Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
26 verses
1Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini Göge dikip, şeýle diýdi: «Eý Ata, pursat geldi, Ogluň-da Seni şöhratlandyrar ýaly, Ony şöhratlandyr.
2Çünki Seniň Oňa berenleriňiň ählisine ebedi ýaşaýyş bersin diýip, Sen Ogla bütin adamzat üstünden häkimiýet berdiň.
3Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr.
4Maňa tabşyran işiňi berjaý etmek bilen, Seni Ýer ýüzünde şöhratlandyrdym.
5Eý Ata, dünýä döremezden öň huzuryňda Maňa bolan şöhrat bilen indi Meni huzuryňda şöhratlandyr.
6Men dünýäden Maňa beren Öz adamlaryňa Seniň adyňy tanatdym. Olar Seniňkidir, olary Maňa Sen berdiň, olar Seniň sözüňi tutdular.
7Indi olar Maňa beren ähli zatlaryňyň Sendendigini bilýärler.
8Çünki Maňa tabşyran sözleriňi olara ýetirdim. Olar kabul etdiler, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler. Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler.
9Olar üçin ýalbarýaryn. Dünýä üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir.
10Meniň ähli zadym Seniňkidir, Seniňki-de Meniňkidir, Men olar arkaly şöhratlandym.
11Indi Men bu dünýäde däl, ýöne olar entek dünýäde. Men Saňa gaýdyp barýaryn. Eý Mukaddes Ata, Maňa berenleriňi Öz adyň bilen gora, olar-da biziň ýaly bolsunlar.
12Men olar bilen bile bolan wagtym Maňa berenleriňi Seniň adyň bilen gorap sakladym. Ýazgy berjaý bolar ýaly, heläkçilik oglundan başga olaryň hiç biri heläk bolmady.
13Men indi Saňa barýaryn. Men bu zatlary dünýädekäm şatlygym olarda doly bolsun diýip aýdýaryn.
14Men olara Seniň sözüňi berdim, dünýä olary ýigrendi, çünki Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler.
15Olary dünýäden almagyňy däl-de, ýamanlykdan goramagyňy dileýärin.
16Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler.
17Olary hakykatyň bilen mukaddes et. Seniň sözüň hakykatdyr.
18Seniň Meni dünýä iberişiň ýaly, Men-de olary dünýä iberdim.
19Men Özümi olar üçin niýetleýärin, olar-da hakykat bilen mukaddes bolsun.
20Men diňe olar üçin däl, eýsem, olaryň sözi bilen Maňa iman etjekler üçin-de dileg edýärin.
21Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniň-de Sende bolşum ýaly, olar-da bizde bolsun, şeýlelikde, Meni Seniň iberendigiňe dünýä iman eder.
22Maňa beren şöhratyňy Men-de olara berdim, biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun.
23Men olarda we Sen Mendesiň. Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütinleý birlikde bolsun.
24Eý adyl Ata, Seniň Maňa berenleriň-de, bolan ýerimde Meniň bilen bile bolup, Maňa beren şöhratyňy görmeklerini isleýärin, çünki Sen Meni dünýä döremezden öň söýüpdiň.
25Eý dogry Ata, dünýä Seni tanamady, emma Men Seni tanadym, bular hem Meni Seniň iberendigiňi bildiler.
26Seniň Maňa bolan söýgiň olarda bolsun, Men-de olarda bolaýyn diýip, adyňy olara bildirdim we bildirerin».