Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
54 verses
1Ýahýa garanda, Özüniň köp şägirt edinenligi we çokundyrýanlygy barada fariseýlere habar ýetendigini Isa bildi.
2(Hakykatda, Onuň Özi däl-de, şägirtleri çokundyrýardy.)
3Ýahudany terk edip, Ol ýene Jelilä gitdi.
4Onuň Samariýadan geçmegi gerekdi.
5Şeýlelikde, Ol Ýakubyň öz ogly Ýusuba beren ýeriniň golaýyndaky Samariýanyň Sihar diýen şäherine geldi.
6Bu ýerde Ýakubyň guýusy bardy. Ýol ýöräp ýadan Isa guýynyň başynda oturdy; günortana golaýdy.
7Samariýaly bir aýal suw çekmäge geldi. Isa oňa: «Maňa içmäge suw bersene» diýdi.
8Isanyň şägirtleri iýmit satyn almak üçin şähere gidipdiler.
9Samariýaly aýal Oňa: «Sen ýehudy bolup, men samariýaly aýaldan içmäge suwy nähili dileýärsiň?» diýdi. Çünki ýehudylar samariýalylar bilen gatnaşyk etmeýärdiler.
10Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Hudaýyň peşgeşiniň nämedigini, özüňe „Maňa içmäge suw ber" diýýäniň kimdigini bilsediň, onda suwy seniň özüň Ondan dilärdiň, Ol-da saňa dirilik suwuny bererdi».
11Aýal Oňa şeýle diýdi: «Eý Aga, Seniň suw çeker ýaly gowaň ýok, guýy-da çuň, dirilik suwuny nireden aljak?
12Bu guýyny bize beren, mundan özi-de, çagalary we dowarlary-da suw içen atamyz Ýakupdan Sen ulumy?»
13Isa oňa şeýle jogap berdi: «Bu suwdan içen ýene-de suwsar.
14Ýöne Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz, tersine, Meniň oňa berjek suwumyň içinde ebedilik ýaşaýyş çeşmesi bolar».
15Aýal Oňa: «Eý Aga, maňa şol suwdan bersene, suwsamaýyn, suw çekmäge bu ýere gelmäýin» diýdi.
16Isa oňa: «Onda, git-de, äriňi çagyryp gel» diýdi.
17Aýal Oňa: «Meniň ärim ýok» diýdi. Isa-da oňa: «Ärim ýok diýip, dogry aýtdyň.
18Seniň bäş äriň bardy, ýöne häzirkiň öz äriň däl, muny dogry aýtdyň» diýdi.
19Aýal Oňa şeýle diýdi: «Eý Aga, görýärin welin, Sen pygamber öýdýän.
20Biziň atalarymyz şu dagda sežde etdiler, ýöne siz ýehudylar, sežde edilmeli ýer Iýerusalimdedir diýýärsiňiz».
21Isa oňa şeýle diýdi: «Naçar, Maňa ynan, wagt geler, Ata ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde edersiňiz.
22Siz tanamaýanyňyza sežde edýärsiňiz, biz tanaýanymyza sežde edýäris, çünki gutulyş ýehudylardan gelýär.
23Emma hakyky sežde edijileriň Ata ruhda, hakykatda sežde etjek wagtlary geler, eýýäm geldi hem, çünki Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar.
24Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda, hakykatda sežde etmelidir».
25Aýal Oňa: «Hristos diýilýän Mesihiň geljegini bilýärin, Ol gelende bize ähli zady bildirer» diýdi.
26Isa oňa: «Seniň bilen gepleşip duran Şol» diýdi.
27Şu pursatda Isanyň şägirtleri geldiler, Onuň bir aýal bilen gepleşip duranyna olar haýran galdylar. Ýöne olaryň hiç biri «Näme isleýärsiň?» ýa-da «Bu aýal bilen näme üçin gepleşýärsiň?» diýmedi.
28Onsoň ýaňky aýal küýzesini goýdy-da, şähere baryp, halka:
29«Ýörüň, meniň ähli eden işlerimi aýdyp beren Adamy görüň. Ol Mesih bolaýmasyn» diýdi.
30Olar şäherden çykyp, Isanyň ýanyna bardylar.
31Şu aralykda şägirtleri Ondan: «Mugallym, iý!» diýip haýyş etdiler.
32Ýöne Isa olara: «Mende iýere zat bar, ýöne siz ony bilmeýärsiňiz» diýdi.
33Onsoň şägirtleri: «Oňa biri iýere zat getiren däldir-ä?» diýişdiler.
34Isa olara: «Iýmitim ― Meni Ýollanyň islegini berjaý etmek, Onuň işini ýerine ýetirmekdir diýdi.
35Siz oraga ýene dört aý bar diýmeýärsiňizmi? Emma Men size gözüňizi galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm oraga taýýar diýýärin.
36Eken-de, oran-da bilelikde şatlanar ýaly, oran hakyny alýar, ebedi ýaşaýyş üçin hasyl toplaýar.
37Çünki bu ýerde „Biri eker, biri orar" diýilýän söz dogrudyr.
38Men sizi zähmet çekmedik hasylyňyzy ormaga iberdim; başgalar zähmet çekdiler, siz bolsa olaryň zähmetiniň hasylyna girdiňiz».
39«Meniň ähli eden işlerimi aýdyp berdi» diýip, güwälik eden aýalyň sözi sebäpli, ol şäherdäki samariýalylaryň köpüsi Isa iman etdiler.
40Şonuň üçin-de samariýalylar Isanyň ýanyna gelenlerinde, Ondan öz ýanlarynda galmagyny haýyş etdiler. Ol şol ýerde iki gün galdy.
41Onuň sözüni diňlän ýene-de köp adamlar Oňa iman etdi.
42Ol aýala bolsa olar: «Biz indi seniň aýdanlaryň sebäpli iman etmeýäris; özümiz eşitdik, Onuň dünýäniň çyn Halasgäri, Mesihdigini bilýäris» diýdiler.
43Iki günden soň Isa ol ýerden Jelilä gitdi.
44Çünki Ol pygamberiň öz ýurdunda gadyrynyň ýoklugyna güwälik edipdi.
45Jelilä baranda, Isanyň Iýerusalimdäki baýramda eden ähli işlerini gören jelileliler Ony kabul etdiler, çünki olaryň özleri-de şol baýrama gidipdiler.
46Şeýlelikde, Isa ýene-de Özüniň suwdan şerap ýasan ýeri bolan Jeliläniň Kana şäherine gaýdyp geldi. Kapernaumda patyşanyň bir gullukçysynyň ogly syrkaw ýatyrdy.
47Bu adam Isanyň Ýahudadan Jelilä gelenini eşidende, Onuň ýanyna baryp, ölüm ýassygynda ýatan ogluny sagaltmagy Ondan haýyş etdi.
48Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi.
49Patyşanyň gullukçysy Oňa: «Eý Aga, oglum ölmänkä barsana!» diýdi.
50Isa oňa: «Gidiber, ogluň sagaldy» diýdi. Ol hem Isanyň sözüne ynanyp gitdi.
51Ol entek ýoldaka, hyzmatkärleri öňünden çykyp: «Ogluň sagaldy» diýdiler.
52Ol hyzmatkärlerinden oglunyň gowulanyp başlan sagadyny anyklamak isledi. Olar oňa: «Düýn gündiz sagat birde gyzgyny gaýtdy» diýdiler.
53Şeýlelikde, munuň Isanyň «Ogluň sagaldy» diýen sagadynda bolandygyny bilip, ol bütin içersi bilen birlikde Oňa iman etdi.
54Bu Isanyň Ýahudadan Jelilä gelenden soň görkezen ikinji alamatydy.