Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
33 verses
1Bu zatlary size aldanyp, ýoldan çykmazlygyňyz üçin aýtdym.
2Sizi sinagogalardan kowarlar. Hawa, sizi öldüren her kesiň şeýtmek bilen Hudaýa hyzmat edýändirin öýtjek wagty geler.
3Bu işleri ederler, sebäbi olar ne Atany, ne-de Meni tanaýarlar.
4Ýöne Men bulary özüňize aýdandygymy wagty gelende ýatlarsyňyz diýip aýtdym. Özüm ýanyňyzda bolanym üçin size bu zatlary başda aýtmandym.
5Indi bolsa Men Özümi Iberene barýaryn. Sizden hiç kim „Nirä barýarsyň?" diýip soramaýar.
6Ýöne bu zatlary aýdanym üçin siziň ýüregiňiz gaýgydan dolandyr.
7Muňa garamazdan, Men size hakykaty sözleýärin: Meniň gitmegim size peýdadyr, Men gitmesem, Göwünlik Beriji size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin.
8Ol gelende, günä, dogrulyk we höküm babatda dünýäniň ýalňyşandygyny aýan eder.
9Günä babatda olaryňky nädogry, çünki Maňa iman etmeýärler.
10Dogrulyk babatda-da olaryňky nädogry, çünki Men Atama barýaryn, mundan beýläk Meni görmersiňiz.
11Höküm babatda-da olaryňky nädogry, çünki bu dünýäniň hökümdary höküm edilendir.
12Size aýtjak ýene köp zatlarym bar, ýöne häzir siz olary göterip bilmersiňiz.
13Emma Hakykat Ruhy gelende, Ol size bütin hakykata tarap ýol görkezer, çünki Ol Öz-Özünden aýtmaz, näme eşitse, şony aýan eder, geljek zatlary size bildirer.
14Meni şöhratlandyrar, çünki Ol Meniňkiden alyp, size bildirer.
15Atamyň nämesi bar bolsa Meniňkidir. Şuňa görä-de, Meniňkiden alyp, size bildirer diýýärin.
16Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, ýene az wagtdan soň Meni görersiňiz, çünki Men Atama barýaryn».
17Şonda Isanyň şägirtleriniň käbirleri biri-birine şeýle diýdiler: «Onuň „Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, ýene az wagtdan soň Meni görersiňiz", „Atama barýaryn" diýenine nähili düşünmelikä?
18Az wagtdan soň diýdigi nämekä? Onuň aýdýanyna biz düşünmeýäris».
19Isa Özüne sorag bermek isleýändiklerini bilip şeýle diýdi: «Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, ýene az wagtdan soň Meni görersiňiz diýýänim üçin biri-biriňize sorag berýärsiňizmi?
20Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, siz möňňürip aglarsyňyz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gaýgylanarsyňyz, ýöne gaýgyňyz şatlyga öwrüler.
21Aýal dogurjak wagty gam-gussa çekýändir, çünki sagady gelendir, ýöne dogranyndan soň, ol bir adamyň dünýä inendiginiň şatlygy bilen gaýgy-gussany unudar.
22Siz barada hem şeýle, siziň-de häzir gaýgyňyz bar, emma Men sizi ýene görerin, göwnüňiz galkynar, hiç kim şatlygyňyzy sizden almaz.
23Şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz. Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Atadan näme dileseňiz, Meniň adymyň hatyrasyna Ol ony size berer.
24Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar.
25Men bu zatlary size tymsallar bilen aýtdym, ýöne wagt geler, Men tymsallar bilen geplemän, Ata barada aç-açan gürrüň bererin.
26Şol gün Meniň adym bilen dilärsiňiz. Men siziň üçin Atadan dilärin diýmeýärin.
27Çünki Atanyň Özi sizi söýýär, sebäbi, siz Meni söýýärsiňiz, Meniň Atadan gelendigime iman edýärsiňiz.
28Men Atadan çykyp, dünýä geldim. Indi bolsa dünýäni terk edip, Ata barýaryn».
29Onuň şägirtleri şeýle diýdiler: «Ine, indi Sen hiç bir tymsalsyz, açyk sözleýärsiň.
30Biz Seniň ähli zatlary bilýändigiňi indi bilýäris, hiç kimiň Senden soramagyna zerurlyk ýok. Şoňa görä-de, Seniň Hudaýdan gelendigiňe iman edýäris».
31Isa olara şeýle diýdi: «Indi iman edýärsiňizmi?
32Ine, wagt geler, hawa, geldi hem, ähliňiz öýüňize-iliňize dagap gidersiňiz, Meni ýeke galdyrarsyňyz. Ýöne Men ýeke däldirin, çünki Ata Meniň bilendir.
33Bu zatlary Mende parahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, emma mert boluň. Men dünýäni ýeňendirin».