Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Şondan iki gün soň, Jeliläniň Kana şäherinde nika toýy boldy. Isanyň ejesi-de şol ýerdedi.
2Isa we Onuň şägirtleri-de toýa çagyrylypdylar.
3Şerap ýetmezlik edende, Isanyň ejesi Oňa: «Şeraplary ýok» diýdi.
4Isa oňa: «Eý hatyn, Meniň işimiň saňa näme dahyly bar? Meniň wagtym entek gelip ýetenok» diýdi.
5Ejesi hyzmatkärlere: «Size näme diýse, şony ediň» diýdi.
6Şol ýerde ýehudylaryň täret kylmak üçin ulanylýan, her biri iki ýa üç ölçeg tutýan alty sany daşdan ýasalan suw küýzesi bardy.
7Isa hyzmatkärlere: «Küýzeleri suw bilen dolduryň» diýdi. Olary agyzlaryna çenli doldurdylar.
8Onsoň hyzmatkärlere: «Indi şulardan guýup, toýuň guramaçysyna äkidiň» diýdi. Olar hem äkitdiler.
9Toýuň guramaçysy şeraba öwrülen suwy dadyp görende, onuň nireden gelenini bilmän, (muny diňe suw guýan hyzmatkärler bilýärdi) öýlenýän ýigidi çagyryp, oňa şeýle diýdi:
10«Her kes öňi bilen gowy şeraby, köp içenlerinden soň bolsa erbedini berýändir, emma sen gowy şeraby henize çenli saklap goýupsyň».
11Şeýlelikde, Isa ilkinji alamatyny Jeliläniň Kana şäherinde ýüze çykaryp, Öz şöhratyny görkezdi. Şägirtleri Oňa iman etdiler.
12Şondan soň Isa ejesi, doganlary we şägirtleri bilen Kapernauma gitdi. Ol ýerde birki gün galdylar.
13Ýehudylaryň Pesahy ýakynlaşanda, Isa Iýerusalime gitdi.
14Ol ybadathanada sygyr, goýun, kepderi satýanlary, pul çalşyp oturanlary gördi.
15Ýüpden bir dürre örüp, goýunlardyr sygyrlary bilen birlikde baryny ybadathanadan kowdy, pul çalyşýanlaryň pullaryny dökdi, öňlerindäki tekjelerini ýykdy.
16Kepderi satýanlara: «Bulary bu ýerden äkidiň, Atamyň öýüni dükana öwürmäň» diýdi.
17Şonda şägirtleriň ýadyna Mukaddes Ýazgydaky «Seniň öýüňe bolan yhlasym Meni iýer» diýlen sözler düşdi.
18Ýehudylar garşy çykyp, Ondan: «Sen şeýle etmäge ygtyýaryň barlygyna bize näme alamat görkezersiň» diýip soradylar.
19Isa olara: «Siz şu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günüň içinde dikelderin» diýip jogap berdi.
20Ýehudylar Oňa: «Bu ybadathana kyrk alty ýylda salyndy, Sen ony üç günde dikeldersiňmi?» diýdiler.
21Ýöne Isa ybadathana diýip, Öz bedenine aýdýardy.
22Isa direlenden soň, şägirtleri Onuň aýdanyny ýatlap, Ýazga, Isanyň sözlerine iman etdiler.
23Pesah baýramynda Iýerusalimdekä Isanyň görkezen alamatlaryny görenleriň köpüsi Onuň adyna iman etdiler.
24Emma Isa ähli adamlary tanaýanlygy üçin, olara Özüni ynanmaýardy.
25Ol adam babatda hiç kimiň güwäligine mätäç däldi, çünki ynsanda näme bardygyny Özi bilýärdi.