Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1Şondan soň Reb uly bir balyga Ýunusy ýuwutmagy emr etdi. Ýunus üç gije-gündizläp balygyň garnynda boldy.
2Soňra Ýunus balygyň garnyndan öz Hudaýy Rebbe ýüzlenip, şeýle doga okady: «Jebir çekenimde, ýa Reb, çagyrdym Seni. Jogap berdiň maňa.
3Ölüler diýarynyň goýnundan çagyrdym Seni, Eşitdiň Sen nalamy.
4Çuňluga, deňizleriň bagryna taşladyň meni. Gurşady suwlar meni. Ähli güýçli tolkunlaryň Üstümden geçdi meniň.
5Şonda nazaryňdan kowuldym diýdim, Eý, Seniň mukaddes ybadathanaňy Ýene nädip görerin diýdim.
6Suw kekirdegime geldi. Ýesir düşdüm çuňluga. Başyma çolaşdy deňiz otlary.
7Indim daglaryň köküne. Gapylary baky ýapylýan ýere düşdüm. Ýöne, eý Hudaýym Reb, janymy çuňlukdan halas etdiň.
8Ýa Reb, jandan umyt üzenimde, Seni çagyrdym. Öz mukaddes ybadathanaňda sözümi eşitdiň.
9Puç butlara sygynanlar Öz wepalylygyny terk etdiler.
10Men welin alkyşly aýdymlar bilen Saňa gurbanlyk bererin. Kasamymy berjaý ederin. Gutulyş Rebdendir».
11Reb balyga emr etdi. Balyk Ýunusy gury ýere gusdy.