägirtleriň-de ol ýerde ýokdugyny gören halaýyk gaýyklara münüp, Isany gözlemäge Kapernauma bardy.
25Ony kölüň aňyrsyndan tapyp: «Mugallym, bu ýere haçan geldiň?» diýip soradylar.
26Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, siz Meni alamat göreniňiz üçin däl, çörek iýip doýanyňyz üçin agtarýarsyňyz.
27Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, ebedi ýaşaýşa çenli galýan iýmit üçin çalşyň. Ony size Ynsan Ogly berer, çünki Oňa Ata Hudaý Öz möhürini basandyr».
28«Biz Hudaýyň işlerini berjaý etmek üçin näme etmeli?» diýip, Ondan soradylar.
29Isa olara: «Hudaýyň işi şu: Onuň Iberenine iman ediň» diýip jogap berdi.
30Olar şeýle diýdiler: «Biz görüp, Saňa iman eder ýaly, Sen nähili alamat görkezersiň? Sen näme edersiň?
31„Ol Gökden iýer ýaly çörek berdi" diýip, Ýazgyda ýazylyşy ýaly, biziň atalarymyz manna iýdiler».
32Isa olara şeýle diýdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, size Gökden çörek beren Musa däl, hakyky çöregi Gökden size Atam berýär.
33Çünki Gökden inip, dünýä ýaşaýyş berýän Hudaýyň çöregidir».
34Olar Oňa: «Ýa Reb, şol çöregi bize hemişe ber» diýdiler.
35Isa olara şeýle diýdi: «Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla aç bolmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz.
36Aýdyşym ýaly, siz Meni gördüňiz, ýöne Maňa iman etmeýärsiňiz.
37Atamyň Maňa berenleriniň bary Maňa geler, Men Özüme gelenleri asla kowmaryn.
38Çünki Men Öz islegimi däl-de, Meni Ibereniň islegini berjaý etmek üçin Gökden indim.
39Meni Ibereniň islegi bolsa Maňa tabşyranlarynyň hiç birini ýitirmän, olary ahyretde gaýtadan direltmegimdir.
40Atanyň islegi Ogly görüp, Oňa iman eden her kesiň ebedi ýaşaýşynyň bolmagydyr. Men ahyret güni ony gaýtadan direlderin».
41Onuň ��Gökden inen çörek ― Men» diýeni üçin, ýehudylar garşy çykyp, hüňürdeşdiler.
42«Bu Ýusubyň ogly Isa dälmi? Biz Onuň kakasyny-da, ejesini-de tanaýarys. Ol nähili „Men Gökden indim" diýýär?» diýişdiler.
43Isa olara şeýle diýdi: «Özara hüňürdeşmäň.
44Meni iberen Atam Maňa tarap çekmese, hiç kim Meniň ýanyma gelip bilmez. Men ony ahyret güni direlderin.
45Pygamberleriň ýazgylarynda: „Olaryň hemmesine Hudaý tarapyndan tälim berler" diýilýändir. Atamdan eşidip, Ondan tälim alan her kes Maňa geler.
46Bu ― biri Atany görendir diýildigi däldir. Atany diňe Hudaýdan Gelen görendir.
47Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman edeniň ebedi ýaşaýşy bardyr.
48Ýaşaýyş çöregi Mendirin.
49Siziň atalaryňyz çölde manna iýip öldüler.
50Bu çörek bolsa ondan iýen ölmez ýaly, Gökden inendir.
51Gökden inen diri çörek Mendirin. Bu çörekden iýen adam ebedi ýaşar. Dünýäniň ýaşaýşy üçin Meniň berjek çöregim Öz tenimdir».
52Onsoň ýehudylar: «Bu Adam Öz tenini bize iýmäge nähili berip biler?» diýşip, özara jedelleşdiler.
53Isa olara şeýle diýdi: «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Oglunyň tenini iýip, ganyny içmeseňiz, sizde ýaşaýyş bolmaz.
54Meniň tenimi iýip, ganymy içeniň ebedi ömri bolar. Ahyret güni Men ony direlderin.
55Çünki Meniň tenim hakyky iýmit, ganym hakyky içgidir.
56Meniň tenimi iýip, ganymy içen Mende galar, Men hem onda.
57Diri Atanyň Meni iberişi, Meniň hem Ata arkaly ýaşaýşym ýaly, Meni iýen-de Men arkaly ýaşar.
58Gökden inen çörek budur. Ol atalaryňyzyň iýen mannalary ýaly däldir, olar öldüler, bu çöregi iýen bolsa ebedi ýaşar».
59Ol bu sözleri Kapernaumda sinagogada sapak berýärkä aýtdy.
60Şägirtleriň köpüsi muny eşidip: «Bu sözler agyr. Muny kim diňläp biler?» diýişdiler.
61Isa şägirtleriň muňa hüňürdeşýänini Öz içinden bilip, olara şeýle diýdi: «Bu sizi aljyradýarmy?
62Onda siz Ynsan Oglunyň owal bolan ýerine gaýtadan çykanyny göräýseňiz näme diýerkäňiz?
63Ýaşaýyş berýän ruhdur, bedeniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim ruh hem ýaşaýyşdyr.
64Ýöne siziň araňyzda käbir iman etmeýänler bar». Çünki Isa iman etmeýänleriň kimdigini, Özüni kimiň tutup berjekdigini öňünden bilýärdi.
65Ol: «Atanyň gönükdirmedik adamy Maňa gelip bilmez diýip, Men size şonuň üçin aýdypdym» diýdi.
66Şol wagtdan başlap, şägirtleriniň köpüsi Ondan ýüz öwürdiler, Onuň bilen tirkeşmegi goýdular.
67Şondan soň Isa Onkilerden: «Siz hem Meni terk edersiňizmi?» diýip sorady.
68Simun Petrus Oňa şeýle jogap berdi: «Ýa Reb, biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn.
69Biz Seniň Mesihdigiňe, diri Hudaýyň Ogludygyňa iman etdik, muny açyk bilýäris».
70Isa olara: «Siz Onkileri Özüm saýlap almadymmy? Muňa garamazdan, siziň biriňiz şeýtan» diýip jogap berdi.
71Ol muny Simunyň ogly Iuda Iskariota kakdyryp aýdýardy, çünki Ol Onkileriň biridi. Soňra ol Isa haýynlyk etdi.