Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
48 verses
1Isa Eriha girip, onuň içinden geçip barýardy.
2Ine, ol ýerde baş salgytçy bolan Zakkaý atly bir baý adam bardy.
3Zakkaý Isanyň kimdigini görjek boldy, ýöne märeke zerarly görüp bilmedi, çünki boýy gysgady.
4Şeýlelikde, Ony görmek üçin ylgap, öňe geçdi-de, bir ýabany injir agajynyň üstüne çykdy, çünki Isa şol ýoldan gelýärdi.
5Isa ol ýere gelende, ýokary seredip, Oňa: «Zakkaý! Tiz aşak düş, çünki Men bu gün seniň öýüňde galmaly» diýdi.
6Ol hem tiz aşak düşüp, Ony şatlyk bilen kabul etdi.
7Halaýyk muny görüp: «Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip, hüňürdemäge başladylar.
8Zakkaý bolsa galyp, Rebbe: «Ine, ýa Reb! Men baýlygymyň ýarysyny garyplara berýärin. Kimiň-de zadyny aldaw bilen alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp bereýin» diýdi.
9Isa oňa şeýle diýdi: «Bu gün bu öýe gutulyş geldi, çünki bu adam hem Ybraýymyň ogullarynyň biri.
10Ynsan Ogly ýitenleri agtaryp, halas etmäge gelendir».
11Bu zatlary diňläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözüniň üstüni ýetirdi. Çünki Ol Iýerusalimiň golaýyndady, halaýyk hem Hudaýyň Patyşalygy tiz görner diýip güman edýärdi.
12Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir asylzada özüne patyşalyk alyp geljek bolup, bir uzak ýurda ýola düşýär.
13Ol hyzmatkärlerinden onusyny çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň" diýip, on mina pul berýär.
14Emma ildeşleri ony ýigrenýän eken. Onuň yzyndan ilçiler iberip: „Bu adamyň biziň üstümizden patyşalyk etmegini islemeýäris" diýýärler.
15Ol patyşalygy alyp, yzyna gelende, kimiň näme gazananyny biljek bolup, pul beren hyzmatkärlerini ýanyna çagyrýar.
16Birinjisi gelip, şeýle diýýär: „Aga! Seniň bir minaň ýene on mina gazandy".
17Oňa: „Berekella, ýagşy hyzmatkär! Az zatda sadyk bolanyň üçin, on şähere häkim bol" diýýär.
18Ikinjisi gelip: „Aga! Seniň bir minaň ýene bäş mina gazandy" diýýär.
19Muňa hem: „Sen-de bäş şähere häkim bol" diýýär.
20Onsoň beýlekisi gelip, şeýle diýýär: „Aga! Ine, seniň bir minaň, men ony elýaglyga düwüp sakladym.
21Çünki hyrsyz adamdygyň üçin senden gorkdum. Sen goýmadygyňy alýarsyň, ekmedigiňi orýarsyň".
22Agasy oňa şeýle diýýär: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyň bilen höküm ederin! Sen meniň hyrsyz adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň?
23Onda öwrülip gelenimde, peýdasy bilen alar ýaly, pulumy näme üçin pul işledýänlere bermediň?"
24Onsoň ol ýerde duranlara diýýär: „Minany ondan alyň-da, on minala beriň".
25Oňa: „Aga, onuň özünde on mina bar!" diýýärler.
26Ol jogap berýär: „Men size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.
27Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň"».
28Isa bulary aýdyp bolansoň, öňe düşüp, Iýerusalime tarap ugrady.
29Zeýtun diýen dagyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa golaýlanda, şägirtlerinden ikisini ýollap, şeýle diýdi:
30Öňüňizdäki oba baryň. Oba gireniňizde daňylgy duran bir taýhar taparsyňyz, üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Şony çözüň-de, alyp geliň.
31Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?" diýip sorasa: „Bu taýhar Rebbe gerek" diýiň».
32Ýollananlar gidip, baryny Onuň aýdyşy ýaly tapdylar.
33Taýhary çözüp durkalar, onuň eýeleri: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýip soradylar.
34Olar hem: «Bu taýhar Rebbe gerek» diýdiler.
35Taýhary Isanyň ýanyna getirip, öz egin-eşiklerini onuň üstüne atdylar-da, Isany oňa mündürdiler.
36Ol gidip barýarka, halk öz eginbaşlaryny ýola düşeýärdi.
37Isa Zeýtun dagynyň eňňidine golaýlanda, şägirtleriň bary gören bütin mugjyzalaryna begenip, Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar.
38Olar: «Rebbiň adyndan gelýän Patyşa gutly bolsun! Gökde parahatlyk, iň ýokarlarda şöhrat!» diýýärdiler.
39Halaýygyň arasyndan käbir fariseýler Isa: «Mugallym! Şägirtleriňe käýe!» diýdiler.
40Emma Ol: «Size aýdýaryn: olar dymsa, daşlar gygyryşar» diýdi.
41Isa Iýerusalim şäherine golaýlanda, ony görüp aglady.
42Diýdi: «Wah, sen, hawa, sen nämäniň özüňe parahatlyk getirjegini şu günüňde bir bilseňdiň! Ýöne ol entek seniň gözleriňden gizlin.
43Seniň başyňa şeýle günler geler: duşmanlaryň daşyňa garymlar gazyp, seni gurşar, her ýandan gysyp-gowrar.
44Seni, içiňdäki çagalary ýere ýegsan eder, içiňde daş üstünde daş goýmaz, çünki sen Hudaýyň özüňe gelen wagtyny bilmediň».
45Onsoň Isa ybadathana girip, ol ýerdäki satyjylary kowmaga başlady.
46Olara: «„Meniň öýüm doga öýüdir" diýip ýazylgydyr, siz muny garakçylaryň sürenine öwürdiňiz» diýdi.
47Ol her gün ybadathanada sapak berýärdi. Baş ruhanylar, kanunçylar we halkyň baştutanlary bolsa Ony heläk etmegiň küýündediler.
48Ýöne munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, çünki bütin halk Onuň agzyna garaýardy.