Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
31 verses
1Ýüregiňiz gysmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň.
2Atamyň öýünde mesgenler köpdür; şeýle bolmasa, Men size „Ýer taýýarlamaga barýaryn" diýermidim?
3Gidip ýer taýýarlanymdan soň, siziň hem Öz ýanymda bolmagyňyz üçin ýene gelip, sizi Özüm bilen alyp giderin.
4Siz Meniň nirä barýanymy, ýoly bilýänsiňiz».
5Tomas Oňa: «Ýa Reb, biz Seniň nirä barýanyňy bilmeýäris, ýoly nädip bileli?» diýdi.
6Isa oňa şeýle diýdi: «Men ― ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez.
7Meni tanasaňyz, Atamy-da tanarsyňyz. Siz mundan beýläk Ony tanaýarsyňyz, Ony gördüňiz».
8Filipus Oňa: «Ýa Reb, Atany bize görkez, bize şol bolýar» diýdi.
9Isa oňa şeýle diýdi: «Eý Filipus, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň „Atany bize görkez" diýmäň näme?
10Meniň Atadadygyma, Atanyň hem Mendedigine sen iman etmeýärsiňmi? Men size aýdýan sözlerimi Öz-Özümden aýtmaýaryn, Mende ýaşaýan Ata Öz işlerini edýär.
11Meniň Atadadygyma, Atanyň-da Mendedigine iman ediň; hiç bolmanda, eden işlerim üçin Maňa iman ediň.
12Men size hakykatyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, bulardan has ulularyny-da eder, çünki Men Atama barýaryn.
13Atam Ogulda şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin.
14Meniň adym bilen bir zat dileseňiz, berjaý ederin.
15Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň.
16Men-de Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer.
17Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar.
18Men sizi ýetim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin.
19Az salymdan soň dünýä Meni görmez, ýöne siz görersiňiz, çünki Men ýaşaýaryn, siz-de ýaşarsyňyz.
20Şol gün Meniň Atamdadygymy, siziň hem Mendedigiňizi, Meniň-de sizdedigimi bilersiňiz.
21Meniň buýruklarymy tutup, olary berjaý edýän Meni söýýändir. Meni söýýäni Atam-da söýer. Men-de ony söýerin we oňa görnerin».
22«Ýa Reb, Sen Özüňi dünýä däl-de, bize görkezmek isleýärsiň welin, bu nähili bolýar?» diýip, Iuda (Iskariot däl) Ondan sorady.
23Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi tutar. Atam-da ony söýer, biz oňa baryp, ýanynda mesgen tutarys.
24Meni söýmeýän Meniň sözümi tutmaz. Siziň bu eşidýän sözleriňiz Meniňki däl-de, Meni iberen Atanyňkydyr.
25Men bu zatlary size Özüm ýanyňyzdakam aýdýaryn.
26Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi ― Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar.
27Men size parahatlyk goýup barýaryn, Öz parahatlygymy size berýärin. Men muny, dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gysmasyn, gorkmaň.
28„Men barýaryn, ýöne ýanyňyza öwrülip gelerin" diýenimi eşitdiňiz. Meni söýýän bolsaňyz, Meniň Atanyň ýanyna gidýänligime şatlanardyňyz, çünki Ata Menden beýikdir.
29Men muny size bolan wagty iman edersiňiz diýip, bolmazyndan öň aýtdym.
30Maňa indi siziň bilen gepleşere köp wagt galmady, çünki bu dünýäniň hökümdary gelýär. Onuň Men barada erk-ygtyýary ýokdur.
31Ýöne Meniň Atany söýýänligimi, Ata Maňa nähili tabşyryk beren bolsa, şony berjaý edýänligimi dünýä bilmelidir. Turuň, bu ýerden gideliň.