Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
37 verses
1Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamlaryň günä etmegine sebäp bolýan zatlaryň gelmezligi mümkin däl, ýöne olary getiren adamyň gününe waý!
2Bu çagalaryň biriniň günä etmegine sebäp bolmakdan boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanmak onuň üçin oňat bolardy.
3Habardar boluň! Doganyň günä etse, oňa käýe, toba etse, ony bagyşla.
4Ol saňa garşy günde ýedi gezek günä etse, ýedi gezek-de ýanyňa gelip: „Toba edýärin!" diýse, ony bagyşla».
5Resullar Rebbe: «Biziň imanymyzy köpelt!» diýdiler.
6Reb şeýle diýdi: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Şu ýerden goparyl-da, deňizde göger!" diýsediňiz, ol size gulak asar.
7Emma sizden kim ýer sürýän ýa-da çopançylyk edýän hyzmatkäri bolup, ol düzden öýe gelende: „Tiz gel-de, saçak başyna geç" diýer?
8Gaýtam, oňa: „Meniň agşamlygymy taýýarla, biliňi guşa-da, iýip-içýänçäm, maňa gulluk et, sen onsoň iýip-içersiň" diýmezmi?
9Buýruklaryny berjaý edeni üçin, ol hyzmatkäre minnetdarlyk bildirermi? Güman etmeýärin.
10Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz dereksiz hyzmatkärlerdiris, biz diňe öz wezipämizi berjaý etdik" diýiň».
11Isa Iýerusalime tarap barýarka, Samariýa bilen Jelile arasyndaky serhediň boýy bilen gitdi.
12Baryp bir oba girende, Oňa endamy pis açan on adam sataşdy. Olar daşda durup,
13gaty ses bilen: «Isa Ussat, bize rehim et!» diýdiler.
14Isa olary görüp: «Baryň, ruhanylara görnüň» diýdi. Olar ýoldakalar keselden gutuldylar.
15Olaryň biri sagalanyny görende, gaty ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp yzyna öwrüldi.
16Ol Isanyň aýagyna ýüzin ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy.
17Isa şeýle diýdi: «Keselden gutulanlar on dälmidi? Galan dokuzy hany?
18Bu ýat adamdan başga yzyna öwrülip, Hudaýy şöhratlandyran bolmadymy?»
19Onsoň oňa: «Tur, git, imanyň seni halas etdi» diýdi.
20Fariseýler Hudaýyň Patyşalygynyň haçan geljegini ondan soranlarynda, Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýyň Patyşalygy ne göze görnüp geler,
21ne-de „Ine, bu ýerde!" ýa-da „Ine, ol ýerde!" diýerler. Çünki Hudaýyň Patyşalygy siziň içiňizdedir».
22Onsoň şägirtlerine şeýle diýdi: «Ynsan Oglunyň günlerinden birini görmegi küýsejek wagtyňyz gelýär, ýöne ony görmersiňiz.
23Size: „Ine, şu ýerde" ýa-da „Ine, ol ýerde" diýerler. Gitmäň, olaryň yzyna düşmäň!
24Çünki ýyldyrym Gögüň bir ujundan çakyp, ol ujuny-da nähili ýagtyldýan bolsa, Ynsan Ogly hem Öz gününde şeýle bolar.
25Ýöne Ol öňürti köp görgi görmeli, bu nesil tarapyndan ret edilmelidir.
26Nuhuň günlerinde nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň günlerinde-de şeýle bolar.
27Adamlar Nuhuň gämä münen gününe deňeç iýýär, içýär, öýlenýär we äre çykýardylar. Soň tupan turup, hemmesini dargatdy.
28Lutuň günlerinde hem şonuň ýaly boldy: adamlar iýýär, içýär, alýar, satýar, ekýär we dikýärdiler.
29Emma Lutuň Sodomdan çykan güni Gökden ot bilen kükürt ýagyp, hemmesini dargatdy.
30Ynsan Oglunyň görünjek gününde hem şeýle bolar.
31Şol gün özi öýüň üçeginde bolup, zatlary öýüň içinde bolan adam olary aljak bolup, aşak inmesin. Şonuň ýaly, ekin meýdanyndaky hem yzyna öwrülmesin.
32Lutuň aýalyny ýada salyň!
33Kim janyny saklamaga çalyşsa, ony ýitirer, kim janyny ýitirse, ony diri saklar.
34Size aýdýaryn: ol gije bir düşekde iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar.
35Bilelikde galla üweýän iki aýal bolar, biri alnar, ol biri goýlar.
36Ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar».
37Oňa ýüzlenip: «Ýa Reb, nirede?» diýdiler. Ol hem: «Maslyk nirede bolsa, garaguşlar hem şol ýere üýşüşýändir» diýip jogap berdi.