Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
16 verses
1Amytaý ogly Ýunusa Rebbiň sözi geldi:
2«Hany bol, Ninewä – ol beýik şähere git-de, onuň halkynyň günäkärdigini jar et, çünki olaryň betpälligi Maňa aýan boldy».
3Ýöne Ýunus Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin ýola düşdi. Ol Ýopa şäherine gelip, Tarşyşa gidýän bir gämi tapdy. Gäminiň ýol kireýini töledi we Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin, ol gämiçiler bilen bile gämä mündi.
4Emma Reb deňze güýçli ýel iberdi; deňizde elhenç gaý turdy we gämi çagşara geldi.
5Gämiçileri gorky gaplap aldy; olaryň hersi öz hudaýyny çagyrmaga başlady. Gämini ýeňletmek üçin, olar ýüklerini deňze taşladylar. Ýunus bolsa aşakda, gäminiň içki ammarynda süýji uka gidipdi.
6Gäminiň başlygy onuň ýanyna gelip: «Heý! Sen näme ýatyrsyň? Tur, öz hudaýyňy çagyr. Belki, onuň rehmi inip, bizi halas eder» diýdi.
7Şol wagt gämiçiler biri-birlerine: «Geliň, bije atalyň-da, haýsymyz sebäpli bu bela duçar bolandygymyzy bileliň» diýişdiler. Şeýlelikde, olar gurra taşladylar. Gurra Ýunusa düşdi.
8Onsoň: «Sen bize aýt, näme sebäpli bu bela sataşdyk? Bu ýerde näme işläp ýörsüň? Nireden gelýärsiň? Sen nireli? Haýsy halkdan bolarsyň?» diýip, olar ondan soradylar.
9Ýunus bulara: «Deňzi we gury ýeri ýaradan Gökdäki Hudaý Rebbe sygynýaryn. Men ýewreýdirin» diýip jogap berdi.
10Soňra gämiçiler juda gorkdular we Ýunusa: «Näme üçin beýtdiň?» diýdiler. (Sebäbi Ýunus olara özüniň Rebbiň nazaryndan gaçyp barýandygyny aýdypdy.)
11Deňiz gitdigisaýy gazaba münýärdi. Gämiçiler Ýunusa: «Deňiz köşeşer ýaly, biz seni näme edeli?» diýdiler.
12Ýunus olara: «Bu gaýa duçar bolmagyňyza özümiň sebäpkärdigimi men bilýärin. Meni göteriň-de, suwa taşlaň, şonda deňiz köşeşer» diýdi.
13Olar ýetişibildiklerine kürekläp, kenara çykmaga dyrjaşýardylar, ýöne bu olara başartmaýardy, çünki deňiz gitdigisaýy güýçli çyrpynyp, olara garşylyk görkezýärdi.
14Şondan soň olar Rebbi çagyrmaga durdular: «Ýa Reb, bu adamyň jany üçin bizi heläk etme, bularyň hemmesi Seniň islegiň bilen boldy. Şoňa görä, bizi nähak gana galdyrma».
15Soňra bolsa Ýunusy göterdiler-de, deňziň düýbüne goýberdiler. Deňiz dessine köşeşdi.
16Gämiçiler Rebden gaty gorkdular; Oňa gurbanlyk berdiler we Oňa gulluk etmäge kasam içdiler.