Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
47 verses
1Şundan soň ýehudylaryň bir baýramy bardy. Isa hem Iýerusalime gitdi.
2Iýerusalimde Goýun derwezesiniň ýanynda iwritçe Beýtesta diýilýän bäş eýwanly bir howuz bardy.
3Şol ýerde gaty köp syrkawlar, körler, agsaklar, oturalar suwuň çaýkanmagyna garaşyp ýatyrdylar.
4Çünki wagtal-wagtal Rebbiň bir perişdesi şol howza girip, suwy çaýkaýardy, suwuň çaýkanmagynyň yzysüre ilkinji bolup suwa giren öz keselinden saplanýardy.
5Şol ýerde otuz sekiz ýyl bäri dert çekip ýatan bir adam bardy.
6Isa onuň ýatanyny görende, uzak wagtdan bäri keseldigini bilip oňa: «Sagalmak isleýärsiňmi?» diýdi.
7Syrkaw Oňa şeýle jogap berdi: «Eý Aga, suw çaýkanan wagty meni howza saljak adam ýok, men barýançam, başga biri menden öň howza giräýýär».
8Isa oňa: «Tur, düşegiňi al-da, ýöre!» diýdi.
9Ýaňky adam derrew sagalyp, düşegini aldy-da, ýöräp başlady. Bu waka ýehudylaryň ybadat edýän güni ― Sabat güni boldy.
10Munuň üçin ýehudylar sagalan adama: «Bu gün Sabat güni, saňa düşegiňi götermek bolmaz» diýdiler.
11Sagalan: «Meni sagaldan Adam maňa „Düşegiňi al-da, git" diýdi» diýip, olara jogap berdi.
12«Saňa „Düşegiňi al-da, git" diýen Adam kim?» diýip, ondan soradylar.
13Ýöne sagalan adam Onuň kimdigini bilmeýärdi, çünki Isa şol ýerdäki märekäniň arasyna girip gidipdi.
14Soňra Isa ybadathanada oňa gabat gelip: «Ine, sagaldyň, mundan beýläk günä etme, saňa has ýaman zat bolaýmasyn» diýdi.
15Şeýlelikde, ýaňky adam baryp, özüni sagaldanyň Isadygyny ýehudylara aýtdy.
16Bu işi Sabat güni edenligi üçin ýehudylar Isany yzarladylar, Ony öldürjek boldular.
17Emma Isa olara: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin» diýip jogap berdi.
18Şu sebäpden ýehudylar öňküden-de beter Ony öldürmegiň küýüne düşdüler, çünki Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi.
19Isa olara şeýle jogap berdi: «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Atasynyň eden zatlaryny görmese, Ogul Özünden hiç zat edip bilmez, çünki Ata näme etse, Ogul-da şony edýändir.
20Çünki Ata Ogly söýýär, ähli edýän zatlaryny Oňa görkezýär. Sizi haýran galdyrjak has beýik zatlary-da Ol Oňa görkezer.
21Atanyň ölüleri direldişi ýaly, Ogul-da islän adamlaryny direlder.
22Ata hiç kimiň üstünden höküm çykarýan däldir, Ol ähli hökümi Ogla tabşyrandyr.
23Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony ýollan Ata-da hormat goýýan däldir.
24Men size hakykatyny aýdýaryn, Meniň sözümi diňläp, Meni Ýollana iman edene ebedi ýaşaýyş bardyr, onuň üstünden höküm çykarylmaz. Ol ölümden ýaşaýşa göçendir.
25Men size hakykatyny aýdýaryn, Hudaýyň Oglunyň sesini ölüleriň eşitjek wagty geler, bu wagt eýýäm geldi. Onuň sesini eşidenler ýaşar.
26Çünki Ata Özünde ýaşaýyş bolşy ýaly, Ogla-da ýaşaýyş ojagy bolmaklygy berendir.
27Ol höküm çykarmak ygtyýaryny-da Oňa berdi, çünki Ol Ynsan Ogludyr.
28Muňa geň galmaň, çünki gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagtlary geler.
29Haýyr iş edenler ýaşamak üçin, şer iş edenler bolsa höküm üçin direler.
30Men Öz-Özümden hiç bir zat edip bilmeýärin; eşidişime görä höküm çykarýaryn. Meniň hökümim hakdyr, çünki Men Öz islegimi däl-de, Meni ýollan Atanyň islegini amala aşyrmaga dyrjaşýaryn.
31Eger Men Özüm hakda güwälik bersem, onda bu güwäligim hak däldir.
32Men hakda güwälik berýän başga biri bar, onuň Özüm hakdaky güwäliginiň dogrudygyny Men bilýärin.
33Siz Ýahýanyň ýanyna adamlar ýolladyňyz, ol-da hakykata güwälik etdi.
34Emma Men ynsan güwäligini kabul etmeýärin, Men diňe siziň halas bolmagyňyz üçin bulary aýdýaryn.
35Ol ýanyp duran, nur saçýan çyradyr. Siz az salym onuň yşygyna guwanmak islediňiz.
36Emma Mendäki güwälik Ýahýadakydan has uludyr, çünki ýerine ýetirmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny Meniň edýän işlerim Meni Atanyň iberenligine güwä geçýär.
37Men hakda Meni iberen Atanyň Özi güwälik etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz.
38Onuň sözi sizde galmaýar, çünki siz Onuň Iberenine iman etmeýärsiňiz.
39Siz Mukaddes Ýazgylary agtaryşdyrýarsyňyz, çünki ebedi ýaşaýyş şolardadyr öýdýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda güwälik edýärler.
40Ýöne siz ömrüňiz bolar ýaly, Maňa gelmek islemeýärsiňiz.
41Men ynsanlardan öwgi kabul etmeýärin.
42Sizi-de tanaýaryn. Sizde Hudaýyň söýgüsi ýok.
43Men Atamyň adyndan geldim, siz bolsa Meni kabul etmeýärsiňiz. Ýöne başga biri öz adyndan geläýse, siz ony kabul edersiňiz.
44Ýeke-täk Hudaýdan öwgi gözlemän, biri-biriňizden öwgi kabul edýärkäňiz, siz nähili iman edip bilersiňiz?
45Atanyň öňünde Men sizi aýyplar öýtmäň. Sizi aýyplajak öz umyt baglaýanyňyz Musadyr.
46Siz Musa iman eden bolsadyňyz, onda Maňa-da iman ederdiňiz, çünki ol Men hakda ýazdy.
47Onuň ýazanlaryna ynanmaýan bolsaňyz, onda Meniň aýdýanlaryma nähili iman edersiňiz?»