Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
50 verses
1Ikinji gezek şimgon tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň mülki ýahuda tiresiniň mülk ýeriniň içinden düşdi.
2Şimgon tiresiniň mülk ýerleri şular bolupdyr: Beýerşeba, Şeba, Molada,
3Hasarşugal, Bala, Esem,
4Eltolat, Betul, Horma,
5Ziklag, Beýtmarkabot, Hasarsusa,
6Beýtlebaot, Şaruhen – obalary bilen bile on üç gala.
7Aýyn, Rimmon, Eter, Aşan – obalary bilen bile dört gala.
8Bagalatbegeriň we Negep çölündäki Ramanyň daş-töweregindäki obalar hem şoňa girýärdi. Şimgon tiresiniň öz uruglaryna görä alan mülk ýerleri, ine şulardyr.
9Şimgon tiresine mülk ýer ýahudalaryň paýyndan bölünip berildi. Ýahudalaryň ýer paýlarynyň özlerinden artykdygy sebäpli, şimgon tiresi mülk ýerini olaryň paýyndan aldy.
10Üçünji gezek zebulun tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň mülk ýeriniň araçägi Saryda çenli uzalýar.
11Araçäk günorta Margala çenli gidip, Dabbeşede baryp ýetýär we Ýoknegamyň gündogar akymyna gelýär.
12Soň Saryddan yzyna gaýdyp, günüň dogýan tarapyna Kislot-tabora gelýär. Ol ýerden Daberada gelip, Ýapyýa tarap ýokary çykýar.
13Ol ýerden gündogara Gathepere we Etkazyna tarap geçýär, soňra Rimmona tarap dowam edip, Nega tarap öwrülýär.
14Demirgazyk araçäk Hannatona tarap aýlanyp, Ýyptahel jülgesinde gutarýar.
15Katat, Nahalal, Şimron, Ýydala, Beýtullaham – obalary bilen bile on iki gala.
16Zebulun tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýeri, olaryň galalary we obalary, ine şulardyr.
17Dördünji gezek ysakar tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
18Olaryň ýerine şular degişlidir: Ýizregel, Kesullot, Şunem,
19Haparaýym, Şiýon, Anaharat,
20Rabyt, Kişýon, Ebes,
21Remet, Eýngannym, Eýnhadda, Beýtpazzes.
22Araçäk Tabora, Şahasuma, Beýtşemeşe ýanaşyp, Iordanda gutarýar – obalary bilen bile alty gala.
23Ysakar tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýerleri, galalary we obalary, ine şulardyr.
24Bäşinji gezek aşer tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
25Olaryň araçägi Helkat, Haly, Beten, Akşap,
26Alammelek, Amat, Mişal; günbatar Karmel dagyna çenli we Şihorlybnat galasyna çenli baryp ýetýär.
27Soňra araçäk yzyna gündogara Beýtdagona tarap aýlanyp, Zebuluna, Ýyptahel jülgesine, demirgazykda Beýtemege we Negiýele barýar. Soňra ol demirgazykda Kabula,
28Ebrona, Rehoba, Hammona, Kana we Beýik Sidona çenli dowam edýär.
29Şundan soň serhet Rama öwrülip, berk Sur galasyna gelýär we ýene-de yzyna Hosa tarap aýlanyp, Ortaýer deňzinde gutarýar. Olaryň ýerlerine Mahalap, Akzyp, Umma, Apek, Rehop ülkeleri hem degişlidir. Olar obalary bilen bile jemi ýigrimi iki galadyr.
31Aşer tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýerleri, galalary we obalary, ine, şulardan ybaratdyr.
32Altynjy gezek naftaly tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
33Olaryň araçägi Helepden, Saganannymdaky dub tokaýlaryndan, Adamynekepden we Ýabneýelden Lakkuma çenli gelip, ol Iordanda gutarýar.
34Serhet günbatara Aznottabora öwrülip, soň Hukoga barýar, günorta tarapdan Zebuluna, günbatar tarapdan bolsa Aşere we gündogar tarapdan Iordanyň ýakasynda bolan Ýahuda ýanaşýar.
35Olara degişli bolan berk galalar şulardyr: Sidim, Ser, Hammat, Rakat, Kinneret,
36Adama, Rama, Hasor,
37Kedeş, Edreý, Eýnhasor,
38Ýyron, Migdalel, Horem, Beýtanat we Beýtşemeş – obalary bilen bile on dokuz gala.
39Bu bolsa naftaly tiresiniň uruglaryna görä düşen mülk ýerleri, olaryň galalary we obalarydyr.
40Ýedinji gezek dan tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
41Olaryň paýyna düşen mülk ýerler şulardan ybarat: Sorga, Eştawol, Irşemeş,
42Şagalbyn, Aýalon, Ýytla,
43Eýlon, Timna, Ekron,
44Elteke, Gibeton, Bagalat,
45Ýehut, Beneýberak, Gatrimmon,
46Meýýarkon we Ýafonuň garşysyndaky ýerler bilen Rakon.
47Emma dan tiresine öz ýerlerini eýelemek agyr düşdi, olar Leşeme garşy söweşe çykyp, ony basyp aldylar. Olary gylyçlap öldürip, ýerlerini özlerine mülk edip aldylar we ol ýerde ýerleşdiler. Olar Leşeme Dan diýip, atalary Danyň adyny goýdular.
48Ine, bu bolsa dan tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýerleri, olaryň galalary we obalarydyr.
49Mülk ýerleri araçäkläp bölüp gutaranlaryndan soň, ysraýyllar öz aralaryndan Nunuň ogly Ýeşuwa mülk paý berdiler.
50Olar oňa Rebbiň buýrugy boýunça Efraýym daglygyndaky Timnatserah galasyny berdiler. Bu galany onuň özi sorapdy. Ýeşuwa bu galany täzeden gurup, ol ýerde ornaşdy.
51Ine, şular Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Şiloda Rebbiň huzurynda Ysraýyl tirelerine bije boýunça paýlap beren mülk ýerleridir. Şeýlelik bilen, olar ýerleri paýlamak işini gutardylar.