Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
43 verses
1Hemişe doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda hem Isa Öz şägirtlerine bir tymsal aýtdy:
2Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan, adamlary äsgermeýän bir kazy bar eken.
3Şol şäherde bir dul hatyn hem bar eken. Ol gelip: „Dawagärimden meniň hakymy alyp ber" diýýär.
4Kazy birnäçe wagtlap etmeýär. Soň bolsa öz-özüne şeýle diýýär: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de,
5üznüksiz gelip, meni bizar etmez ýaly, bu dul hatynyň hakyny alyp bereýin. Çünki maňa köp ezet berýär"».
6Reb şeýle diýdi: «Adalatsyz kazynyň aýdýanyna gulak asyň.
7Hudaý gije-gündiz Özüne ýüz tutup, perýat edýän saýlananlarynyň hakyny almazmy? Olaryň hakyny almagy gijikdirermi?
8Size diýýärin: haklaryny tiz alar. Emma Ynsan Ogly gelende ýeriň ýüzünden iman taparmy?»
9Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly aýtdy:
10Iki adam doga etjek bolup, ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý, biri-de salgytçy eken.
11Fariseý durup, öz içinden şeýle doga edýär: „Eý Hudaý! Men başga adamlar kimin talaňçy, egri, zynagär we bu salgytçy ýaly-da däldigime şükür edýärin.
12Men hepdede iki gezek oraza tutýaryn, bütin girdejimden zekat berýärin".
13Salgytçy bolsa daşda durýar. Ol gabagyny Göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, ýöne gursagyna urup: „Eý Hudaý! Men günäkäre rehim et!" diýýär.
14Size aýdýaryn, fariseý däl, şu adam aklanyp, öýüne gidýär, çünki her kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler».
15Kiçijik çagalara elini degirsin diýip, olary Isanyň ýanyna getirýärdiler. Şägirtleri muny görenlerinde olara käýediler.
16Emma Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň. Çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr.
17Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyň Patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez».
18Bir başlyk Ondan: «Ýagşy Mugallym! Men ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady.
19Isa oňa şeýle jogap berdi: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Bir Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir.
20Sen tabşyryklary bilýänsiň: zyna etme, adam öldürme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, ataňy, eneňi syla».
21Ol: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin» diýdi.
22Isa muny eşidende oňa: «Seniň ýene bir zadyň kem. Nämäň bar bolsa, baryny sat-da, garyplara paýla, Gökde hazynaň bolar. Onsoň gel, Meniň yzyma düş» diýdi.
23Ol bu sözleri eşidende, gaty tukat boldy, çünki çakdanaşa baýdy.
24Isa onuň tukatlygyny görüp, şeýle diýdi: «Barlylara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!
25Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi, barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr».
26Muny eşidenler: «Onda kim gutulyp biler?» diýdiler.
27Ol: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar, Hudaý üçin mümkindir» diýdi.
28Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýdi.
29Isa olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Patyşalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny ýa-da oglan-uşagyny taşlap,
30bu zamanda köp essesini we geljek döwürde ebedi ýaşaýşy almajak ýokdur».
31Isa on iki şägirdi çete çekip, şeýle diýdi: «Ine, biz Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly hakda pygamberler arkaly ýazylanlaryň hemmesi berjaý bolar!
32Çünki Ol milletlere tabşyrylar. Olar Oňa gülerler, masgaralarlar, Onuň üstüne tüýkürerler we Ony gamçylap öldürerler.
33Ýöne ölenden üç günden soň Ol direler».
34Şägirtler bu zatlaryň hiç birine düşünmediler. Bu sözleriň manysy olardan gizlenipdi. Olar Onuň näme hakda gürrüň edýänini bilmediler.
35Isa Eriha golaýlanda, ýoluň kenarynda bir kör adam dilegçilik edip otyrdy.
36Ol halaýygyň gapdalyndan geçip barýanyny eşidip: «Bu näme?» diýip sorady.
37Oňa: «Nasyraly Isa geçip barýar» diýip habar berdiler.
38Ol hem: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy.
39Öňden barýanlar sesini çykarmasyn diýip, oňa käýediler, ýöne ol öňküden hem gaty: «Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy.
40Isa durdy-da, ol adamy getirsinler diýip, buýruk berdi. Ol golaý gelende, Isa ondan:
41«Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Ýa Reb! Gözüm görsün» diýdi.
42Isa oňa: «Gözüň görsün! Imanyň saňa şypa berdi» diýdi.
43Onuň gözleri derrew görensoň, Hudaýy şöhratlandyrdy-da, Isanyň yzyna düşüp gidiberdi. Bütin halaýyk muny görüp, Hudaýa alkyş okady.