Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
31 verses
1Isa şägirtlerine ýüzlenip şeýle diýdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bar eken. Oňa: „Iş dolandyryjyň seniň mal-mülküňi dargadýar" diýip şikaýat edýärler.
2Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen barada meniň bu eşidýänlerim näme! Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, çünki sen indi iş dolandyryjy bolup bilmeýärsiň" diýýär.
3Iş dolandyryjy öz-özüne şeýle diýýär: „Näme ederkäm? Agam meniň işimi elimden alýar. Gazy gazmagy başarmaýaryn, dilenmäge utanýaryn.
4Işimi elden beremde, halk meni öýüne kabul eder ýaly, näme etjegimi bilýärin".
5Şeýlelikde, agasyna bergili adamlary ýekän-ýekän çagyryp, birinjisine: „Meniň agama näçe bergiň bar?" diýýär.
6Ol: „Ýüz çanak zeýtun ýagy" diýýär. Oňa: „Borçnamaňy al, derrew otur-da, şony elli edip ýaz" diýýär.
7Onsoň başga birine: „Seniň näçe bergiň bar?" diýýär. Ol hem: „Ýüz çanak bugdaý" diýip jogap berýär. Oňa-da: „Borçnamaňy al-da, şony segsen edip ýaz" diýýär.
8Agasy bu hilegär iş dolandyryjyny paýhasly hereket edeni üçin öwýär. Çünki bu döwrüň ogullary öz nesline garşy hereket etmekde nur ogullaryndan paýhaslydyr.
9Size aýdýaryn: mal-mülküňiz tükenende, olar sizi ebedi mesgenlere kabul eder ýaly, dünýäniň hileli baýlygy bilen dost gazanyň».
10Az zatda ynamly bolan köp zatda hem ynamlydyr, az zatda hilegär bolan köp zatda hem hilegärdir.
11Şeýlelikde, dünýäniň hileli baýlygynda ynamly bolmadyk bolsaňyz, çyn baýlygy size kim ynanar?
12Kesekiniň maly barada ynamly bolmadyk bolsaňyz, özüňiziňkini size kim berer?
13Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Çünki ol ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem mammona hyzmat edip bilmersiňiz».
14Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isa güldüler.
15Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, ýöne Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlar arasynda ýokary saýylýan zat Hudaý ýanynda ýigrenjidir.
16Kanun we Pygamberler ýazgylary Ýahýanyň zamanyna çenli bildirildi. Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habary şondan bäri wagyz edilip gelinýär, her kim zor bilen oňa girýär.
17Emma Gök bilen Ýeriň geçip gitmegi Mukaddes Kanundan ýekeje nokadyň gaçyp galmagyndan aňsatdyr.
18Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen her kes zyna edýändir, ärinden aýrylan aýala öýlenen-de zyna edýändir».
19Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy we nepis keteniden tikilen eşikler geýnip, her gününi toý-meýlisde geçirer eken.
20Onuň gapysynyň agzynda tutuş bedenini baş tutan Lazar atly bir gedaý ýatar eken.
21Ol baýyň saçagyndan dökülen owuntyklary iýmegiň arzuwynda eken. Itler hem gelip, onuň başyny ýalar eken.
22Gedaý ölende, perişdeler ony Ybraýymyň gujagyna äkidýärler. Soň baý hem ölüp, jaýlanýar.
23Ol dowzahda gynalyp ýörkä, gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy, onuň gujagyndaky Lazary görýär.
24Şonda gygyryp: „Eý, Ybraýym ata! Maňa rehim et, Lazary iber, barmagynyň başyny suw bilen ölläp, meniň dilimi sowatsyn. Çünki bu ýalynda azap çekýärin" diýýär.
25Emma Ybraýym şeýle diýýär: „Eý ogul! Sen öz ýaşaýşyňda oňat zatlar alanyňy, Lazaryň bolsa erbet zatlar alanyny ýadyňa sal, indi ol bu ýerde rahatlyk görýär, sen azap çekýärsiň.
26Mundan başga hem, bu ýerden siz tarapa geçjek bolýanlar, ol ýerden hem biz tarapa geçjek bolýanlar geçip bilmez ýaly, biz bilen siziň araňyzda uly uçut goýlupdyr".
27Ol-da şeýle diýýär: „Eý ata! Haýyş edýärin, ony meniň atamyň öýüne iber.
28Çünki meniň bäş doganym bar. Olar bu gynalýan ýere gelmez ýaly, Lazar baryp habar etsin".
29Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň, pygamberleriň ýazgylary bar, şolara gulak assynlar" diýýär.
30Ol hem: „Ýok, eý Ybraýym ata! Olar diňe ölülerden biri ýanlaryna barsa, toba ederler" diýýär.
31Ybraýym oňa şeýle diýýär: „Olar Musa hem pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar"».