Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
36 verses
1Fariseýleriň arasynda Nikodimos atly bir adam bardy, ol ýehudylaryň başlyklaryndandy.
2Bu adam gijäniň içinde Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Mugallym, biz Seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris, çünki Hudaý Özi bilen bolmasa, hiç kim Seniň görkezen alamatlaryňy görkezip bilmez».
3Isa oňa: «Hakykatdan-da, saňa dogrusyny aýdýaryn, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.
4Nikodimos Oňa: «Garran adam gaýtadan nähili doglup biler? Ol ýene-de enesiniň göwresine girip doglup bilermi?» diýdi.
5Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, suwdan we ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyna girip bilmez.
6Bedenden doglan bedendir, ruhdan doglan ruhdur.
7Saňa gaýtadan dogulmalysyňyz diýýänime geň galma.
8Ýel islän ýerinde öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Ruhdan doglanlaryň ählisi hem şeýledir».
9Nikodimos Ondan: «Bu nähili bolup biler?» diýip sorady.
10Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolup-da, bulary bilmeýärsiňmi?
11Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny diýýärin, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize güwä geçýäris, ýöne siz biziň güwäligimizi kabul etmeýärsiňiz.
12Meniň ýerdäki zatlar barada aýdýanlaryma ynanmasaňyz, onda Gökdäki zatlar barada aýtsam, nähili ynanarsyňyz?
13Hiç kim Göge çykan däldir; oňa diňe Gökden inen we Gökde bolan Ynsan Ogly çykandyr.
14Musanyň çölde ýylany ýokaryk galdyryşy ýaly, Ynsan Ogly-da ýokaryk galdyrylmalydyr.
15Şeýlelikde, Oňa ynanýanlaryň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowşar.
16Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi.
17Hudaý Ogluny dünýäni höküm etsin diýip däl-de, eýsem, dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi.
18Oňa ynanýan höküm edilmez, ynanmaýan bolsa, Hudaýyň ýekeje Oglunyň adyna iman etmeýänligi üçin eýýäm höküm edilendir.
19Höküm şundan ybarat: dünýä nur indi, ýöne adamlar garaňkylygy nurdan gowy gördüler, çünki olaryň işleri ýamanlykdy.
20Şer iş edýän nury ýigrenýändir, ol işleriniň äşgär bolmazlygy üçin nura gelýän däldir.
21Emma hak iş edýän işleriniň Hudaý arkaly edilýändigi äşgär bolsun diýip nura gelýändir».
22Şundan soň Isa şägirtleri bilen Ýahuda ülkesine gidip, birnäçe wagtlap olar bilen şol ýerde galyp çokundyrdy.
23Ýahýa hem Salymyň golaýyndaky Enonda çokundyrýardy, çünki ol ýerde suw boldy, adamlar hem baryp çokundyrylýardylar.
24Çünki Ýahýa entek zyndana atylmandy.
25Ýahýanyň şägirtleri bilen käbir ýehudylar arasynda täret meselesinde jedel çykdy.
26Olar Ýahýanyň ýanyna gelip: «Mugallym, Iordanyň aňyrsynda seniň ýanyňda bolan, seniň güwälik eden adamyň, ine, çokundyrýar, hemmeler Oňa barýarlar» diýdiler.
27Ýahýa olara jogap berip, şeýle diýdi: «Adam Gökden berilmedik hiç bir zady alyp bilmez.
28„Men Mesih däl, ýöne Ondan öň iberildim" diýenime siziň özüňiz şaýatsyňyz.
29Kimiň gelinligi bar bolsa, ol giýewdir. Emma giýewiň dosty onuň ýanynda durup, sesini eşidip, onuň owazyna gaty şatlanýandyr. Meniň bu şatlygym-da häzir ýerine ýetdi.
30Ol beýgelmelidir, men peselmelidirin.
31Ýokardan gelen hemmeden ýokarydyr. Ýerden bolan ýeriňkidir, ýerdäkiler ýaly gepleýändir. Gökden gelen hemmeden ýokarydyr.
32Ol görenine, eşidenine güwälik edýär, ýöne Onuň güwäligini hiç kim kabul etmeýär.
33Emma Onuň güwäligini kabul eden Hudaýyň hakykatdygyny tassyklaýandyr.
34Çünki Hudaý tarapyn Ýollanan Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Ruhy ölçeg bilen bermeýär.
35Ata Ogly söýýär we Ol ähli zady Onuň eline berendir.
36Ogla iman eden ebedi ýaşar. Ogla iman etmedik ýaşaýyş görmez, Ol Hudaýyň gazabyna sezewar bolar».