Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
9 verses
1Reb Ýeşuwa şeýle diýdi:
2«Ysraýyllara aýt: Men size Musanyň üsti bilen gaçybatalga galalary barada aýdypdym. Şolaryň haýsy galalar bolmalydygyny siz öz araňyzda kesgitläň.
3Tötänlikden ýa-da ýalňyşlyk bilen adam öldüren ganhor ol ýere gaçyp, özüni gorap biler. Goý, ol galalar ganhorlar üçin öldürileniň hossaryndan gaçybatalga bolsun.
4Kimde-kim şol galalaryň birine gaçyp barsa, ol adam galanyň girelgesinde, derwezäniň agzynda durup, şol galanyň ýaşulularyna eşitdirip, öz ýagdaýyny habar bersin. Olar ol adamy öz ýaşaýjylarynyň biri hökmünde kabul edip, oňa öz aralarynda galada ýaşamaga orun bererler.
5Eger-de onuň yzyndan öldürileniň hossary ar almak üçin gelse, onda galadaky ýaşulular ganhory onuň eline bermeli däldirler, sebäbi ganhor onuň ýakynyny bilkastlaýyn öldürmändir. Öldüren adamy bilen onuň öň hiç hili duşmançylygy bolmandyr.
6Jemagat üýşüp, ganhor barada höküm çykarýança we tä şol wagtky baş ruhany ölýänçä, goý, ol şol galada ýaşabersin. Soňra ol gaçyp gaýdan galasyna, öz öýüne dolanyp biler».
7Şeýlelik bilen, olar Naftaly daglygynda Jelilede Kedeş galasyny, Efraýym daglygynda Şekemi we Ýahuda daglygynda Kirýatarbany (ýagny Hebron) bellediler.
8Şeýle hem Iordan derýasynyň aňyrsyndan Ýerihonyň gündogarynda olar ruben tiresinden düzlükdäki çölde ýerleşýän Beseri, gat tiresinden Gilgatdaky Ramody, manaşe tiresinden Başandaky Golany bellediler.
9Bu galalar ähli ysraýyllar üçin we olaryň arasynda ýaşaýan gelmişekler üçin bellenildi, ýagny kimde-kim ýalňyşlyk bilen adam öldüren bolsa, şol galalara gaçyp baryp, başyny gutaryp biler. Jemagat adalatly höküm çykarýança, ol ganhor öldürileniň hossarynyň elinden ölmez.