Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
27 verses
1Men hakyky üzüm agajydyryn, Atam bagbandyr.
2Mendäki miwe bermeýän her bir şahany Ol keser, miwe berýänini bolsa has-da köp miwe bersin diýip timarlar, tämizlär.
3Meniň size aýdan sözüm arkaly siz indi tämizsiňiz.
4Siz Mende galyň, Men hem sizde galaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şahanyň öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz.
5Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende galýan bolsa we Men kimde galýan bolsam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz.
6Kim Mende galmasa, şaha kimin kesilip taşlanar, gurar. Olary ýygnaşdyryp, oda atarlar, olar hem ýanar.
7Siz Mende galsaňyz, Meniň sözlerim sizde galsa, islän dilegiňiz biter.
8Siziň köp miwe bermegiňiz bilen Atam şöhratlanar. Şeýlelikde, siz Meniň şägirtlerim bolarsyňyz.
9Atamyň Özümi söýşi ýaly, Men-de sizi söýdüm. Meniň söýgimde galyň.
10Meniň Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsinde galyşym ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgimde galarsyňyz.
11Size bu zatlary Meniň şatlygym sizde bolsun we şatlygyňyz doly bolsun diýip aýtdym.
12Meniň buýrugym şu: biri-biriňizi Meniň sizi söýşüm ýaly söýüň.
13Bir adamyň öz dostlary üçin janyny pida etmeginden uly söýgi hiç kimde ýokdur.
14Meniň özüňize buýranymy berjaý etseňiz, Maňa dostsuňyz.
15Mundan beýläk Men size gul diýmerin, çünki gul agasynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýdim, çünki Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym.
16Siz Meni saýlamadyňyz, Men sizi saýladym, gidip, miwe öndüriň we miwäňiz uzak galsyn diýip, sizi wezipä belledim. Şeýlelikde, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.
17Meniň size buýrugym şu: biri-biriňizi söýüň.
18Dünýä sizi ýigrense, onuň sizden öň Meni ýigrenendigini biliň.
19Dünýäden bolan bolsaňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Ýöne dünýäden däldigiňiz üçin, Meniň sizi dünýäden saýlap alanlygym üçin, ine, şunuň üçin dünýä sizi ýigrenýär.
20Meniň size „Gul öz agasyndan uly däldir" diýen sözümi ýada salyň. Olar Meni yzarlan bolsalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi tutan bolsalar, siziňkini-de tutarlar.
21Olar size bu zatlaryň ählisini Meniň adym sebäpli ederler, çünki olar Meni Ibereni tanamaýarlar.
22Men gelip, olara aýtmadyk bolsadym, onda günäleri bolmazdy, ýöne indi günäleri üçin ötünçleri ýokdur.
23Meni ýigrenýän Meniň Atamy-da ýigrenýändir.
24Men başgasynyň etmedik işlerini olaryň arasynda etmedik bolsam, onda günäleri bolmazdy, ýöne indi görüp, hem Meni, hem-de Atamy ýigrendiler.
25Kanunlarynda: „Meni nähak ýigrendiler" diýip ýazylan söz berjaý bolmalydyr.
26Atadan size iberiljek Göwünlik Berijim, ýagny Atadan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda güwälik eder.
27Siz-de güwälik edersiňiz, çünki başdan Meniň bilen bilediňiz.