Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
32 verses
1Bütin salgytçylardyr günäkärler Isanyň aýdýanlaryny diňlejek bolup, Onuň daşyna üýşüşýärdiler.
2Fariseýler bilen kanunçylar bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen bile nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler.
3Onsoň Isa olara şu tymsaly aýtdy:
4Sizden biriniň ýüz goýny bar we olaryň birini ýitirýär diýeli. Ol togsan dokuzysyny düzde goýup, tapýança, ýiteniň yzyndan gitmezmi?
5Tapanda bolsa ony begenç bilen gerşine alyp,
6öýüne geler. Onsoň dostlaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň. Men ýiten goýnumy tapdym" diýer.
7Size aýdýaryn: şunuň ýaly, toba eden ýeke günäkär üçin, Gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin bolan şatlykdan uly bolar».
8Ýa-da bir aýalyň on sany kümüş puly bar we olaryň birini ýitirýär diýeli. Ol çyrany ýakyp, öýi süpürip, tapýança, dykgat bilen ony gözlemezmi?
9Tapanda bolsa öz joralaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň. Men ýitiren pulumy tapdym" diýer.
10Şonuň ýaly, Men hem size aýdýaryn: toba eden ýeke günäkär üçin Hudaýyň perişdeleriniň arasynda şatlyk bolar».
11Isa ýene-de şeýle diýdi: «Bir adamyň iki ogly bar eken.
12Kiçi ogly kakasyna: „Kaka, mal-mülkden maňa ýetenini ber" diýýär. Kakasy hem baýlygyny ogullarynyň arasynda bölýär.
13Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir daş ýurda gidýär, ol ýerde aýşy-eşretde ýaşap, mal-mülküni sowurýar.
14Baryny sowandan soň, ýaňky ýurda gaty açlyk düşüp, ol mätäçlik çekmäge başlaýar.
15Şeýlelikde, baryp, şol ýurtlularyň birine günlükçi bolýar. Ol hem ony öz örülerine doňuz bakmaga ýollaýar.
16Oglanyň doňuzlaryň iýýän kösükleri bilen garnyny doýrasy gelýär, ýöne oňa hiç kim bermeýär.
17Ol ahyrsoňy aýňalyp, öz-özüne şeýle diýýär: „Kakamyň günlükçilerinden birenteginiň artykmaç çörekleri bar, men bolsam bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün!
18Kakamyň ýanyna baryp oňa: kaka, Men Hudaýa hem saňa garşy günä etdim.
19Men indi seniň ogluň diýilmäge mynasyp däl, meni öz günlükçileriňden biri ýaly et" diýeýin.
20Turup, kakasynyň ýanyna gidýär. Entek daşdaka, kakasy ony görüp, oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar.
21Ogly oňa: „Kaka, men Hudaýa hem saňa garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge mynasyp däl" diýýär.
22Emma kakasy hyzmatkärlerine şeýle tabşyryk berýär: „Derrew iň gowy dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük, aýaklaryna çaryk beriň.
23Baga bakylan göläni getiriň-de, damagyny çalyň, iýip şatlanalyň!
24Çünki meniň bu oglum ölüdi, direldi, ýitipdi, tapyldy". Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar.
25Onuň uly ogly ekin meýdanynda eken. Gelip, öýe golaýlanda, aýdym-saz hem tans sesi gulagyna ilýär.
26Hyzmatkärleriň birini ýanyna çagyryp, munuň nämedigini soraýar.
27Ol hem oňa: „Doganyň geldi. Kakaň ony sag-aman yzyna alany üçin, baga bakylan göläniň damagyny çaldy" diýýär.
28Ol gaharlanyp, içerik girmejek bolýar. Kakasy daşaryk çykyp, oňa ýalbarýar.
29Emma ol kakasyna jogap berip diýýär: „Ine, näçe ýyldyr men saňa hyzmat edýärin, seniň buýruklaryňa hiç haçan garşy çykamok. Muňa garamazdan, öz dostlarym bilen şatlyk eder ýaly, sen maňa hiç haçan bir çebiş hem bermediň.
30Emma bütin baýlygyňy ahlaksyz aýallara ýoklan bu ogluň gelende, sen onuň üçin baga bakylan göläniň damagyny çalýarsyň".
31Kakasy oňa: „Oglum, sen hemişe meniň ýanymda, meniň bar zadym seniňki.
32Ýöne şatlyk edip, begenişmek gerek, çünki doganyň ölüdi, direldi, ýitipdi, tapyldy"» diýýär.